Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • 2 Patyşalar 10
  • Mukaddes Kitap

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

2 Patyşalar kitabynyň mazmuny

      • Ýehuw Ahabyň maşgalasyny gyrýar (1—17)

        • Ýehonadap Ýehuwyň tarapynda (15—17)

      • Ýehuw Bagala sežde edýänleri gyrýar (18—27)

      • Ýehuwyň hökümdarlygy (28—36)

2 Patyşalar 10:1

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: Ahabyň goragçylaryna.

Parallel aýatlar

  • +1Pa 16:29
  • +1Pa 21:8

2 Patyşalar 10:3

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: dogruçyl; mynasyp.

2 Patyşalar 10:4

Parallel aýatlar

  • +2Pa 9:24, 27

2 Patyşalar 10:7

Parallel aýatlar

  • +1Pa 21:21

2 Patyşalar 10:9

Parallel aýatlar

  • +2Pa 9:14, 24

2 Patyşalar 10:10

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: ýere gaçmaz.

Parallel aýatlar

  • +1Şm 15:29; Işa 14:27
  • +1Pa 21:19—24; 2Pa 9:7, 36

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Okuw depderi üçin salgylar», 11/2022, sah. 4

2 Patyşalar 10:11

Parallel aýatlar

  • +1Pa 18:19; 2Pa 23:19, 20
  • +1Pa 21:21

2 Patyşalar 10:13

Çykgytlar

  • *

    Izabel göz öňünde tutulýar.

Parallel aýatlar

  • +2Pa 8:29; 9:21, 27; 2Tr 22:1

2 Patyşalar 10:14

Parallel aýatlar

  • +2Tr 22:8

2 Patyşalar 10:15

Parallel aýatlar

  • +1Tr 2:55
  • +Ýer 35:6, 19

2 Patyşalar 10:16

Çykgytlar

  • *

    Ýa⁠-⁠da: Ýehowa biwepalyk edilmegine göz ýummaýandygymy.

Parallel aýatlar

  • +4Ms 25:11; 1Pa 19:10

2 Patyşalar 10:17

Parallel aýatlar

  • +1Pa 21:20, 21; 2Pa 9:26
  • +2Pa 9:8; 2Tr 22:7

2 Patyşalar 10:18

Parallel aýatlar

  • +1Pa 16:32, 33; 18:22

2 Patyşalar 10:19

Parallel aýatlar

  • +2Pa 3:13
  • +2Pa 10:11

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/11/2011, sah. 5

2 Patyşalar 10:21

Parallel aýatlar

  • +1Pa 16:30, 32

2 Patyşalar 10:23

Parallel aýatlar

  • +2Pa 10:15; Ýer 35:6, 19

2 Patyşalar 10:25

Çykgytlar

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: ylgaýanlara. Patyşanyň arabasynyň öňünden ylgaýan esgerler göz öňünde tutulýar.

  • *

    Sözme⁠-⁠söz: şäherine. Diň şekilli bina göz öňünde tutulýan bolmaly.

Parallel aýatlar

  • +2Ms 32:26, 27; 5Ms 13:6—9; Hyz 9:5

2 Patyşalar 10:26

Parallel aýatlar

  • +3Ms 26:1
  • +5Ms 7:25

2 Patyşalar 10:27

Parallel aýatlar

  • +3Ms 26:30; 5Ms 7:5
  • +1Pa 16:30, 32

2 Patyşalar 10:29

Parallel aýatlar

  • +1Pa 12:28—30; 13:33; Hoş 8:6

Indeksler

  • Edebiýatlar boýunça gollanma

    «Garawul diňi»,

    15/11/2011, sah. 5

2 Patyşalar 10:30

Parallel aýatlar

  • +1Pa 21:21
  • +2Pa 13:1, 10; 14:23; 15:8, 12

2 Patyşalar 10:31

Parallel aýatlar

  • +5Ms 10:12; Hoş 1:4
  • +1Pa 12:28—30; 13:34; 14:16

2 Patyşalar 10:32

Parallel aýatlar

  • +1Pa 19:17; 2Pa 8:12; 13:22

2 Patyşalar 10:33

Parallel aýatlar

  • +4Ms 32:33; Ýuş 22:9
  • +5Ms 3:13—16; 28:63; Ýuş 13:8—12

2 Patyşalar 10:35

Parallel aýatlar

  • +2Pa 13:1

Umumy salgylar

2 Pat. 10:11Pa 16:29
2 Pat. 10:11Pa 21:8
2 Pat. 10:42Pa 9:24, 27
2 Pat. 10:71Pa 21:21
2 Pat. 10:92Pa 9:14, 24
2 Pat. 10:101Şm 15:29; Işa 14:27
2 Pat. 10:101Pa 21:19—24; 2Pa 9:7, 36
2 Pat. 10:111Pa 18:19; 2Pa 23:19, 20
2 Pat. 10:111Pa 21:21
2 Pat. 10:132Pa 8:29; 9:21, 27; 2Tr 22:1
2 Pat. 10:142Tr 22:8
2 Pat. 10:151Tr 2:55
2 Pat. 10:15Ýer 35:6, 19
2 Pat. 10:164Ms 25:11; 1Pa 19:10
2 Pat. 10:171Pa 21:20, 21; 2Pa 9:26
2 Pat. 10:172Pa 9:8; 2Tr 22:7
2 Pat. 10:181Pa 16:32, 33; 18:22
2 Pat. 10:192Pa 3:13
2 Pat. 10:192Pa 10:11
2 Pat. 10:211Pa 16:30, 32
2 Pat. 10:232Pa 10:15; Ýer 35:6, 19
2 Pat. 10:252Ms 32:26, 27; 5Ms 13:6—9; Hyz 9:5
2 Pat. 10:263Ms 26:1
2 Pat. 10:265Ms 7:25
2 Pat. 10:273Ms 26:30; 5Ms 7:5
2 Pat. 10:271Pa 16:30, 32
2 Pat. 10:291Pa 12:28—30; 13:33; Hoş 8:6
2 Pat. 10:301Pa 21:21
2 Pat. 10:302Pa 13:1, 10; 14:23; 15:8, 12
2 Pat. 10:315Ms 10:12; Hoş 1:4
2 Pat. 10:311Pa 12:28—30; 13:34; 14:16
2 Pat. 10:321Pa 19:17; 2Pa 8:12; 13:22
2 Pat. 10:334Ms 32:33; Ýuş 22:9
2 Pat. 10:335Ms 3:13—16; 28:63; Ýuş 13:8—12
2 Pat. 10:352Pa 13:1
  • Mukaddes Kitap
  • 1
  • 2
  • 3
  • 4
  • 5
  • 6
  • 7
  • 8
  • 9
  • 10
  • 11
  • 12
  • 13
  • 14
  • 15
  • 16
  • 17
  • 18
  • 19
  • 20
  • 21
  • 22
  • 23
  • 24
  • 25
  • 26
  • 27
  • 28
  • 29
  • 30
  • 31
  • 32
  • 33
  • 34
  • 35
  • 36
Mukaddes Kitap
2 Patyşalar 10:1—36

Ikinji Patyşalar

10 Ahabyň+ Samariýada 70 ogly bardy. Ýehuw Ýizregeliň han⁠-⁠beglerine, ýaşulularyna+ we Ahabyň çagalaryna seredýänlere* hat ýazyp, Samariýa iberdi. Hatda şeýle sözler bardy: 2 «Hökümdaryň ogullary, söweş arabalary, atlary, ýaraglary, galalary siziň eliňizde. Şu haty alan badyňyza, 3 hökümdaryň iň gowy, adalatly* ogluny saýlap, kakasynyň ýerine tagta çykaryň. Soňra hökümdaryňyzyň öýi üçin söweşiň».

4 Olar gorkup, öz aralarynda: «Iki patyşa onuň öňünde durup bilmedik bolsa+, biz nädip duraly?» diýdiler. 5 Soňra köşk dolandyryjy, şäher häkimi, ýaşulular we Ahabyň çagalaryna seredýänler Ýehuwa habar ýollap: «Biz seniň guluň, diýeniňden çykmarys. Hiç kimi patyşa bellemeris, nämäni makul bilseň, ediber» diýdiler.

6 Şonda Ýehuw olara ýene⁠-⁠de hat ýollap: «Meniň tarapyma geçip, tabyn bolmak isleseňiz, onda hökümdaryň ogullarynyň kellesini alyp, ertir şu wagtlar Ýizregele geliň» diýdi.

Ahap patyşanyň 70 ogly şäheriň at⁠-⁠abraýly adamlarynyň elinde ulalypdy. Olar şol adamlaryň ýanynda bolýardy. 7 Hat gelip gowşan badyna, şol adamlar patyşanyň 70 ogluny öldürip+, kellesini sebede saldylar⁠-⁠da, Ýizregeldäki Ýehuwa iberdiler. 8 Ýehuwa: «Şa ogullarynyň kellesini getirdiler» diýip habar berdiler. Ýehuw: «Olary iki üýşmek ediň⁠-⁠de, şäher derwezesinde irdene çenli goýuň» diýdi. 9 Ertesi ir bilen Ýehuw halkyň öňüne çykyp: «Munda siziň günäňiz ýok. Hökümdara garşy dil düwşüp, öldüren men+. Ýöne şa ogullaryny kim öldürendir öýdýäňiz? 10 Bilip goýuň, Ýehowanyň ýekeje sözi⁠-⁠de, Ýehowanyň Ahabyň maşgalasy barada aýdan sözleriniň biri⁠-⁠de ýerine ýetmän galmaz*+. Ýehowa Ylýas pygamber arkaly aýdan sözlerini berjaý etdi»+ diýdi. 11 Soňra Ýehuw Ýizregelde Ahabyň maşgalasynda aman galanlary, at⁠-⁠abraýly adamlaryny, dost⁠-⁠ýarlaryny, ruhanylaryny+ öldürdi, ýekejesini⁠-⁠de diri goýmady+.

12 Soňra Ýehuw Samariýa gitdi. Ýoluň ugrunda çopanlaryň goýun gyrkýan ýeri bardy. 13 Ýehuw şol ýerden geçip barýarka, Ýahuda patyşasy Ahazýanyň+ doganlaryna duşup, olardan: «Siz kim bolarsyňyz?» diýip sorady. Olar hem: «Biz Ahazýanyň doganlary, patyşamyzyň ogullarynyň hem⁠-⁠de şa aýalynyň* ogullarynyň hal⁠-⁠ýagdaýyny soramaga barýarys» diýdiler. 14 Ýehuw muny eşiden badyna: «Tutuň olary!» diýdi. Şonda olaryň hemmesini tutup, goýun gyrkylýan ýerdäki howdanyň ýanynda öldürdiler; olar jemi 42 adamdy. Ýehuw olaryň ýekejesini⁠-⁠de diri galdyrmady+.

15 Ýehuw ýene⁠-⁠de ýola düşdi. Ol gidip barýarka, Rehabyň+ ogly Ýehonadaba+ duşdy. Ýehonadap ony garşylamaga gelýän eken. Ýehuw onuň bilen salamlaşyp: «Men bütin ýüregim bilen seniň tarapyňda, sen hem meniň tarapymdamy?» diýip sorady.

Ýehonadap: «Hawa, seniň tarapyňda!» diýip jogap berdi.

Şonda Ýehuw: «Hany, onda eliňi ber» diýdi.

Ol elini uzatdy welin, Ýehuw çekip, arabasyna mündürdi⁠-⁠de: 16 «Ýör, meniň bilen git, Ýehowa yhlasymyň nähili güýçlüdigini* görersiň»+ diýdi. Şeýdip, Ýehonadaby Ýehuwyň söweş arabasyna mündürip alyp gitdiler. 17 Ýehuw Samariýa baryp, Ýehowanyň Ylýas pygamber arkaly aýdyşy ýaly+, Ahabyň tohum⁠-⁠tijinden diri galanlaryň ählisini gyrdy+.

18 Ýehuw tutuş halky ýygnap: «Ahap Bagala onçakly gowy sežde etmändir, indi Ýehuwyň Bagala+ sežde edişini görüň. 19 Bagala sežde edýän ähli adamlary, pygamberleri+, ruhanylary+ ýanyma çagyryň, ýekejesini⁠-⁠de galdyraýmaň. Bagal üçin uly gurbanlyk berjekdirin. Gelmedik adamyň başy ölümlidir» diýdi. Ýehuw Bagala sežde edýänleri bütinleý ýok etmek isleýärdi.

20 Soňra Ýehuw: «Bagalyň şanyna uly baýram etjek» diýip, bütin halka jar çekdirdi. 21 Ýehuw tutuş Ysraýyl topragyna habar ýollady. Şeýlelikde, Bagala sežde edýän ähli adamlar ýygnandy, ýekejesi hem galmady. Olar Bagalyň buthanasyna+ girdiler. Buthananyň içinde adamlardan ýaňa aýak basara ýer ýokdy. 22 Ýehuw egin⁠-⁠eşik saklanýan jaýyň gözegçisine: «Bagala sežde edýänlere don getirip ber» diýdi. Ol hemmelere don paýlap çykdy. 23 Soňra Ýehuw Rehabyň ogly Ýehonadap+ bilen Bagalyň buthanasyna girdi. Ol Bagala sežde edýänlere ýüzlenip: «Töweregiňize seredişdirip görüň, araňyzda Ýehowanyň gullukçylaryndan hiç kim bolmasyn, diňe Bagala sežde edýänler bolmalydyr» diýdi. 24 Olar ýakma gurbanlyklary, sadakalary berip başladylar. Ýehuw 80 nökerini daşarda goýup: «Olaryň ýekejesini gaçyraýsaňyz, öz janyňyzy alaryn!» diýdi.

25 Ýakma gurbanlygy berlen badyna, Ýehuw sakçylaryna* we nökerlerine: «Giriň⁠-⁠de, hemmesini öldüriň, birinem gaçyraýmaň!»+ diýdi. Şonda sakçylar bilen nökerler olary gylyçdan geçirip, daşaryk zyňyp başladylar. Olar Bagalyň buthanasynyň içki otagyna* çenli girip, hemmesini gyrdylar. 26 Soňra buthanadaky keramatly sütünleri+ çykaryp ýakdylar+. 27 Bagalyň keramatly sütünini+ hem kül⁠-⁠owram etdiler, buthanany+ ýumurdylar, ol häli⁠-⁠häzire çenli hajathana hökmünde ulanylýar.

28 Şeýdip, Ýehuw Ysraýylda Bagala edilýän seždäniň soňuna çykdy. 29 Ýöne Ýehuw Beýtelde we Danda duran altyn göleleri aýyrmady+, Ysraýyla günä etdiren Nebatyň ogly Ýerobgamyň günäli işlerinden el çekmedi. 30 Ýehowa oňa: «Sen öňümde dogry iş etdiň, Ahabyň maşgalasyny bütinleý ýok edip+, ýürek islegimi ýerine ýetirdiň. Şonuň üçin nesliň dört arka çenli Ysraýyl tagtynda oturar»+ diýdi. 31 Emma Ýehuw Ysraýyl Hudaýy Ýehowanyň Kanunyna bütin ýüregi bilen ýapyşmady+. Ol Ysraýyla günä etdiren Ýerobgamyň erbet işlerinden el çekmedi+.

32 Şol döwürde Ýehowa Ysraýyl ýurduny kem⁠-⁠kemden duşmanlaryň eline berip başlady. Hazaýyl patyşa Ysraýylyň hemme ýerine çozýardy+. 33 Ol Iordanyň gündogaryndan başlap, gadlaryň, rubenleriň we manaşalaryň+ ýaşaýan Gilead topragyny, Arnon jülgesiniň golaýyndaky Arogerden tä Gilead bilen Başana çenli aralygy basyp aldy+.

34 Ýehuwyň durmuşynda bolan başga⁠-⁠da wakalar, ähli eden işleri we şan⁠-⁠şöhraty hakda Ysraýyl patyşalarynyň taryhy kitabynda ýazylandyr. 35 Soňra Ýehuw aradan çykyp, Samariýada jaýlandy, ýerine ogly Ýehogahaz+ patyşa boldy. 36 Ýehuw Samariýada Ysraýylyň üstünden 28 ýyl höküm sürdi.

Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
Çykmak
Girmek
  • türkmen
  • Paýlaş
  • Sazlamalar
  • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
  • Şertler we düzgünler
  • Gizlinlik syýasaty
  • Gizlinlik sazlamalary
  • JW.ORG
  • Girmek
Paýlaş