Bildirişler
◼ 2008-nji ýylda Ýatlama agşamy Nowruz aýynyň 22-sinde Ruhgüni, gün ýaşandan soň geçiriler. Patyşalyk Zalyny birnäçe ýygnak ulanýan bolsa, onda doganlar kärendesine zal tapar ýaly bu bildiriş öňünden aýdylýar. Ýatlama agşamyny guramaçylykly we hormat bilen geçirmek üçin, jaýyň beýleki zallarynda duşuşyklar gabat gelen ýagdaýynda päsgel bermez ýaly ýaşulular zalyň ýolbaşçysy bilen öňünden gepleşmeli. Wakanyň ähmiýetliligini göz öňünde tutup, ýaşulular maslahaty her ýyl gezekli-gezegine çykyş etmegiň ýa-da şol bir dogany nutkçy bellemegiň deregine, iň ukyply ýaşululardan birini Ýatlama agşam üçin nutkçy bellemeli. Nutk bilen çykyş edip biljek mesh edilen ýaşuly bar bolsa, onda çykyş etmegi şoňa tabşyrmaly.