Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • km 4/07 sah. 7
  • Teokratik gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Teokratik gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak
  • Hudaýa gullugymyz — 2007
Hudaýa gullugymyz — 2007
km 4/07 sah. 7

Teokratik gulluk mekdebinde geçilenleri gaýtalamak

2007-nji ýylyň Gurbansoltan aýynyň 30-ynda başlanýan hepdede geçiriljek Teokratik gulluk mekdebinde şu aşakdaky sowallara serediler. Mekdebiň gözegçisi 2007-nji ýylyň Nowruz aýynyň 5-inden Gurbansoltan aýynyň 30-y aralygynda geçilen material boýunça, 30 minudyň dowamynda geçilenleri gaýtalamaly. Bellik: Eger-de sowalyň soňunda hiç hili salgy berilmedik bolsa, jogabyny tapmak üçin özüňiz şol temany öwrenmeli bolarsyňyz. («Gulluk mekdebi» (rusça) diýen kitabyň 36, 37-nji sah. seret.)

DILEWARLYK

1. Nutgyň meýilnamasyny nädip ýönekeý düzmeli? (be-U c. 168, abz. 4).

2. Materialy logiki yzygiderlikde ýerleşdirmegiň nähili dört usuly bar? (Nowruz aýynyň 12-si we 19-y, be-U c. 170, abz. 3— s. 172, abz. 5).

3. Nutga bir pikiri goşjak bolanymyzda nämäni göz öňünde tutmaly? (be-U c. 173, abz. 2, 3).

4. Erkin çykyş etmegiň nähili peýdaly taraplary bar? (be-U c. 175, abz. 2—4).

5. Gepleşik tärde çykyş etmek näme üçin wajyp we onda ökdeleşmek üçin näme edip bileris? (be-U c. 179, abz. 4, çarçuwa; s. 180, çarçuwa).

No.1 ÝUMUŞ

6. Nutkçy Mukaddes Ýazgylardan peýdaly pikirler diýen ýumşa nädip taýýarlanmaly? (be-U c. 47, abz. 3, 4).

7. Isa Mesihiň töleg gurbany adamlara bereket getirýär, ýöne ondan başga nähili wajyp maksat ýerine ýeter? (w05-U 1. 11. s. 14, abz. 1).

8. Nutk bilen çykyş edende, meýilnamada berlen aýatlary nädip ulanmaly? (be-U c. 53, abz. 1, 2).

9. Adamlara öwredende Isanyň maksady nämedi we biz oňa nädip eýerip bileris? (be-U c. 57, abz. 1).

10. Deňeşdirmeklik näme üçin öwretmäniň netijeli usuly diýse bolar? (be-U s. 57, abz. 3, 4).

MUKADDES ÝAZGYLARY HER HEPDE OKAMAK

11. Ýeremiýa 6:16-daky çagyryşa nädip seslenip bileris we «gadymy ýollar... ýagşy ýollar nirede bolsa şol boýunça [nädip] ýöräp» bileris?

12. Ýehowa wepasyz ýehudylara näme üçin leglegi mysal getirdi, biz mundan näme öwrenip bileris? (Ýerem. 8:7).

13. Göwün açmalara degişli Ýeremiýa 15:17-de nähili ýatlatma bar?

14. Haýsy manyda adamlar beýik «küýzegär» Ýehowanyň elinde toýun kimindir? (Ýerem. 18:5—11).

15. Ýeremiýa 25:17—26-njy aýatlardaky milletleriň sanalmagynyň nähili ähmiýeti bar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş