Teokratiki gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
2006-njy ýylyň Bitaraplyk aýynyň 25-inde başlanýan hepdede geçiriljek Teokratiki guluk mekdebinde şu aşakdaky sowallara serediler. Mekdebiň gözegçisi 2006-njy ýylyň Sanjar aýynyň 6-syndan Bitaraplyk aýynyň 25-i aralygynda geçilen materily 30 minudyň dowamynda gaýtalamaly. [Bellik: Eger sowalyň soňunda hiç hili salgy berilmedik bolsa, jogabyny tapmak üçin özbaşdak gözleg geçir. «Gulluk mekdebi» (rusça) diýen kitabyň 36, 37-nji sah. seret].
SAPAK
1. Mukaddes Ýazgylardan aýat okanyňda, ony kimiň sözleri diýip öwretmeli? (be-U sah. 148, abz. 4—sah. 149, abz. 1).
2. Sözleri we söz düzümlerini nygtap aýtmagyň nähili usullary bar? (be-U sah. 151, abz. 4—sah. 152, abz 3).
3. Hudaýyň Sözüni öwretmek jogapkärli borç, şol sebäpli «Hakykat sözüni dogry ulanar» ýaly nädip öwretmeli? (2 Tim. 2:15). (be-U sah. 153, abz.1—3, çarçuwa; sah. 154, abz.1—2).
4. Aýadyň ulanylyşyny nähili usullar bilen aýdyň düşündirip bolýar? (be-U sah. 154, abz. 4— sah. 155, abz. 3).
5. Berlen maglumaty durmuşda ulanyp bolýandygyny näme üçin düşündirmeli we muny nähili ýollar bilen etmeli? (be-U sah. 157, abz. 1—4, çarçuwa; sah. 158, abz. 1).
No.1 ÝUMUŞ
6. Süleýman haýsy manyda «ýygnagyň çakylykçysydy?» (bsi06-U sah. 25, abz. 1—3).
7. Wagyzçy kitaby Isanyň taglymatlaryna nädip gabat gelýär? (bsi06-U sah. 27, abz. 16).
8. Süleýmanyň aýdymy Hudaýyň Sözüdigini näme subut edýär? (bsi06-U sah. 28, abz. 3, 4).
9. Öli deňzinden tapylan Işaýa kitabynyň golýazmalary Mukaddes Ýazgylaryň üýtgemändigini nädip subut edýär? (bsi06-U sah. 30, abz. 6).
10. Nutkça ýazgylaryny gysgaltmaga näme kömek eder? (be-U sah. 42 abz. 1).
MUKADDES ÝAZGYLARY HER HEPDEDE OKAMAK
11. Nädip «Rebbi agtarýanlar bolsa ähli zada düşünýändir?» (Sül. tym. 28:5).
12. Haýsy manyda «akylsyzyň zähmeti ony ýadadýar?» (Wag. 10:15).
13. Sulamly gyz haýsy manyda «gulply bag» we ol durmuşa çykmadyk uýalara nähili gowy görelde galdyrdy? (Sül. aýd. 4:12).
14. Ýehowa ysraýyllylara «dawamyzy çözeli» diýmek bilen halkyny ikitaraplaýyn dawany çözmäge çagyrýarmy? (Iş. 1:18a).
15. Işaýa 11:6—9-njy aýatlar geçmişde nädip ýerine ýetdi we uly möçberde nädip ýerine ýeter?