Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2012
w12 15/11 sah. 10—14
Isanyň kiçigöwünliliginden görelde alyň
«Siz-de Meniň size edişim ýaly edersiňiz diýip, Men size görelde görkezdim» (ÝAHÝA 13:15).
1, 2. Isa ýerdäki ömrüniň soňky gijesi resullaryna nähili görelde görkezdi?
ISANYŇ ýerdäki ömrüniň iň soňky gijesidi. Ol resullary bilen Iýerusalimdäki bir jaýyň ýokarky otagyndady. Şol gün agşam olar iýip-içip otyrkalar, Isa nahar başyndan turup, donuny çykardy-da, bir ýaglyk bilen bilini guşady. Onsoň, bir legene suw guýdy-da, şägirtleriň aýaklaryny ýuwup, guşanan ýaglygy bilen olary süpürmäge durdy. Olaryň aýaklaryny ýuwup bolanyndan soň, donuny geýip, ol ýene-de saçak başynda oturdy. Isa näme üçin şeýle iň pes derejeli işi etdikä? (Ýahýa 13:3—5).
2 Isanyň özi şeýle düşündirdi: «Size näme edenime düşünýärsiňizmi? Siz Maňa „Mugallym“ we „Reb“ diýip, dogry edýärsiňiz, sebäbi Men şolduryn. Men Reb we Mugallym bolup, siziň aýagyňyzy ýuwan bolsam, onda siz-de biri-biriňiziň aýagyny ýuwmalysyňyz. Çünki siz-de Meniň size edişim ýaly edersiňiz diýip, Men size görelde görkezdim» (Ýahýa 13:12—15). Isa şeýle pes derejeli işi etmek bilen, resullaryny kiçigöwünli bolmaga höweslendirýän ýatdan çykmajak görelde galdyrdy.
3. a) Isa iki ýagdaýda pesgöwünliligiň wajypdygyny nädip nygtady? b) Biz şu makaladan näme öwreneris?
3 Isa resullarynyň aýagyny ýuwanda, kiçigöwünli bolmagyň wajypdygyny birinji gezek görkezmändi. Mundan öň hem, käbir şägirtleri olaryň haýsynyň uludygy barada jedel etdiler. Şonda Isa bir çagany aldy-da, ýanynda duruzdy. Onsoň olara şeýle diýdi: «Kim bu çagany Meniň adymdan kabul etse, Meni kabul etdigidir. Kim-de Meni kabul etse, Meni Ýollany kabul etdigidir. Siziň araňyzda kim hemmeden kiçi bolsa, ol uly bolar» (Luka 9:46—48). Mundan başga-da, Isa fariseýleriň özüni başgalardan beýik tutýandygyny bilip: «Kim özüni beýgeltse, peseler, özüni peseltse, beýgeler» diýdi (Luka 14:11). Elbetde, Isa şägirtleriniň kiçigöwünli bolmagyny isleýärdi. Ol şägirtleriniň özlerini başgalardan beýik hem has gerekli saýyp, ulumsy bolmagyny islemeýärdi. Geliň, Isa ýaly pesgöwünli bolmak üçin, onuň galdyran göreldesini ünsli öwreneliň. Şeýle-de kiçigöwünliligiň diňe bir özümize däl-de, başgalara-da berýän peýdasy hakda oýlanalyň.
«MEN... YZA ÇEKILMEDIM»
4. Isa ýere gelmänkä kiçigöwünlidigini nädip görkezdi?
4 Hudaýyň ýeke-täk Ogly ýer ýüzüne gelmezinden öň hem, pesgöwünlidigini görkezdi. Ol ýere gelmezinden öň sansyz-sajaksyz ýyllap gökdäki Atasynyň ýanynda boldy. Işaýa kitabynda Ogul bilen Atanyň arasynda bolan ýakyn gatnaşyk barada şeýle diýilýär: «Mejalsyzlara söz bilen ýardam ederim ýaly Hökmürowan Reb maňa dana dil berdi. Ol dana adamlar deý diňlesin diýip, gulagymy oýarýar her säher. Hökmürowan Reb gulagymy açdy, men garşy çykmadym, yza çekilmedim» (Iş. 50:4, 5). Isa Ýehowanyň öwredýän zatlaryny ünsli diňlemek bilen özüniň pesgöwünlidigini görkezdi. Onuň Hudaýdan öwrenmäge güýçli islegi we taýynlygy bardy. Şeýle-de ol Ýehowanyň günäli adamlara rehimdarlyk bildirip, pesgöwünlilik görkezişini synlan bolmaly.
5. Isa Iblis bilen jedelleşende kiçigöwünlidigini nädip görkezdi?
5 Hemme perişdeler Isa ýaly pesgöwünli bolmady. Şeýtan Iblis bolan bir perişde, Ýehowadan öwrenmek islemedi. Ol özüni başgalardan artyk hasaplap, ulumsy boldy. Diýmek, onda pesgöwünlilik ýokdy. Netijede, ol Ýehowa garşy pitne turuzdy. Isa bolsa özüni örän başgaça alyp barýardy. Ol berlenden artyk wezipäni edinjek bolmady we hiç haçan häkimiýetini öz peýdasyna ulanmady. Mysal üçin, Mukaddes Ýazgylarda Isa bilen Şeýtanyň arasynda Musanyň jesedi barada jedel turandygy aýdylýar. Şol wagt Isa Mikaýyl atly uly ygtyýarly perişde bolsa-da, özüni kiçigöwünli we pespäl alyp bardy. Ol Älemiň Beýik Kazysy Ýehowanyň ähli zady öz wagtynda isleýşi ýaly çözjekdigine ynanýardy (Ýahuda 9-y okaň).
6. Mesih hökmünde gulluk etmäge razylaşyp, Isa pesgöwünlidigini nädip görkezdi?
6 Isa gökde ýaşaýarka, Mesih baradaky ähli pygamberlikleri öwrenipdi. Eýýäm şol wagt ol özüniň görgi baryny görjegini bilen bolsa gerek. Muňa garamazdan, Isa ýer ýüzünde Mesih hökmünde ýaşap, ölmäge razydy. Näme üçin? Pawlus resul Hudaýyň ýalňyz Oglunyň kiçigöwünligi barada şeýle diýdi: «Isa Mesih Hudaýyň tebigatyna eýe bolsa-da, ony Özüne dereje saýmady, ondan mäkäm ýapyşmady. Gaýtam, bir gul kimin bolup, ynsan keşbinde bu dünýä indi, Ol Özüni asla hiç etdi» (Flp. 2:6, 7).
YNSAN BOLUP, ÖZÜNI KIÇELTDI
Biz kiçigöwünli Isadan näme öwrenýäris?
7, 8. Isa çagalygynda we ýer ýüzünde gulluk edende pesgöwünlidigini nädip görkezdi?
7 Pawlusyň aýtmagyna görä, Isa «sypatda ynsan bolup, ölüme, hatda haç üstündäki (jebir pürsündäki, TD) ölüme-de boýun egip, Özüni kiçeltdi» (Flp. 2:8). Ol çaga wagtyndan başlap, bize pesgöwünli bolmakda görelde galdyrdy. Mysal üçin, Isanyň ata-enesi Ýusup we Merýem bikämil bolsa-da, Isa «olaryň tabynlygynda galdy» (Luka 2:51). Öz ata-enesine gulak asyp, Hudaýyň patasyny alýan ýaşlara, gör nähili ajaýyp görelde!
8 Isa ulalanda-da, öz islegini däl-de, Ýehowanyň islegini birinji orunda goýup, kiçigöwünlidigini görkezdi (Ýahýa 4:34). Isa Mesih ýerde gulluk eden wagty, Hudaýyň hakyky adyny tutýardy we ak ýürekli adamlara Ýehowanyň häsiýetleri hem-de adamzat babatda niýetlerini bilmäge kömek edýärdi. Ol diňe bir adamlara Hudaýy razy etmegi öwretmek bilen çäklenmän, eýsem, özi hem şoňa görä ýaşaýardy. Mysal üçin, ol şägirtlerine doga etmegi öwredende, şeýle diýdi: «Eý, Gökdäki Atamyz! Adyň mukaddes bolsun» (Mat. 6:9). Görşümiz ýaly, Isa şägirtlerine ähli zatdan öň Ýehowanyň adyny şöhratlandyrmagyň wajypdygyny düşündirdi. Onuň özi hem edil şonuň ýaly etdi. Ýerdäki ömrüniň ahyrky günlerinde Isa şeýle diýip bildi: «Adyňy olara bildirdim we bildirerin» (Ýahýa 17:26). Onsoňam, Ýehowa kömek etmese, Isa hiç zat edip bilmejekdigini ençeme gezek aýtdy (Ýahýa 5:19).
9. Zakarýa pygamber Mesih barada nähili welilik etdi we bu Isada nädip ýerine ýetdi?
9 Zakarýa pygamber Mesih barada şeýle welilik etdi: «Şatlan, eý, Siýon gyz, şatlan! Eý, Iýerusalim gyzy, belent owaz bilen gygyr! Ine, patyşaň saňa tarap gelýär. Adyl hem ýeňijidir Ol! Ol bir eşege, eşegiň-de taýharyna münüp, pes göwünlilik bilen saňa gelýär» (Zak. 9:9). Isa b. e. 33-nji ýylynda Pesah baýramyndan öň Iýerusalime girende, bu pygamberlik ýerine ýetdi. Märekäniň köpüsi öz egin-eşiklerini ýola ýazýardy, käsi-de agaçlardan şahalar kesip, ýola düşeýärdi. Garaz, onuň şähere girenini eşidip, adamlar uly galagoplyga düşdüler. Hatda adamlar ony öz Patyşasy hökmünde uly şowhun bilen garşy alsalar-da, Isa kiçigöwünligine galdy (Mat. 21:4—11).
10. Isa ölýänçä Atasyna gulak asyp, nämäni subut etdi?
10 Isa Mesihiň Hudaýa gulak asyşy we pesgöwünliligi pürse çüýläp öldürenlerinde, has-da aýdyň boldy. Şeýdip, Isa adamlaryň agyr synaglarda-da Ýehowa wepaly galyp biljekdigini subut etdi. Şeýle hem ol Şeýtanyň adamlar Ýehowa diňe öz bähbidi üçin gulluk edýärler diýen sözüniň ýalandygyny görkezdi (Eýýup 1:9—11; 2:4). Mundan başga-da, Isa Atasyna doly gulak asyp, Ýehowanyň tabşyryklarynyň dogrudygyny we onuň iň gowy Hökümdardygyny tassyklady. Elbetde, Ýehowa şeýle pesgöwünli Oglunyň birkemsiz wepadarlygyny görüp begenendir (Suleýmanyň tymsallary 27:11-i okaň).
11. Isa Mesihiň töleg gurbany oňa iman edýän adamlara nähili mümkinçilik döretdi?
11 Şeýle hem Isa öz janyny gurban berip, adamlaryň günäsi üçin töleg töledi (Mat. 20:28). Isanyň töleg gurbany arkaly, Ýehowa biziň günälerimizi geçip, ebedi ýaşamaga mümkinçilik berýär. Pawlus şeýle ýazdy: «Bir dogrulyk arkaly-da bütin ynsanlara ýaşaýyş üçin aklanma geldi» (Rim. 5:18). Isanyň ölümi mesh edilen mesihçilere gökde ölmän ýaşamaga, «başga goýunlara» bolsa, ýer ýüzünde ebedi ýaşamaga mümkinçilik döretdi (Ýahýa 10:16; Rim. 8:16, 17).
MEN «PES GÖWÜNLIDIRIN»
12. Isa bikämil adamlar bilen özüni nädip pesgöwünli we ýumşak alyp barýardy?
12 Isa ähli argynlary we agyr ýüklüleri ýanyna çagyryp, şeýle diýýär: «Meniň boýuntyrygymy dakynyň-da, Menden öwreniň, çünki Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar» (Mat. 11:28, 29). Isa pesgöwünli we ýumşak bolany üçin bikämil adamlara mähirli hem hoşamaýlyk bilen ýüzlendi. Ol şägirtlerinden güýjünden artyk zady talap etmeýärdi. Isa olary öwýärdi we ruhlandyrýardy. Onuň özüni alyp barşyndan şägirtler özlerini ukypsyz ýa ýaramsyz ýaly duýmaýardy. Şeýle-de Isa gödek ýa ýüregedüşgünç däldi. Gaýtam, ol: «Meniň boýuntyrygym ýumşakdyr, ýüküm ýeňildir» diýdi. Şeýle diýmek bilen, Isa tabşyryklarynyň gulak asmaz ýaly çendenaşa kyn däldigini düşündirdi. Gaýtam, şägirtleri onuň öwredenlerini diňläp, şoňa görä ýaşasalar, özüni rahat duýjakdygyny aýtdy. Başgaça aýdanyňda, erkekler we aýallar, çagalar hem garrylar Isanyň ýanynda özlerini gowy duýýardylar (Mat. 11:30).
Isa rehimdarlygy bilen tapawutlanýardy
13. Isa kyn ýagdaýlarda ýaşaýan adamlara nädip rehimdarlyk etdi?
13 Isanyň kyn ýagdaýlarda ýaşaýan ysraýyllara rehimi inip, olaryň hemmesine kömek edesi gelýärdi. Ol Erihadan çykyp barýarka, iki sany kör adama duş geldi. Olaryň biriniň ady Bartimaýdy. Olar Isadan erjellik bilen kömek sorap, ýalbardylar. Emma köp adamlar sesini çykarmasyn diýip, olara käýediler. Ýöne Isa olaryň ýalbarşyna biperwaý bolmady. Olara ýüregi gyýyldy we ýanyna çagyryp, ikisiniňem gözüni açdy. Isa bikämil adamlara rehim etdi we kiçigöwünli bolup, Atasy Ýehowa meňzedi (Mat. 20:29—34; Mar. 10:46—52).
«ÖZÜNI PESELDEN BEÝGELER»
14. Isanyň hemişe kiçigöwünli bolmagy nähili bereketler getirdi?
14 Isanyň hemişe kiçigöwünli bolmagy köpler üçin şatlyk we bereket getirdi. Isa Hudaýyň islegini pes göwünli berjaý edýärdi. Ýehowa muňa begenýärdi. Resullar we şägirtler Isanyň özüni ýumşak hem pesgöwünli alyp barşyndan ruhlandylar, teselli tapdylar. Onuň göreldesi, taglymatlary we ýürekden öwgüsi olara ruhy ösüş etmäge itergi boldy. Isa köp adamlara tälim berdi, ruhlandyrdy we olary goldady. Hakykatdanam, Isanyň töleg gurbanyna iman edýän adamlaryň hemmesi ebedi bereketler alarlar.
15. Isanyň kiçigöwünliligi özüne nähili peýda getirdi?
15 Isanyň kiçigöwünli bolmagy özüne-de peýda getirdimi? Hawa, ol şägirtlerine: «Özüni peselden beýgeler» diýdi (Mat. 23:12). Onuň özi bilen bolan ýagdaý bu sözleriň dogrudygyny subut edýär. Pawlus şeýle düşündirdi: «Hudaý Ony juda beýgeldip, Oňa ähli atdan belent ady berdi. Ol muny gökdäkileriň, ýerdäkileriň we ýer astyndakylaryň bary Isanyň adynyň hatyrasyna dyz epsin, her dil Ata Hudaýyň şöhraty üçin Isa Mesihiň Rebdigini ykrar etsin diýip etdi». Isa kiçigöwünli we wepaly bolany üçin, Ýehowa oňa gökdäki hem-de ýerdäki ýaşaýanlaryň hemmesinden ýokary häkimiýeti berdi (Flp. 2:9—11).
ISA «HAKYKAT, KIÇIGÖWÜNLIK... ÜÇIN» ATLANAR
16. Gelejekde Hudaýyň Ogly pesgöwünliligi nädip görkezer?
16 Hudaýyň Ogly gelejekde-de pesgöwünli bolar. Isanyň gökdäki patyşa hökmünde Hudaýyň duşmanlaryna garşy çykyşy barada mezmurçy şeýle diýdi: «Hakykat, mylakatlylyk (kiçigöwünlilik, TD) we dogrulyk üçin şanyňda ýeňişli atlan; sag eliň Saňa gorkunç zatlar öwreder» (Zeb. 45:4). Isa Mesih Armageddonda hakykaty söýýän pesgöwünli we dogruçyl adamlary halas etmek üçin söweşer. Isa Müňýyllyk Patyşalygynyň soňunda «her hili baştutanlygy, her hili häkimiýeti hem gudraty ýok edende» näme bolar? Şondan soň hem kiçigöwünli bolarmy? Elbetde, sebäbi ol «Patyşalygy Ata Hudaýa tabşyrar» (1 Korintoslylar 15:24—28-nji aýatlary okaň).
17, 18. a) Ýehowanyň gullukçylaryna Isanyň kiçigöwünli bolmakda galdyran göreldesine eýermek näme üçin wajyp? b) Indiki makalada haýsy soraglara serederis?
17 Biz barada näme diýip bolar? Biz hem Isanyň göreldesine eýerip, pesgöwünli bolarysmy? Patyşa Isa Mesih Armageddonda diňe pesgöwünli we dogruçyl adamlary halas eder. Şonuň üçin, kiçigöwünli bolmak örän wajyp. Isanyň mysalyndan görnüşi ýaly, bu häsiýeti ösdürsek, özümize we başgalara köp bereketler getirer.
18 Isanyň kiçigöwünli bolmakda galdyran göreldesine eýermäge bize näme kömek eder? Kynçylyklara garamazdan, biz nädip kiçigöwünli bolup bileris? Bu soraglaryň jogabyny indiki makaladan bileris.