-
4 Musa 21:23, 24Mukaddes Kitap
-
-
23 Emma Sihon ysraýyllara ýurdunyň içinden geçmäge rugsat bermedi. Gaýtam goşunyny ýygnap, ysraýyllar bilen söweşmek üçin çöle çykdy. Ol Ýahaza baryp, ysraýyllara hüjüm etdi+. 24 Ysraýyllar bolsa Sihony gylyçdan geçirip+, ýurduny+ Arnondan+ tä ammonlaryň golaýyndaky Ýaboga+ çenli basyp aldylar. Ýöne Ýazerden+ aňryk geçmediler, sebäbi Ýazer ammonlaryň serhedinde+ ýerleşýärdi.
-
-
4 Musa 21:33—35Mukaddes Kitap
-
-
33 Soňra öwrülip, Başan ýolundan gitdiler. Emma Başan hany Og+ goşunyny ýygnap, ysraýyllar bilen söweşmek üçin Edreýe+ geldi. 34 Şonda Ýehowa Musa: «Gorkma+, Ogy, tutuş goşunyny we ýurduny eliňe bererin+. Ogy hem Heşbonda ýaşan amor hany Sihonyň gününe salarsyň»+ diýdi. 35 Ysraýyllar Başan hany Ogy, ogullaryny we goşunyny derbi-dagyn edip, ýekejesini hem diri galdyrmadylar+. Şeýdip, Başan hanynyň ýurduny eýelediler+.
-