Seniň wagyz etmäge uçastogyň barmy?
1. Haýsy uçastoga seniň uçastogyň diýilýär?
1 Saňa berlen uçastok seniňki diýip hasaplanýar. Uçastogyň amatly ýerde ýerleşendigi sebäpli, sen oňa tiz baryp, ýeke özüň ýa-da wagyzçylaryň biri bilen wagyz edip bilersiň. Topar bolup wagyz etsek-de, başga wagtlary uçastogymyzda wagyz edip, aýratynam, ýygnagyň ýeri uly bolanda gowy güwä geçmäge kömek edýäris (Res. iş. 10:42).
2. Uçastok almagyň nähili peýdasy bar?
2 Peýdaly. Käbir wagyzçylar işleýän ýeriniň golaýyndan uçastok alyp, işden soň ýa-da arakesme wagtlary wagyz etmegiň oňaýlydygyna göz ýetirdiler. Beýleki doganlar bolsa maşgalasynyň agzalary bilen kitap öwrenilýän duşuşygyndan öň, bir sagada golaý höwes bilen wagyz edýärler. Şeýlelikde, ikilenç ideg etmeli we Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirmeli bolanyňda ýakyn ýere barmak aňsat bolýar. Netijede, güýjüňi, wagtyňy we çykdaýjylaryňy tygşytlaýarsyň. Uçastok alyp, wagtymyzy tygşytlap wagtal-wagtal kömekçi pioner ýa-da pioner bolup gulluk edip bolýar. Galyberse-de, uçastogymyzda wagyz etsek, ýaşaýjylar bilen gowy tanşyp, olaryň ynamyna gireris we olaryň ýagdaýyny bilip, üstünlikli wagyz ederis.
3. Bir pioner uýa uçastok alyp nähili üstünlikler gazandy?
3 Etrap gözegçisi bir pioner uýa uçastok almagy maslahat berdi. Uýa şeýle gürrüň berýär: «Men onuň beren maslahatyna eýerip, tizden uçastogymdaky ýaşaýjylar bilen gowy tanşyp dostlaşdym. Men olara amatly bolan wagtda barýardym. Geçen aýda otuz bäş sany ikilenç ideg eden bolsam, bu aý segsenden gowrak ikilenç ideg etdim. Häzir men ýedi sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçirýärin».
4. Uçastogy nädip almaly we ol ýerde nädip wagyz etmeli?
4 Uçastogy nädip almaly. Eger siz uçastok almak isleseňiz, uçastok berýän jogapkär dogana ýüz tutuň. Uçastokda wagyz etmek üçin islendik wagyzçylary çagyryp bilersiňiz, wagyzda depderçäňe öýünde ýok ýaşaýjylary belläp al. Mümkin boldugyndan, dört aýyň içinde uçastogyňyzy doly aýlanyp çykyň. Eger saňa kyn düşse, toparyň gözegçisinden we başga wagyzçylardan kömek sorap bilersiň. Dört aý geçenden soň aýlanan uçastogyňy tabşyrmaly, eger ýetişmedik bolsaň, ony täzeden almak üçin haýyş edip bilersiň. Ýöne uçastogyňy uzak wagtlap özüňde saklamaly däl, ony başga wagyzçylara berler ýaly wagtynda tabşyrmaly. Eger ýygnagyňyza wagyz etmek üçin berlen ýer az bolup, uçastok ýetmeýän bolsa, siz toparyň gözegçisinden başga nirelerde wagyz edip bolýandygy barada sorap bilersiňiz.
5. Wagyz etmek tabşyrygyny nädip ýerine ýetirmeli?
5 Hoş habary «dünýäniň ähli ýerinde» wagyz etmeli diýen tabşyryk uly tabşyrykdyr (Mat. 24:14). Bu tabşyrygy guramaçylykly ýerine ýetirmeli. Diňe bir topar bilen wagyz etmän, öz uçastogymyzda hem wagyz etsek, köp adamlara hoş habary ýetireris.