MESIHÇILERIŇ DURMUŞY
Hudaýa ýaraýan häsiýetleri ösdürmek. Pesgöwünlilik
NÄME ÜÇIN WAJYP?
- Pesgöwünlilik Ýehowa bilen dostlaşdyrýar (Zb 138:6). 
- Pesgöwünlilik başgalar bilen gowy gatnaşykda bolmaga kömek edýär (Fp 2:3, 4). 
- Tekepbirlik bolsa gaty zyýanly (Sült 16:18; Ezk 28:17). 
NÄDIP ETMELI?
- Maslahat soraň we oňa eýeriň (Zb 141:5; Sült 19:20). 
- Adamlaryň wajyp saýmaýan işlerini höwes bilen ediň (Mt 20:25—27). 
- Ukyplaryňa we borçlaryňa buýsanyp, tekepbirlik etmäň (Rm 12:3). 
Men pesgöwünliligimi nädip has gowy görkezip bilerin?
«BIWEPALYGA ITERÝÄN ZATLARDAN GAÇA DURUŇ. TEKEPBIRLIK» DIÝEN WIDEONY GÖRÜP, AŞAKDAKY SORAGLARA JOGAP BERIŇ:
- Biziň maslahaty kabul edişimizden garaýşymyz barada näme bilse bolýar? 
- Doga bize pesgöwünliligi ösdürmäge nädip kömek edýär? 
- Pesgöwünliligi nädip görkezip bileris?