Mukaddes ruh synaglara garşy durmaga we ruhdan düşenimizde güýç berýär
«Mukaddes Ruh üstüňize inende, güýç-kuwwat alarsyňyz» (RES. IŞ. 1:8).
1, 2. Isa şägirtlerine nämäni wada berdi we bu olara näme üçin zerurdy?
ISA beren tabşyryklarynyň ählisini, şägirtleriniň öz güýji bilen ýerine ýetirip bilmejekdigini bilýärdi. Wagyz etmegiň möçberini, duşmanlaryň güýjüni, ynsanyň ten ejizliklerini göz öňünde tutsak, şägirtlere ynsan güýjünden artyk güýjüň gerekdigi aýdyň görünýär. Isa göge galmazyndan öň, şägirtlerine: «Mukaddes Ruh üstüňize inende, güýç-kuwwat alyp, Iýerusalimde, bütin Ýahudada, Samariýada, ýeriň tä soňuna çenli Meniň güwälerim bolarsyňyz» diýdi (Res. iş. 1:8).
2 B. e 33-nji ýylynda Isanyň şägirtlerine mukaddes ruh inip, olar Iýerusalimiň ähli ýerinde wagyz edende, bu pygamberlik berjaý boldy. Hiç hili yzarlamalar wagyz işini ýatyryp bilmedi (Res. iş. 4:20). Isa wepaly şägirtlerine, şol sanda bize-de «dünýäniň soňuna çenli» Hudaýyň güýç berjekdigini aýtdy (Mat. 28:20).
3. a) Mukaddes ruh bilen güýjüň tapawudyny görkeziň? b) Ýehowanyň berýän güýji bize näme etmäge kömek edýär?
3 Isa şägirtlerine: «Mukaddes ruh üstüňize inende, güýç-kuwwat alarsyňyz» diýdi. «Güýç» bilen «ruhuň» arasynda tapawut bar. Hudaýyň ruhy, onuň hereket edýän güýji bolup, Hudaýyň islegini berjaý etmek üçin adamlara ýa-da zatlara täsir edýär. Emma güýç-kuwwat — hereket etmek we netije gazanmak ukybyny aňladýar. Güýç-kuwwat kimdir birinde ýa-da bir zatda hereketsiz ýagdaýda bolup, şol arkaly bir maksada ýetilýänçä galyp bilýär. Şol sebäpli mukaddes ruhy batareýa zarýad berýän elektrik toguna, güýji bolsa, zarýad berlen batareýadaky energiýa meňzetse bolýar. Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly gullukçylaryna berýän güýji, her birimize özümizi Hudaýa bagyş edenimize görä ýaşamaga we bize täsir edýän erbet güýçlere garşy durmaga kömek edýär (Mika 3:8; Koloseliler 1:29-njy aýatlary okaň)a.
4. Şu makalada biz nämä serederis we näme üçin?
4 Mukaddes ruhuň bize täsir edýändigi nämeden görünýär? Dürli ýagdaýlara duşanda, Mukaddes ruhuň täsiri arkaly muňa nähili garaýarys we hereket edýäris? Hudaýa wepaly gulluk etmek üçin Şeýtanyň hem onuň zalym dünýäsiniň täsiri ýa-da kämilsizligimiz sebäpli ençeme kynçylyklara duş gelýäris. Mesihçiler şeýle synaglarda berk durar ýaly, yzygiderli wagyz etmeli we Hudaý bilen gowy gatnaşykda bolmaly. Geliň, mukaddes ruhuň synaglara döz gelmäge we ruhdan düşende, hem-de ýadanda bize nädip kömek edýändigine seredeliň.
Mukaddes ruh synaglara garşy durmaga güýç berýär
5. Hudaý doga arkaly, bize nädip güýç berýär?
5 Isa şägirtlerine: «Bizi synaga salma, bizi iblisden halas et» diýip doga etmegi öwretdi (Mat. 6:13). Ýehowa wepaly gullukçylarynyň şeýle dogalaryna jogap berer. Şeýle-de Isa: «Gökdäki Ataňyz Özünden dilänlere has-da köp Mukaddes Ruhy berer» diýdi (Luka 11:13). Biz Ýehowanyň mukaddes ruhy arkaly dogry işleri etmäge kömek berýändigine örän begenýäris! Elbetde, Ýehowa bizi synaglardan goramaýar (1 Kor. 10:13). Ýöne biz synaga düşende, has erjel doga etmeli (Mat. 26:42).
6. Isa Şeýtanyň synaglaryna nämä esaslanyp jogap berdi?
6 Iblis Isany synanda, ol Mukaddes Ýazgylardan aýatlar getirip, garşy durdy. Isa Hudaýyň Sözüni gowy bilýärdi, şol sebäpli: «Ýazylgydyr... ýazylgydyr... ýanymdan aýryl, Şeýtan! «Öz Hudaýyň Rebbe sežde et, diňe Oňa gulluk et» diýip ýazylgydyr» diýdi. Isa Ýehowany we onuň Sözüni söýýändigi üçin Iblisiň tekliplerini ret etdi (Mat. 4:1—10). Ol synaglary gaýta-gaýta ret edensoň, Şeýtan onuň ýanyndan gitdi.
7. Mukaddes Ýazgylar synaglara garşy durmaga nädip kömek edýär?
7 Isa Iblisiň synaglaryny Mukaddes Ýazgylara salgylanyp ret eden bolsa, eýsem, biz hem oňa salgylanmaly dälmi?! Biz Iblisiň we onuň ýaranlarynyň synaglaryny ret etmek üçin, ilki bilen, Hudaýyň kadalaryny bilip, olara doly eýermeli. Adamlaryň köpüsi Hudaýyň Sözüni öwrenip, Ýehowanyň akyldarlygyna we dogrulygyna düşünýär hem-de onuň gadyr-gymmatyny bilip, Mukaddes Ýazgylaryň kadalaryna görä ýaşap başlaýar. Hudaýyň sözi şeýle bir güýçli welin, «ýüregiň düşünjeleridir niýetlerine» täsir edýär (Ýew. 4:12). Adam Mukaddes Ýazgylary näçe köp okasa we oýlansa, Ýehowanyň «ähli ýodalarynyň... hakykatdygyna» has gowy düşünýär (Zeb. 25:10). Şol sebäpli, biziň her birimiz düzetmeli kemçiliklerimizi görkezýän aýatlar hakynda oýlanmaly.
8. Biz mukaddes ruhy nädip alyp bileris?
8 Isa diňe bir Mukaddes Ýazgylary bilýändigi sebäpli däl, eýsem, «mukaddes ruh bilen dolany» üçin synaga garşy durup bildi (Luka 4:1). Bizde-de şeýle güýç we ukyp bolar ýaly, mukaddes ruh bilen dolmak üçin Ýehowanyň berýän ähli zatlaryny ulanyp, Oňa ýakynlaşmaly (Ýakup 4:7, 8). Ýehowa bize ruhuny Mukaddes Ýazgylary okap, doga edip we dogan-uýalar bilen gatnaşanymyzda berýär. Şeýle-de mesihçileriň köpüsi wagyz işine yhlasly gatnaşyp, ünsüňi ruhy taýdan abatlaýjy pikirlere gönükdirmäge kömek edýänine göz ýetirdiler.
9, 10. a) Mesihçiler nähili synaglara duşmagy mümkin? b) Hatda ýadaw wagty oýlanmak we doga etmek synaglara garşy durmaga nädip güýç berýär?
9 Sen nähili synaglara garşy durmaly bolýarsyň? Ýanýoldaşyň bolmadyk adama näzlenesiň gelipmidi? Maşgala gurmadyk bolsaň, imandaşyň bolmadyk adam bilen duşuşmaga razylaşmak isläpmidiň? Mesihçiler telewizor görende ýa-da Internedi ulananda, birden ahlaksyz zatlara seretmek höwesi döremegi mümkin. Senem şeýle ýagdaýa düşüpmidiň, şonda özüňi nähili alyp bardyň? Bir nädogry ädimiň, başga ýalňyşlyga iterip, ahyry agyr günä eltýändigi hakynda oýlanmak paýhasly bolar (Ýakup 1:14, 15). Nädogry hereketiň Ýehowa, ýygnaga we maşgalaňa nähili agyr degjekdigi hakynda oýlanyp gör. Hudaýyň prinsiplerine wepaly eýerseň, ynsabyň arassa bolýar (Zebur 119:37; Süleýmanyň tymsallary 22:3-nji aýatlary okaň). Şeýle synaglara duşanda, olara garşy durmak üçin Hudaýdan güýç dile.
10 Isa çölde 40 gün oraza tutansoň, Şeýtanyň ony synap başlandygyna üns beriň. Iblis Isanyň aýypsyzlygyny synamak üçin has-da şol pursat «amatly wagt, TD» öýdýärdi (Luka 4:13). Şeýtan biziň hem aýypsyzlygymyzy synamak üçin amatly wagty gözleýär. Şol sebäpli ruhy taýdan berk bolmak wajyp. Şeýtan köplenç adamyň gowşanyny görende hüjüm edýär. Şonuň üçin biz ýadaw ýa-da ruhdan düşen mahaly Ýehowa ýalbaryp, goramagyny, kömek etmegini we mukaddes ruhy bermegini dilemeli (2 Kor. 12:8—10).
Ýadawlyk we ruhdan düşmek
11, 12. a) Şu günler köp adamlar näme üçin ruhdan düşýär? b) Ruhdan düşende, bize näme güýç berýär?
11 Biz, bikämil adamlar käte ruhdan düşýäris. Esasanam şu günler stress köp bolýandygy sebäpli, ruhdan düşýäris. Belki, biz adamzat taryhynda iň kyn günlerde ýaşaýandyrys (2 Tim. 3:1—5). Armageddon ýakynlaşdygyça ykdysady we duýgy taýdan ejir çekýäris hem-de başga kynçylyklar köpelýär. Şol sebäpli käbir adamlara maşgalasyny ekläp, onuň aladasyny etmek borjuny ýerine ýetirmek kyn bolýandygyna biz geň galmaýarys. Şeýle adamlar ýadaýar, haly gaçýar hatda tapdan düşýär. Eger senem şeýle ýagdaýa düşen bolsaň, näme kömek eder?
12 Isa şägirtlerine kömekçi, ýagny Hudaýyň mukaddes ruhuny berjekdigini wada edenini unutma (Ýahýa 14:16, 17-nji aýatlary okaň). Mukaddes ruh Älemde iň kuwwatly güýç. Ýehowa mukaddes ruh arkaly dürli synaglara döz gelip biler ýaly bize güýç berýär (Efes. 3:20). Pawlus resulyň aýtmagyna görä, biz mukaddes ruha bil baglasak, «her tarapdan gysylýan» wagtlary «iň üstün gudraty» alarys (2 Kor. 4:7, 8). Ýehowa bize kynçylyklary aýyrjakdygyny söz bermändi, ýöne olary ýeňer ýaly, mukaddes ruhy arkaly güýç berjekdigini wada etdi (Flp. 4:13).
13. a) Bir ýaş uýa kynçylygyna nädip döz gelýär? b) Sen şunuň ýaly başga-da mysallary bilýärmiň?
13 Pioner bolup gulluk edýän 19 ýaşly Stefani atly uýanyň mysalyna seredeliň. 12 ýaşynda onuň beýnisine gan inip (insult), çiş keseli diýen diagnoz goýuldy. Soňra oňa iki gezek operasiýa edildi, şöhleli bejergi berildi, ýene-de iki gezek onuň beýnisine gan inenden soň, çep tarapy az-kem ysmaz bolup, gözi gowy görmän galýar. Stefani ýygnak duşuşyklaryna barmagy we wagyz etmegi wajyp saýýany üçin, olara gatnaşar ýaly güýjüni aýamaly bolýar. Ol köp kynçylyklary ýeňmäge Ýehowanyň ruhunyň kömek edýänini duýýar. Stefani ruhdan düşen mahaly Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlardaky imandaşlarynyň terjimehalyny okap, göwni göterilýär. Dogan-uýalar oňa hat ýazyp, goldaýar we ýygnakdan öň hem-de soň gürrüňdeş bolup, göwünlik berýär. Gyzyklanýan adamlar bolsa, Stefaninyň olara hakykaty öwredýänine minnetdarlyk bildirip, Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçmek üçin, onuň öýüne barýarlar. Munuň üçin Stefani Ýehowa köp alkyş aýdýar. Ol Zebur 41:3 durmuşynda ýerine ýetýändigi üçin, bu aýady gowy görýär.
14. Biz ruhdan düşen wagty näme etmeli däl we näme üçin?
14 Biz ýadanymyzda ýa-da kynçylyga duş gelenimizde, Hudaýa gulluk etmegi goýmaly däl. Bu uly ýalňyşlyk bolardy. Näme üçin? Sebäbi şahsy we maşgala okuwy, wagyz gullugy we ýygnak duşuşyklary arkaly mukaddes ruhy alýarys. Biz Hudaýa gulluk edip, hemişe ruhlanýarys (Matta 11:28, 29-njy aýatlary okaň). Dogan-uýalar köplenç ýygnaga gelende ýadaw bolsa-da, ýygnakdan soň zarýad alan batareý ýaly ruhy taýdan güýçlenip, öýüne gaýdýarlar.
15. a) Ýehowa mesihçilere aňsat bolar diýip wada berdimi? Aýat arkaly düşündiriň. b) Hudaý bize näme wada berdi, şol sebäpli özümize nähili sorag bermeli?
15 Elbetde, mesihçileriň ýüki ýeňil diýip bolmaz. Wepaly mesihçi bolmak üçin tagalla etmeli (Mat. 16:24—26; Luka 13:24). Ýehowa mukaddes ruh arkaly ýadanlara güýç berýär. Işaýa pygamber şeýle diýýär: «Ýehowa bil baglaýanlar täzeden kuwwat tapar, bürgütler kimin ganat ýaýyp galar, ylgap ýadamaz, ýöräp ejizlemez» (Iş. 40:29—31). Şol sebäpli özümize şeýle sorag bermeli: «Näme üçin men ruhy taýdan ýadadym?»
16. Ýadasak we ruhdan düşsek näme etmeli?
16 Hudaýyň Sözünde bize «iň ýokary zatlara göz ýetirmäge» maslahat berilýär (Flp. 1:11). Pawlus resul mesihçileriň durmuşyny uzak aralyga ylgamak bilen deňeşdirip: «Her hili ýüki... taşlap, öňümizde goýlan ýaryşda sabyrly ylgalyň» diýip nesihat berdi (Ýew. 12:1). Şol sebäpli ýadadýan biderek işlerden we peýdasyz güýmenjelerden dynalyň. Käbir adamlar işiniň köpdügüne garamazdan, hemme zada ýetişjek bolýar. Eger sen köplenç ýadasaň we göwnüçökgün bolsaň, işiňe, işden rugsat günleri dynç almaga gitmäge, sporta, göwün açmalara näçe wagt hem-de güýç sarp edýändigiň hakynda oýlan. Paýhasly we kiçigöwünli bolsak, mümkinçiliklerimiziň çäklidigine düşüneris we gerekmejek işleri boýun almarys.
17. Käbir dogan-uýalar näme üçin ruhdan düşýär we bu babatda Ýehowa näme diýýär?
17 Käbir dogan-uýalar zalym dünýäniň soňy olaryň garaşan wagty gelmändigi üçin ruhdan düşüp biler (Sül. tym. 13:12). Şeýle doganlar Habakkuk 2:3-de: «Bu görnüş bellenen wagtda berjaý bolmaly. Ol berjaý bolmaga howlukýar we aldamaýar. Gijikýän ýaly bolup görünse-de, oňa garaş, hökman berjaý bolar, gijikmez» diýen sözlerden teselli tapyp biler. Ýehowanyň sözlerinden görnüşi ýaly, bu zalym dünýäniň soňy onuň anyk bellän wagtynda geler!
18. a) Haýsy wadalar size güýç berýär? b) Indiki makala bize näme üçin peýdaly bolar?
18 Ýehowanyň wepaly gullukçylarynyň ählisi, adamlaryň ýadaman we ruhdan düşmän «ýaşlyk güýjüni» aljak gününe sabyrsyzlyk bilen garaşýar (Eýýup 33:25). Hatda şu günlerem biz Hudaýa yhlasly gulluk edip ruhlanýarys we mukaddes ruh arkaly «içki häsiýetimizi» güýçlendirýäris (2 Kor. 4:16; Efes. 3:17). Gelejekdäki ebedi bereketleri almaga ýadawlyk päsgel bermesin. Şu günler ýadawlyk, ruhdan düşmeklik we başga kynçylyklar ýaly synaglar bolsa-da, olar Hudaýyň täze dünýäsinde bolmaz. Indiki makalada mesihçilere yzarlama, adamlaryň erbet täsirine we başga kynçylyklara garşy durmaga mukaddes ruhuň nädip güýç berýändigine serederis.
Siz nähili jogap berersiňiz?
• Mukaddes Ýazgylary okamak bize nädip güýç berýär?
• Doga etmek we oýlanmak bize nädip güýç berýär?
• Ruhdan düşende näme etmeli?