Adamlar öýünde ýok bolsa...
1. Öýden-öýe wagyz etmegiň nähili kynçylygy bar?
1 Köp döwletlerde adamlary öýünde tapmak gitdigiçe kynlaşýar. Häzirki «kyn pursatlarda» maşgalasyny dolandyrmak üçin, adamlar uzak gün işlemeli bolýar (2 Tim. 3:1). Käbiri bolsa dükanlary aýlanyp, wagtyny hoş geçirýändigi üçin, öýünde tapmak kyn bolýar. Şeýle adamlara hoş habary nädip ýetirip bolar?
2. Öýünde ýok adamlary hökman ideg eder ýaly näme etmeli?
2 Bellikleriň dogry ýazylyşy. Ilki bilen öýünde ýok adamlary anyk bellik etmeli. Bu, esasanam, ýygy-ýygydan wagyz edilýän meýdança degişli. Meýdançany has amatly wagtda baryp biljek wagyzça berer ýaly, käbir ýagdaýda öýünde ýok adamlary aýratyn kagyza bellemeli. Bellik edeniňde adresi, meýdançanyň sanyny, öz adyňy we senesini ýazmaly. Şeýle-de öýünde ýok adamlary tapmak üçin ýene-de baranyňda ýa-da başga wagyzçy baranda, bellik eder ýaly ýer goýmaly. Meýdançada wagyz edip bolanyňdan soň, bellikleri kartoçka üçin jogapkär dogana bermegi ýadyňdan çykarma. Eger ol öýünde ýok adamlary ideg etmegi saňa tabşyrsa, onda ol ýazgyňy ýene-de özüňe gaýtaryp berer. Ideg etjek her bir gyzyklanan adam baradaky maglumaty aýratyn kagyza bellik et.
3. Öýünde ýok adamlara hoş habary nädip ýetirip bolar?
3 Başga wagty baryň. Iş günleri öýünde ýok adamlary, belki, agşamara ýa-da dynç günleri tapyp bolar. Indiki gezek has amatly wagtda baryp bilermiň? (1 Kor. 10:24). Eger baryp bilmeseň, mümkinçiligi bar bolan wagyzçydan haýyş edip bilersiň. Şeýle-de öýünde ýok adamlara wagyz etmek üçin hat ýazsa ýa-da telefon arkaly tapsa bolar. Muňa saglyk ýagdaýynyň ýaramazlygy sebäpli uzak wagt wagyz edip bilmeýän dogan-uýalar kömek edip biler.
4. Öýünde ýok adamlaryňka yzygiderli barmagyň wajypdygyny haýsy mysal görkezýär?
4 Aşakdaky mysal öýünde ýok adamlar bilen gepleşmegiň wajypdygyny görkezýär. Wagyzçylar üç ýylyň dowamynda bir öýüň gapysyny yzygiderli kaksalar-da, hiç kimi tapyp bilmändir. Ahyry, olara şol öýde ýaşaýan aýal bilen gepleşmek başardýar. Mälim bolşuna görä, ol göçmänkä Mukaddes Ýazgylary öwrenip, okuwyny dowam etdirmek üçin şu wagta çenli Güwäçileri gözläpdir.
5. Meýdançany haçan doly geçdik diýse bolar?
5 Meýdançany doly geçiň. Meýdançany haçan doly geçdik diýse bolar? Düzgün boýunça, her öýüň ýaşaýjysy bilen gepleşmek ýa-da habarlaşmak üçin elimizden gelenini etmeli. Eger seýrek wagyz edilýän meýdança bolsa, onda öýünde tapylmadyk adamlaryň gapysynda kitapça ýa-da žurnalyň köne sanyny galdyrmaly. Meýdançany dört aýyň dowamynda geçmeli. Soňra meýdança üçin jogapkär dogan ýazgysyna bellik eder ýaly, oňa habar etmeli.
6. Näme üçin meýdançadaky her bir adama hoş habary ýetirmek üçin jan etmeli?
6 Biz, mümkin boldugyndan, köp adamlaryň Ýehowanyň adyny çagyryp, halas bolmagyny isleýäris (Rim. 10:13, 14). Bu wagyz edenimizde, öýünde ýok adamlara-da degişli. Pawlusdan görelde alyp, geliň, «Hudaýyň merhemetiniň Hoş Habaryna güwä geçmek üçin» jan edeliň (Res. iş. 20:24).