-
1 Patyşalar 21:20, 21Mukaddes Kitap
-
-
20 Ahap Ylýasy görende: «Bäh, duşmanym meni ahyr tapypdyr-ow!»+ diýdi. Ylýas: «Hawa, tapdym. Hudaý şeýle diýýär: „Sen Ýehowanyň öňünde nejis işleri etmegiňi goýmadyň*+. 21 Şonuň üçin başyňa betbagtçylyk getirerin, seni we maşgalaňdaky ähli erkek göbeklileri+, hatda ejiz we gowşak adamlary hem Ysraýyldan ýok ederin+.
-
-
2 Patyşalar 10:10, 11Mukaddes Kitap
-
-
10 Bilip goýuň, Ýehowanyň ýekeje sözi-de, Ýehowanyň Ahabyň maşgalasy barada aýdan sözleriniň biri-de ýerine ýetmän galmaz*+. Ýehowa Ylýas pygamber arkaly aýdan sözlerini berjaý etdi»+ diýdi. 11 Soňra Ýehuw Ýizregelde Ahabyň maşgalasynda aman galanlary, at-abraýly adamlaryny, dost-ýarlaryny, ruhanylaryny+ öldürdi, ýekejesini-de diri goýmady+.
-