Wagyz üçin teklipler
Häzir zalymlyk adaty zada öwrüldi diýse bolar. (Ýerli wakadan mysal getir.) Siziň pikiriňizçe, näme üçin adamlar şeýle zalymlyklary edýär? (Jogap bersin.) Bu barada Mukaddes Ýazgylarda öňünden aýdylan. (2 Timoteos 3:1—5-nji aýatlary oka.) Zalymlygyň soňy gelermi ýa-da gelmezmi, bu barada siz Mukaddes Ýazgylardan bilersiňiz».
«Köp adamlar özüni Isanyň şägirdi hasaplaýarlar. Siziň pikiriňizçe, Isanyň hakyky şägirdi bolmak üçin näme etmeli? (Jogap bersin.) Isanyň sözlerine üns beriň. (Ýahýa 15:14-i oka.) Bu aýatda Isanyň şägirdi diýip aýtmagyň ýeterlik däldigi aýdylýar».
«Çaganyň ölümi ata-enelere köp hasrat getirýär. Siziň pikiriňizçe, ata-eneler nireden teselli tapyp biler? (Jogap bersin. Soňra Rimliler 15:5-i oka.) Mukaddes Ýazgylarda Hudaýyň hasrat çekýän adamlara nähili teselli berýändigi aýdylýar.
«Bir adamlar baý ýaşasa, başgalar örän garyp ýaşaýar. Siz nähili pikir edýärsiňiz, hemişe şeýdip durarmy? (Jogap bersin.) Hudaýyň garyplara nähili garaýandygyna üns beriň». Zebur 21:25-i oka we Mukaddes Ýazgylaryň garyplara berýän umydyny gürrüň ber.