Nikasyzlygyňy gowy peýdalan
«Muny kabul edip bilen kabul etsin» (MAT. 19:12).
1, 2. a) Isa Mesih, Pawlus resul we başga mesihçiler sallahlyga nähili garady? b) Näme üçin käbirler nikasyzlygy sowgat hasaplamaýar?
ELBETDE, nika Hudaýyň adamlara beren ajaýyp sowgady (Sül. tym. 19:14). Emma maşgala gurmadyk mesihçileriň köpüsi hem şatlanyp, durmuşyndan kanagat tapýarlar. 95 ýaşly öýlenmedik Harold atly dogan şeýle diýýär: «Adamlar bilen wagtymy geçirmegi gowy görüp, myhmansöýer bolsam-da, ýeke galanymda ýekesiremeýärin. Men, dogrudan-da, sallahlygy sowgat hasaplaýaryn».
2 Isa Mesih bilen Pawlus resul hem nikasyzlygy sowgat hasaplaýardy (Matta 19:11, 12; 1 Korintoslylar 7:7-nji aýatlary okaň). Ýöne durmuş gurmadyklaryň ählisi nikasyzlygy öz ygtyýary bilen saýlamaýar. Käte mesihçiler göwnüne laýyk ýanýoldaş tapyp bilmeýär. Käbirleri bolsa birnäçe ýyl bile ýaşaşansoň, aýrylyşmagy ýa-da ýanýoldaşynyň aradan çykmagy sebäpli, birdenkä ýeke galýar. Şeýle ýagdaýda sallahlyk nädip sowgat bolup biler? Maşgala gurmadyk mesihçiler sallahlygyndan nädip gowy peýdalanyp biler?
Ajaýyp sowgat
3. Maşgala gurmadyk mesihçileriň köplenç nähili mümkinçiligi bolýar?
3 Maşgala guranlara garanda, köplenç maşgalasyz mesihçileriň erkinligi we wagty köp bolýar (1 Kor. 7:32—35). Bu olara köpräk wagyz etmäge, dogan-uýalara söýgüsini artdyrmaga we Ýehowa has ýakynlaşmaga gowy mümkinçilik berýär. Şol sebäpli ençeme mesihçiler nikasyzlygyň gadyryny bilip, wagtlaýyn bolsa-da «muny (nikasyzlygy) kabul etmegi» ýüregine düwdüler. Käbir mesihçiler başda maşgala gurmazlygyň pikirini etmese-de, ýagdaýynyň üýtgändigi sebäpli, bu barada doga edip, Ýehowanyň kömek etjekdigine düşünip, maşgala gurmak barada oýlanmazlygy «ýüregine berk düwdüler» (1 Kor. 7:37, 38).
4. Näme üçin maşgala gurmadyk mesihçiler kemsinmän, Hudaýa gulluk edip bilýär?
4 Maşgala gurmadyk dogan-uýalar Ýehowa we onuň guramasy üçin gadyrly bolar ýaly, durmuş gurmak hökman däldigini bilýär. Hudaý biziň her birimizi söýýär (Mat. 10:29—31). Bizi Hudaýyň söýgüsinden hiç kim we hiç zat aýryp bilmeýär (Rim. 8:38, 39). Maşgalaly we maşgala gurmadyk mesihçileriň ählisi kemsinmän, Hudaýa gulluk edip bilýär.
5. Nikasyzlyk sylagyndan gowy peýdalanar ýaly näme etmeli?
5 Nikasyzlyk sylagyndan gowy peýdalanar ýaly tagalla etmeli. Şu günler öz islegine ýa-da ýagdaýyna görä, maşgala gurmadyk ýaş we gartaşan mesihçiler nikasyzlygyndan nädip peýdalanyp biler? Geliň, I asyrdaky käbir mesihçileriň mysalyna seredip, olardan näme öwrenip bolýandygyny bileliň.
Ýaşlykda maşgala gurmadyk mesihçiler
6, 7. a) Filipusyň çykmadyk gyzlary nähili hormatly gullugy ýerine ýetirdiler? b) Timoteos sallahlygyndan nädip peýdalandy we ýaşlygynda yhlasly gulluk edeni üçin nähili bereketler aldy?
6 Hoş Habarçy Filipusyň çykmadyk dört gyzy kakasy ýaly yhlasly wagyz edýärdi (Res. iş. 21:8, 9). Pygamberlik etmek mukaddes ruhuň täsin sowgatlarynyň biridi we şol gyzlar bu sowgatdan peýdalanyp, Ýowel 2:28, 29-njy aýatlardaky pygamberligi berjaý etdi.
7 Ýaş mesihçi Timoteos hem sallahlygyndan peýdalanypdy. Ol çagalykdan ejesi Ewnikiden we enesi Loisden «Mukaddes Ýazgylary» öwrenipdi (2 Tim. 1:5; 3:14, 15). Megerem, olar takmynan b. e. 47-nji ýylynda Pawlus Listra birinji gezek gelende mesihçi bolandyr. Iki ýyldan soň Pawlus ikinji gezek gelende, Timoteos 20 ýaşlaryndady. Onuň ýaşdygyna we hakykaty ýaňy bilendigine garamazdan, Listradaky hem-de Konýadaky ýaşulularyň arasynda «ýagşy ady bardy» (Res. iş. 16:1, 2). Şol sebäpli Pawlus Timoteosy missioner gullugyna äkitdi (1 Tim. 1:18; 4:14). Biz Timoteosyň soňra öýlenendigini anyk bilmeýäris. Emma ol ýaşlygyna garamazdan, Pawlusyň teklibini höwes bilen kabul edendigini hem-de öýlenmän ençeme ýyl missioner we aýlanýan gözegçi bolup gulluk edendigini bilýäris (Flp. 2:20—22).
8. Markus lakamly Ýahýa ruhy maksatlaryna nädip ýetdi we nähili bereketler aldy?
8 Ýaş mesihçi Markus lakamly Ýahýa hem sallahlygyndan gowy peýdalanypdy. Ol I asyrda ejesi Merýem we doganoglany Barnabas bilen Iýerusalimdäki ýygnakda gulluk edýärdi. Markus baý maşgaladandy, sebäbi olaryň şäherde öýi we hyzmatkäri bardy (Res. iş. 12:12, 13). Muňa garamazdan, ol ýaşlygynda öz peýdasyny gözlemeýärdi. Markus öýlenip, öýli-işikli bolup, rahat ýaşamaga hem dyrjaşmaýardy. Onuň ýaşlykdan resullar bilen dostlaşmagy, missioner bolmaga höweslendiren bolmaly. Şeýdip, ol Pawlus we Barnabas bilen birinji missioner gullugyna gidip, kömek etdi (Res. iş. 13:5). Soňra Markus Barnabas bilen hyzmatdaşlyk etdi, biraz soňra bolsa, Petrus bilen Babylda gulluk etdi. (Res. iş. 15:39; 1 Pet. 5:13). Biz Markusyň näçe wagtlap öýlenmändigini bilmeýäris. Ýöne ol adamlara we Hudaýa höwes bilen köp gulluk edip, at-abraý gazandy.
9, 10. Şu günler maşgala gurmadyk ýaş mesihçileriň Hudaýa köpräk gulluk etmäge nähili mümkinçilikleri bar? Mysal getiriň.
9 Şu günler hem maşgala gurmadyk mesihçi ýaşlaryň köpüsi Hudaýa şatlyk bilen gulluk edýär. Olar Markus we Timoteos ýaly «pikiriňi dagatman, Rebbe berilmäge» sallahlygyň mümkinçilik berýändigine minnetdar (1 Kor. 7:35). Bu uly hormat. Durmuş gurmadyk dogan-uýalaryň pioner bolup gulluk etmek, wagyzçylaryň ýetmeýän ýerinde wagyz etmek, başga dil öwrenmek, Patyşalyk Zallarynyň hem filiallaryň gurluşygyna gatnaşmak, Gullugy kämilleşdiriş mekdebinde okamak we Beýtelde gulluk etmek ýaly mümkinçilikleri bar. Sen henizem maşgala gurmadyk bolsaň, şu mümkinçiliklerden peýdalanarmyň?
10 Markus atly dogan ýigrimi ýaşy dolmanka, pioner bolup gulluk edip başlady, soňra ol Gullugy kämilleşdiriş mekdebini gutaryp, bütin dünýäde gullugyň her-hili görnüşinde hyzmat etdi. 25 ýyl doly wagt gulluk edenini ýatlap, ol şeýle diýýär: «Men ýygnakda hemmeleri ruhlandyrmaga jan edýärin, olar bilen wagyz edýärin, ýaşulular bilen olary ideýärin, myhmançylyga çagyrýaryn, olar ruhy taýdan abatlanar ýaly oturyşyklar edýärin. Men bu zatlara begenýärin». Markusyň sözlerinden, bermegiň almakdan bagtly edýändigi we doly wagt mukaddes gullugyň adamlara bermäge ençeme mümkinçilik döredýändigi görünýär (Res. iş. 20:35). Şu günler sen ýaşlaryň aladasyny edip, olar bilen ukybyňy we tejribäňi paýlaşsaň, zähmetiň Rebde boş bolmaz (1 Kor. 15:58).
11. Durmuş gurmaga howlukmazlygyň näme peýdasy bar?
11 Ýaşlaryň köpüsi iň soňy durmuş gurmakçy bolsa-da, howlukmasalar gowy bolar. Pawlus resul ýaşlara jynsy höwesi güýçli bolýan «ýaşy geçýänçe» garaşmagy maslahat berdi (1 Kor. 7:36). Özüňi gowy tanap, göwnüňe laýyk ýanýoldaş saýlar ýaly we tejribäň bolar ýaly wagt gerek. Nika wadasy ömürlik berilýändigi üçin, oňa çynlakaý garamaly (Wag. 5:2—5).
Gartaşan ýaşda nikasyzlyk
12. a) Anna atly dul hatyn durmuşy üýtgände näme etdi? b) Anna nähili hormata mynasyp boldy?
12 Injiliň Luka kitabynda agzalýan Anna atly aýal, äri bilen ýedi ýyl ýaşaşansoň, onuň biwagt ölümine örän gynanan bolmaly. Onuň çagalarynyň bolandygyny ýa-da täzeden maşgala gurmak isländigini biz bilmeýäris. Mukaddes Ýazgylarda onuň 84 ýaşynda hem dul bolandygy aýdylýar. Mukaddes Ýazgylara görä, Annanyň durmuşy üýtgände, ol Ýehowa has ýakynlaşdy diýse bolar (Luka 2:36, 37). Ol durmuşynda Hudaýy birinji orunda goýýardy. Anna dogumlylygy bilen hem-de tagalla edip, bol bereketler aldy. Ol Isany çagaka görüp, Mesihiň tizden gutulyş berjekdigini adamlara gürrüň berip, hormata mynasyp boldy (Luka 2:38).
13. a) Dorkasyň ýygnakda yhlasly bolandygyny näme görkezýär? b) Dorkas eden ýagşylygy we beren sowgatlary üçin nädip sylaglandy?
13 Iýerusalimiň demirgazyk-günbatarynda ýerleşýän Ýafa diýen port şäherinde Tabita, ýa-da Dorkas atly aýal ýaşaýardy. Mukaddes Ýazgylarda onuň äri barada aýdylmaýar, belki şol wagt ol durmuşa çykan däldir. Dorkasyň eden ýagşy işleri we beren sowgatlary gaty köpdi. Ol mätäç dul we başga aýallara köýnek tikýärdi, şol sebäpli ony örän gowy görýärdiler. Dorkas birden keselläp ölende, ýygnakdaky ähli dogan-uýalar Petrusyň yzyndan iki adamy iberip, mähriban uýany direltmegi haýyş etdiler. Dorkasyň direlendigi hakynda Ýafada habar ýaýranda, köp adamlar Hudaýa iman etdiler (Res. iş. 9:36—42). Dorkas şol adamlaryň käbirine köp ýagşylyk eden bolmaly.
14. Durmuş gurmadyk mesihçilere Ýehowa ýakynlaşmaga näme kömek edýär?
14 Şu günlerem Anna we Dorkas ýaly ýygnakdaky gartaşan uýalaryň köpüsi maşgalasyz. Käbirleri göwnüne laýyk ýanýoldaş tapyp bilmedi. Käbirleri bolsa aýrylyşdy ýa-da dul galdy. Maşgala gurmadyk mesihçiler ýanýoldaşyna bil baglap bilmeýändigi üçin, köplenç Ýehowa has bil baglamagy öwrenýärler (Sül. tym. 16:3). Durmuşa çykmadyk Silwiýa atly uýa 38 ýyldan gowrak Beýtelde gulluk edýändigini Hudaýyň berekedi hasaplaýar. Ol şeýle diýýär: «Käte men güýçli bolmakdan ýadaýaryn. Şonda: «Kim meni ruhlandyrarka?» diýip pikir edýärin. Maňa nämäniň gerekdigini Ýehowanyň menden gowy bilýändigine ynamym, oňa ýakynlaşmaga kömek edýär. Ýehowa meni hemişe goldaýar, käte bolsa, garaşylmadyk ýerden kömek gelýär». Biz Ýehowa ýakynlaşmaga tagalla edenimizde, ol hemişe jogap berýär we onuň mähirli aladasy duýulýar.
15. Durmuş gurmadyk mesihçiler adamlara söýgüsini nädip artdyryp biler?
15 Nikasyzlyk mesihçilere «göwnüni giň tutmaga (söýgüsini artdyrmaga, TD)» aýratyn mümkinçilik berýär (2 Korintoslylar 6:11—13-nji aýatlary okaň). 34 ýyldan bäri doly wagt gulluk edýän durmuşa çykmadyk Jölen atly uýa şeýle diýýär: «Men diňe öz deň-duşlarym bilen däl, eýsem, ähli ýaşdaky dogan-uýalar bilen dostlaşmaga tagalla edýärin. Nikasyzlyk Ýehowa, maşgalaňa, dogan-uýalara we goňşulara bermäge ajaýyp mümkinçilik döredýär. Ýaşym gitdigiçe durmuşa çykmadygyma begenýärin». Ýygnakdaky gartaşan, ýaramaýan, çagalaryny ýeke terbiýeleýän, ýaş dogan-uýalar we başga mesihçiler durmuş gurmadyk dogan-uýalaryň kömek edýänine minnetdar. Biz adamlara söýgimizi bildirende, özümizi gowy duýýarys. Sen adamlara söýgiňi artdyrmak üçin näme edip bilersiň?
Ömürlik nikasyzlyk
16. a) Näme üçin Isa öýlenmedi? b) Pawlus resul nikasyzlygyndan nädip paýhasly peýdalandy?
16 Isa öýlenmän, Hudaýyň beren ýumşuny ýerine ýetirdi. Ol hemme ýerlere aýlanyp, irden giç agşama çenli zähmet çekdi we ahyry janyny gurban berdi. Isa öýlenmändigi üçin Hudaýyň beren işini ýerine ýetirip bildi. Pawlus resul hem müňlerçe kilometr syýahat edip, gullukda agyr synaglara duş geldi (2 Kor. 11:23—27). Belki, ol öň öýlenen bolsa-da, resul bolandan soň öýlenmezligi ýüregine düwdi (1 Kor. 7:7; 9:5). Isa Mesih bilen Pawlus resul dogan-uýalara Hudaýa gulluk eder ýaly mümkin boldugyndan, özleriniň göreldesine eýermegi maslahat berýär. Olaryň ikisi hem Hudaýa gulluk etmek üçin öýlenmegi gadagan etmedi (1 Tim. 4:1—3).
17. Şu günler käbir mesihçiler Isa bilen Pawlusyň göreldesine nädip eýerýär we Ýehowanyň pida edýän mesihçileri gymmat saýýandygyna näme üçin ynanyp bileris?
17 Şu günler käbir mesihçilerem Hudaýa köpräk gulluk eder ýaly maşgala gurmaýar. Makalanyň başynda agzalan Harold atly dogan 56 ýyldan gowrak Beýtelde gulluk edýär. Ol şeýle diýýär: «Men ilkinji on ýyl Beýtelde gulluk edende, är-aýallaryň köpüsiniň ýaramandygy ýa-da ata-enesiniň gartaşandygy sebäpli, olara seretmek üçin Beýtelden gidenine üns berdim. Meniň atam-enem bolsa, eýýäm ýogalypdy. Beýtelde gulluk etmegi şeýle gowy görýärdim welin, muňa hiç zat päsgel bermez ýaly, öýlenmezligi ýüregime düwdüm». Ençeme ýyl pioner bolup gulluk edýän Margaret atly uýa hem şeýle diýýär: «Durmuşa çykmaga mende birnäçe mümkinçilik bolupdy, emma muňa wagtym ýokdy. Men durmuşa çykmandygym üçin arkaýyn köp wagyz edýärdim we şatlanýardym». Hudaýa gulluk etmek üçin janyny aýaman, pida edýän şeýle mesihçileri Ýehowa hiç haçan unutmaz (Işaýa 56:4, 5-nji aýatlary okaň)a.
Ýagdaýyňdan doly peýdalan
18. Mesihçiler maşgala gurmadyk dogan-uýalary nädip goldap biler?
18 Ýehowa ýürekden gulluk edýän maşgala gurmadyk mesihçileriň ählisi, biziň öwgimize we goltgymyza mynasyp. Biz olary gowy häsiýetleri bildirýändigi üçin söýýäris we ýygnakda edýän işiniň gadyryny bilýäris. Biz, maşgala gurmadyk mesihçilere hakykatdanam ruhy «doganlar uýalar, eneler... oglan-uşaklar» bolsak, olar hiç haçan ýekesiremez (Markus 10:28—30-njy aýatlary okaň).
19. Nikasyzlygy nädip gowy peýdalanyp bolar?
19 Siz öz islegiňiz ýa-da käbir ýagdaýa görä, maşgala gurmadyk bolsaňyz, Mukaddes Ýazgylardan we häzirki mesihçileriň durmuşyndan getirilen mysallar, durmuşdan kanagat tapyp, bagtly bolup bilýändigiňize ynanmaga kömek eder. Adamlar käbir sylaglary örän isleýär, käbirlerine bolsa, asla garaşmaýar. Käbir sylaglar derrew kabul edilýär, käbirleriniň bolsa, wagtyň geçmegi bilen gadyry bilinýär. Aslynda, köp zat adamyň garaýşyna bagly. Nikasyzlygyňdan sen nädip gowy peýdalanyp bilersiň? Ýehowa ýakynlaş, Hudaýa köpräk gulluk et we adamlara söýgiňi artdyr. Nikasyzlyga Hudaý ýaly garasak, ony paýhasly peýdalanarys.
a Işaýa 56:4 Ýehowa şeýle diýýär: «Ýedinji gün dynç alýan, meniň halaýan zatlarymy edýän we ähtimi berjaý edýän agtalara 5. öýümde, diwarlarymda ogullardan we gyzlardan gowy ýadygärlik hem-de at bererin. Men olara ebedi, hiç haçan ýitmeýän at bererin».
Ýadyňyzdamy?
• Nikasyzlyk nädip sowgat bolup biler?
• Ýaşlara nikasyzlyk nähili bereketler berýär?
• Maşgala gurmadyk mesihçileriň Ýehowa ýakynlaşmaga we söýgüsini artdyrmaga nähili mümkinçilikleri bar?