Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 5/07 sah. 1
  • «Ol ejizlere kuwwat berýändir»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Ol ejizlere kuwwat berýändir»
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Meňzeş maglumat
  • «Ol ejizleri kuwwatlandyrýar»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2018
  • Mukaddes ruh synaglara garşy durmaga we ruhdan düşenimizde güýç berýär
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Ýehowa size güýç-kuwwat berer
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2021
  • Wagyz edip, ruhy taýdan berkeýäris
    Hudaýa gullugymyz — 2009
Başgalary
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 5/07 sah. 1

«Ol ejizlere kuwwat berýändir»

1 Biziň hemmämiz wagtal-wagtal ýadaýarys. Bu diňe bir iş edenden ýa-da işleýändigimizden däl-de, «kyn pursatlarda» ýaşaýandygymyz sebäpli bolýar (2 Tim. 3:1). Ýehowanyň Güwäçileri hökmünde gullukda gowşamaz ýaly, gerekli ruhy güýji nireden alyp bileris? Munuň üçin biz «uly güýji» bar bolan Ýehowa bil baglamaly (Iş. 40:26). Ol ähli zerurlyklarymyzy bilýär we bize ýürekden kömek etmek isleýär (1 Pet. 5:7).

2 Ýehowanyň kömegi. Ýehowa bize mukaddes ruhuny berip berkidýär. Ol bu üstün çykyp bolmaýan güýji arkaly älemi ýaratdy. Eger biz ýadan bolsak, Hudaýyň ruhy «täzeden kuwwat tapmaga» kömek edýär (Iş. 40:31). Şol sebäpli özüňize şeýle sorag beriň: «Haçan men soňky sapar doga edenimde, mesihçi borçlarymy ýerine ýetirer ýaly, mukaddes ruhy aýratyn diledim?» (Luka 11:11—13).

3 Hudaýyň ylhamlanan Sözüni her gün okap, okan zatlarymyz barada oýlanyp, Ýazgylara esaslanan edebiýatlary yzygiderli öwrenip, ruhy taýdan iýmitlensek, «akar suwlar ýakasynda ekilen, miwesini möwsüminde berýän, ýapragy solmaýan agaç ýaly bolarys» (Zeb. 1:2, 3).

4 Şeýle-de Ýehowa bize imandaşlarymyz arkaly «teselli berýär» (Kol. 4:10, 11). Olaryň ýygnaklarda berýän jogaplary, öwüt-nesihatlary we abatlaýjy gürrüňleri bizi berkidýär (Res. iş. 15:32). Ylaýta-da, mesihçi ýaşulular ruhy taýdan kömek edip ruhlandyrýar (Iş. 32:1, 2).

5 Wagyz gullugynda. Ýadap, ruhdan düşen bolsaňyz, wagyz etmegi bes etmäň! Beýleki işlerden tapawutlylykda, yzygiderli wagyz etsek, janymyz dynçlyk tapar (Mat. 11:28—30). Hoş habary wagyz etsek, Hudaýyň Patyşalygyna, ebedi ýaşaýşa we onuň berjek ajaýyp bereketlerine gönükmäge kömek eder.

6 Bu zalym dünýä ýok bolýança etmeli işler kän. «Hudaýyň berýän güýç-kuwwatyna» bil baglap, berk galmaga bizde hemme esas bar (1 Pet. 4:11). Biz «ejizlere kuwwat berýän» Ýehowa Hudaýyň kömegi bilen işimizi tamamlap bileris (Iş. 40:29).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş