14-nji bölüm
I asyrdaky mesihçiler Hudaýyň Patyşalygy barada dünýäniň dürli künjeginde wagyz edýärdiler. Isa olara nirede wagyz etmelidigini aýdýardy. Şeýle-de olara dürli dilde geplemäge ukyp berdi. Şägirtler her kime öz ene dilinde wagyz edýärdiler. Ýehowa şägirtlere yzarlamalarda berk durar ýaly batyrgaýlyk hem güýç berdi.
Isa Ýahýa görnüş görkezýär. Görnüşde Ýahýa Ýehowanyň şöhratyny görýär. Başga bir gezek bolsa Hudaýyň Patyşalygynyň Şeýtany ýeňip, ebedilik ýok edýändigini görýär. Soňra Isanyň Patyşa bolýandygyny, onuň ýanynda 144 000 saýlananlaryň höküm sürýändigini görýär. Şeýle-de ýer ýüzüniň Jennet bolýandygyny, adamlaryň Ýehowa agzybir sežde edýändigini we parahat ýaşaýandygyny görýär.