- 
	                        
            
            5 Musa 3:13—16Mukaddes Kitap
 - 
                            
- 
                                        
13 Gileadyň galan bölegini we Başan hany Oguň golastyndaky ýerleri manaşa taýpasynyň ýarysyna berdim+. Başandaky Argop welaýaty refaýimleriň ýurdy hasaplanýardy.
14 Manaşanyň ogly Ýaýyr+ geşurlylaryň we magakatlylaryň+ serhedine çenli tutuş Argop welaýatyny+ basyp alyp, Başanyň şol obalaryna öz adyny goýdy. Olara henizem Hawot-ýaýyr*+ diýilýär. 15 Gileady Mahyra+ berdim. 16 Rubenlere we gadlara+ bolsa Gileaddan başlap, Arnon jülgesine çenli aralygy berdim. Jülgäniň ortasy olaryň serhedi hasaplanýar. Şeýle-de ammonlaryň serhedindäki Ýabok jülgesine çenli aralygy,
 
 - 
                                        
 
- 
	                        
            
            5 Musa 28:63Mukaddes Kitap
 - 
                            
- 
                                        
63 Ýehowa sizi köpeldip, gowy ýaşadanda nähili begenen bolsa, Ýehowa sizi bütinleý ýok edende hem şeýle begener. Miras aljak ýurduňyzdan köküňiz bilen sogrup taşlar.
 
 - 
                                        
 
- 
	                        
            
            Ýuşa 13:8—12Mukaddes Kitap
 - 
                            
- 
                                        
8 Manaşa taýpasynyň ýarysy, rubenler we gadlar Iordanyň gündogaryndan eýýäm mülküni alypdy. Ýehowanyň guly Musa olara şu ýerleri beripdi+: 9 Arnon jülgesine+ ýanaşyp duran Arogerden+ başlap, jülgäniň ortasynda ýerleşýän şäher we Medeba düzlüginden Dibona çenli aralyk, 10 Heşbonda höküm süren amor hany Sihonyň ammonlaryň serhedine çenli ähli şäherleri+, 11 Gilead, geşurlylaryň we magakatlylaryň+ ýurdy, Hermon dagy, Saleka+ çenli tutuş Başan ýurdy+, 12 Aştarotda we Edreýde höküm süren Başan hany Oguň golastyndaky ýerler. Og han refaýimleriň iň soňkusydy+. Musa şol halklary derbi-dagyn edip, ýurtdan kowup çykardy+.
 
 -