Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 4/07 sah. 9—sah. 12 abz. 6
  • Dini duşuşyklar üçin ýerler

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Dini duşuşyklar üçin ýerler
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
  • Sözbaşylar
  • PATYŞALYK ZALLARY
  • PATYŞALYK ZALYNYŇ GURLUŞYGY
  • KONGRES ZALLARY
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 4/07 sah. 9—sah. 12 abz. 6

11-nji bap

Dini duşuşyklar üçin ýerler

ÝEHOWANYŇ hakyky gullukçylaryna öwrenmek we biri-birini ruhlandyrmak üçin ýygnanyşmak tabşyryldy (Kanun. 31:12; Ýewr. 10:23—25). Hudaýyň saýlan Ysraýyl halky sežde etmek üçin ilki «çadyryň» golaýynda ýygnanyşýardy (Çyk. 39:32, 40). Soňra Dawudyň ogly Süleýman Ýehowanyň şanyna ajaýyp ybadathana gurdy (3 Pat. 9:3). B. e. öň 607-nji ýylda ybadathana weýran edilenden soň, ýehudylar Ýehowa sežde etmek üçin sinagoga diýip atlandyrylýan kiçi jaýlarda ýygnanyşýardy. Soňra ybadathana dikeldilende, ol ýene-de hakyky seždäniň merkezi boldy. Isa sinagogalarda hem ybadathanada öwredýärdi (Luka 4:16; Ýahýa 18:20). Ol yzyna eýerýän märekä öwretmek üçin, olary hatda dagyň eňňidine ýygnaýardy (Mat. 5:1—7:29).

Ahyry, Isanyň şägirtleri hakykat ýoluny ret edenlerden aýrylyp, jemgyýetçilik ýerlerde ýygnanyp başladylar (Res. iş. 19:8, 9). Şeýle-de mesihçiler Mukaddes Ýazgylary öwrenmek we imandaşlary bilen pikir alşyp şatlanmak üçin hususy öýlerde ýygnanyşýardy (Rim. 16:3, 5; Kol. 4:15; Flm. 2). I asyryň mesihçileri duşmanlary bilmez ýaly, käwagt çola ýerlerde gizlin ýygnanyşmaly bolýardy. Görşümiz ýaly, Hudaýyň geçmişdäki wepaly gullukçylary «Ýehowadan öwrenmek» üçin ýygnanyşmaga ak ýürekden çalyşýardy (Iş. 54:13).

Şu günler hem dini duşuşyklar dogan-uýalaryň öýlerinde we jemgyýetçilik ýerlerde geçirilýär. Esasanam, kitap öwrenilýän duşuşyk we wagyz duşuşygy dogan-uýalaryň öýlerinde geçirilýär. Şeýle duşuşyklar üçin gerek wagty öýlerini hödür edýän doganlar muny özüne hormat saýýarlar we ruhy taýdan peýdasyny duýýarlar.

PATYŞALYK ZALLARY

Ýehowanyň Güwäçileri Patyşalyk zallary ýygnak duşuşyklaryny geçirmek üçin esasy ýer hasaplaýarlar. Käwagt zaly satyn alanyňdan ýa-da guranyňdan kärendesine alanyň arzan düşýär. Emma ýygnaklaryň köpüsi özlerine oňaýly Patyşalyk zalyny gurmak üçin ýer satyn alanyny amatly hasaplaýarlar. Käbir ýygnaklar bolsa taýýar jaýy satyn alyp, ony bejerýärler. Şeýle ýagdaýlarda zaly Ýehowa bagyş etmek ýerlikli bolardy. Emma Patyşalyk zaly Ýehowa bagyş edilip, soňra biraz bejeriş işleri geçirilse, onda ony täzeden bagyş etmek hökman däl.

Patyşalyk zalyny adamlary geň galdyrmak üçin täsin edip gurmaly däl. Emma dürli döwletlerdäki zallar bir-birinden güýçli tapawutlansa-da, olar niýetlenen esasy maksadyna laýyk gelmeli (Res. iş. 17:24). Zalda ýygnak duşuşyklaryny geçirmek amatly bolar ýaly, ony ýerli ýagdaýa görä gurmaly.

Patyşalyk zaly Ýehowanyň Güwäçileriniň ýerli ýygnagynyň (ýa-da birnäçe ýygnagyň) puluna gurulýar. Pul ýygnamak üçin gap geçirilmeýär we jomartlyk bildirmäge çagyryş edilmeýär. Patyşalyk zalynda sowgat üçin gapyrjak bar, ýygnak duşuşygyna gelýänler zalyň käbir çykdajysyny tölemek üçin şoňa pul atyp bilýär. Olar höwes bilen göwnünden çykaranyny berýärler (2 Kor. 9:7). Adatça ýaşulular Patyşalyk zalynyň eýeçilik hukugyna we zaly ulanmaga degişli maglumaty bilýärler. Bu maglumat «Hudaýa gullugymyzda» we filialyň iberýän hatlarynda bolýar.

Patyşalyk zalyny maddy taýdan goldamagy, arassalamagy we bejeriş işleri geçirilende ýygnaşdyrmagy ýygnagyň agzalary uly hormat saýmaly. Patyşalyk zaly daşyndan hem, içinden hem Ýehowanyň guramasyny mynasyp tärde görkezmeli. Her hepde edilýän işlere gözegçilik etmek üçin, ýaşulular ýa-da gulluk hyzmatçylary bellenilýär. Adatça, ýygnagyň kitap öwrenýän toparlary nobat boýunça zaly ýygnaşdyrýar, kitap öwrenýän duşuşygyň gözegçisi ýa-da onuň kömekçisi muňa ýolbaşçylyk edýär.

Eger birnäçe ýygnak bir zalda duşuşsa, onda ýygnagyň ýaşululary zala we emläge gözegçilik eder ýaly, zaly ulanyş komitetini döredýär. Ýaşulular maslahaty komitetiň baş gözegçisini belleýär. Bu komitet ýaşulular maslahatynyň ýolbaşçylygy astynda zalyň arassaçylygyna, bejeriş işlerine we gerekli zatlaryň ýeterlikli sanda bolmagyna gözegçilik eder. Eger zaly bir ýygnak ulanýan bolsa, bu işleri bir ýaşuly ýa-da gulluk hyzmatçysy ýerine ýetirýär, emma birnäçe ýygnak ulansa, onda zaly ulanyş komiteti gözegçilik edýär. Bu bellenen doganlaryň hyzmatdaşlygyny talap edýär.

Patyşalyk zalynda birnäçe ýygnak duşuşýan bolsa, her ýygnagyň duşuşygynyň gün tertibini ýaşulular bir-birine hormat goýup, dogan söýgüsini bildirip düzmeli (Flp. 2:2—4; 1 Pet. 3:8). Ýygnak duşuşyklarynyň gün tertibini ýylda ýa-da birnäçe ýylda bir gezek üýtgetmelimi, ýerli ýygnaklaryň özi çözýär. Hiç bir ýygnak beýleki ýygnak duşuşygynyň wagtyny çözüp bilmeýär. Ýygnaklaryň gün tertibi täze ýylyň birinji hepdesinde üýtgemeli. Ýygnaklaryň birine etrap gözegçisi gelse, zalda ýygnanýan başga ýygnaklar duşuşyklarynyň wagtyny üýtgedip biler.

Ýygnagyň gulluk komitetiniň rugsady boýunça, Patyşalyk zalynda durmuş toýunyň ýa-da ýas nutgyny okasa bolýar. Ýaşulular olaryň nähili ýerlikli boljakdygyna seredip, filialyň görkezmesine görä karar kabul ederler.

Patyşalyk zalynda, ýagny Hudaýa hakyky sežde edilýän ýerde şeýle işleriň geçirilmegine rugsat berilse, oňa gatnaşýanlar özüni mynasyp alyp barmaly. Çagyrylan adamlar ýygnagyň agzalarynyň göwnüne degmän, Ýehowanyň adyna ysnat getirmän, ýygnagyň abraýyny düşürmez ýaly özüni gowy alyp barmaly (Fil. 2:14, 15). Käwagt filialyň görkezmesi boýunça, Patyşalyk zalynda Hudaýa gullugymyzyň mekdebi we Pioner gullugynyň mekdebi geçiriler.

Ýygnagyň agzalary duşuşyk geçirilýän ýere hemişe hormat bilen garamaly. Ýehowa gulluk edýänleriň eginbaşy, daş görnüşi we özüni alyp barşy hemişe ýerlikli bolmaly (Wag. 5:1; 1 Tim. 2:9, 10). Şu maslahata eýerip, ýygnak duşuşyklaryna minnetdarlygymyzy görkezýäris.

Patyşalyk zalynda geçirilýän duşuşyklarda talaba laýyk gelýän doganlary hyzmatçy edip belleýärler. Olar ünsli, açykgöwünli we sagdyn pikirli bolmaly. Olar ýygnaga gelenleri güler ýüz bilen garşy alyp, gijä galyp gelenlere ýer tapyp bermeli, ýygnaga gelenleriň sanyny sanamaly, zalyň ýylydylyşyny we howasynyň arassalanmagyny sazlaşdyrmaly. Ýygnakda tertip-düzgüne gözegçilik etmeli. Çagalaryň ata-enesi bilen oturmagy maslahat berilýär. Çaga gulak asman başlasa, diňleýjilere päsgel bermez ýaly, hyzmatçy dogan atasynyň ýa-da enesiniň çagany alyp, zaldan çykmagyny sypaýylyk bilen haýyş eder. Ýaş çagaly ata-eneler çagalaryna terbiýe bermek ýa-da olaryň başga zerurlyklaryny kanagatlandyrmak üçin zaldan çykmaly bolýarlar, şoňa görä olara oturanlara päsgel bermeýän ýerde oturmagy maslahat berse bolar.

Patyşalyk zalynyň daşynda hem içinde çagalar özlerini alyp barşy bilen ýygnagyň abraýyny artdyryp ýa-da düşürip biler. Şol sebäpli hyzmatçy doganlar çagalar ýygnakdan öň ýa-da soň zalyň içinde we töwereginde ylgamaz ýaly, ata-enelere gözegçilik etmegi ýatlatmaly. Hyzmatçy doganlaryň edýän işleri Patyşalyk zalyna gelýänleriň şatlanmagyna ýardam edýär. Maşgalada döreýän kynçylygy çözmäge tejribesi bolan gulluk hyzmatçylaryndan hyzmatçy edip bellenilse gowy bolar (1 Tim. 3:12).

PATYŞALYK ZALYNYŇ GURLUŞYGY

Döwletleriň köpüsinde Patyşalyk zallarynda Patyşalyk zalynyň gaznasy üçin sowgat gapyrjagy bar. Şol gaznadaky serişdeleri täze Patyşalyk zallaryny gurmaga we könelerini bejermäge ulanýarlar. Şeýle kömek bolmadyk bolsa ýygnaklaryň köpüsi özlerine zal gurup bilmezdiler.

I asyrdaky mesihçileriň käbiri beýlekilerden gurplydy. Şol sebäpli Pawlus resul şeýle diýdi: «Olaryň hem artykmaç zady siziň ýetmeziňizi doldurar ýaly, şu wagt siziň artykmaç zadyňyz olaryň ýetmezini doldursyn» (2 Kor. 8:14). Şu günler käbir filiallar ykdysady taýdan pes ýurtlarda zal gurmak üçin Patyşalyk zalynyň gaznasyndaky serişdäniň käbir bölegini berýärler, şeýdip ýetmezçilik «doldurylýar». Bütindünýä doganlygyň berýän bol kömegini gurama we sowgatdan peýdalanýan ýygnaklar gymmat saýýar.

Gurluşyga we Patyşalyk zallarynyň bejeriş işlerine gözegçilik etmek üçin, köp döwletlerde regional gurluşyk komiteti döredildi. Her komitet gerek ýygnaklara kömek edýär. Komitet ýaşululardan ybarat bolýar. Olar gurluşykda, gozgalmaýan emläk bilen bagly işlerde, telekeçilikde, hasabat işlerini geçirmekde we şuňa meňzeş zatlarda tejribesi bolup, zalyň gurluşygynyň başyndan soňuna çenli ähmiýetli görkezme berýärler.

Gurluşyk planlaşdyrylýan ýerde regional gurluşyk komiteti bar bolsa, ýaşulular hökman olar bilen habarlaşmaly. Bu komitet ýygnaga amatly ýer we gurluşyk usulyny saýlamaga kömek edip biler. Şeýle-de bu komitet gurluşyk taslamasyna (proýekt) nähili meýletin gurluşykçylary ibermelidigini bilýär. Şeýle meýletin gurluşykçy hökmünde gulluk etmek isleýän we mümkinçiligi bar doganlara gerekli sowalnamany dolduryp, ýerli ýygnagyň gulluk komiteti makullar ýaly, olara bermegi höweslendirýärler.

Tebigy betbagtçylyk bolan ýagdaýynda, regional gurluşyk komitetine zeper ýetilen Patyşalyk zallaryny, kä ýagdaýda doganlaryň öýlerini dikeltmek barada haýyş ediler. Regional gurluşyk komitetine başga ýurtlardaky doganlara kömek etmegi ýa-da şeýle işleri ýerli doganlara öwretmegi tabşyrmaklary mümkin. Filial regional gurluşyk komitetine nähili gurluşyk işlerini geçirmelidigi barada görkezme berýär. Käwagt komitetler kongres zallaryny we filialyň jaýlaryny gurmaga kömek edýärler. Hudaýyň halky onuň islegini jan aýaman berjaý etmäge taýyndygy üçin, bu işleri amala aşyryp bolýar (Kol. 3:23, 24).

Esasanam, mümkinçiligi çäkli döwletlerde Patyşalyk zallarynyň ýetmezçilik edýändigi sebäpli, Patyşalyk zallarynyň gurluşyk topary döredilýär. Şeýle topardaky doganlar öz ýurdunda bir ýygnakdan beýleki ýygnaga göçüp, gurluşyk işlerine ýolbaşçylyk etmäge taýyn. Olar arkaly zallar tiz gurulýar we ýerli meýletinçiler gurluşyk ukybyny öwrenýärler.

KONGRES ZALLARY

I asyrdaky mesihçiler köplenç kiçi topar bolup duşuşýardylar. Emma käwagt «köp adam» ýygnanyşýardy (Res. iş. 11:26). Şu günler hem Hudaýyň halky etrap we ýörite bir günlük kongreslerde uly topar bolup ýygnanyşýar. Şeýle kongresleri geçirmek üçin uly jaýlar kärendesine alynýar, emma şeýle jaýlary kärendesine almak kyn ýa-da oňaýsyz bolsa, onda sežde etmek üçin Kongres zalyny gurmaly bolýar.

Käwagt taýýar jaýy satyn alyp, ony bejerýärler we Kongres zaly hökmünde ulanýarlar. Köplenç ýer satyn alyp täze zal gurýarlar. Kongres zalynyň ululygy ýerli zerurlyklara görä bolýar. Kongres zalynyň çykdajysyny we onuň ýylda näçe sapar ulanyljakdygyny filial hasaplandan soň, ony gurup başlaýarlar.

Kongres zalyna gözegçilik etmek üçin filial Kongres zalynyň komitetini belleýär. Şeýle-de zalyň ululygy sebäpli, olary gowy ýagdaýda saklamak we bejeriş işlerini geçirmek üçin, filial Kongres zalynyň işgärlerini — doly wagtly gullukçylary belleýär. Kongres zalyny teokratik etraplar gezekme-gezek arassalaýarlar. Her alty aýdan düýpli ýygnaşdyrma we goraýyş (profilaktika) işlerini geçirse bolýar. Şeýle işleri ýerine ýetirmek üçin dürli kärhanalary çagyryp, eden hyzmatyna pul tölemän, meýletinçileri çagyrsa bolar. Şol sebäpli ýygnaklary şeýle işlere gatnaşmaga höweslendirýärler (Zeb. 110:3).

Käwagt Kongres zalynda başga teokratik duşuşyklary, mysal üçin, Gullugy kämilleşdiriş mekdebi we aýlanýan gözegçiler üçin ýörite duşuşyklary geçirse bolýar. Kongres zaly hem Patyşalyk zaly ýaly Ýehowa bagyş edilip, oňa sežde edilýän ýer hasaplanýar. Şonuň üçin Kongres zalyna duşuşyga baranymyzda, eginbaşymyz, daş görnüşimiz we özümizi alyp barşymyz hemişe mynasyp bolmaly (Wag. 5:1; 1 Tim. 2:9, 10).

Şu soňky günleriň ahyrky döwründe köp adamlaryň gurama goşulmagynyň tizleşmegi Ýehowanyň ak pata berýändigini subut edýär (Iş. 60:8, 10, 11, 22). Şol sebäpli biz Ýehowanyň öwretmek üçin ýygnaýan, ýagny ýygnak duşuşyklaryň geçýän ýerlerini arassa we ýaraşykly saklamaga höwes bilen gatnaşmaly. Şeýtmek bilen, Ýehowanyň gününiň golaýlaýandygyny näçe görsek, şonça-da biri-birimizi ruhlandyrmaga ýardam edýän jaýlar üçin minnetdarlygymyzy bildirýäris.

Ýehowanyň islegini guramaçylykly ýerine ýetirýäris sahypa 119—126

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş