Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 93 sah. 216—sah. 217 abz. 5
  • Isa göge gidýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa göge gidýär
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Isa Pentikost baýramyndan öň ýüzlerçe adama görünýär
    Isa pygamber — ýol, hakykat we ýaşaýyş
  • Zeýtun dagynda
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Isa hoş habary wagyz edýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Isa diri!
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 93 sah. 216—sah. 217 abz. 5
Isa göge galýar; şägirtler hem oňa seredip dur

93-NJI SAPAK

Isa göge gidýär

Isa şägirtleri bilen Jelilede görüşýär. Olara wajyp tabşyryk berýär. Isa şägirtlerine: «Gidiň-de, ähli milletlere wagyz ediň. Meniň öwreden zatlarymy olara hem öwrediň. Olary suwa çümdüriň» diýýär. Soňra: «Men hemişe siziň ýanyňyzda bolaryn» diýip söz berýär.

Isa direlensoň, 40 günüň içinde köp zatlar boldy. Ol Jelilede we Iýerusalimde ýüzlerçe şägirtlerine göründi. Olara köp zatlary öwretdi, gudratlary görkezdi. Soňra Zeýtun dagynda şägirtleri bilen iň soňky gezek görüşdi. Olara: «Iýerusalimden gitmäň, Atamyň berjek zadyna garaşyň» diýdi.

Şägirtler Isanyň aýdan sözlerine düşünmediler. Şonuň üçin Isadan: «Sen häzir Ysraýylyň Patyşasy bolmaga barýarsyňmy?» diýip soradylar. Isa olara: «Ýok, men häzir Patyşa bolmaryn. Ýehowanyň bellän wagty entek gelmedi. Tizden size mukaddes ruh berler. Siz meniň şaýatlarym bolarsyňyz. Iýerusalimde, Ýahudada, Samariýada we bütin ýer ýüzünde wagyz edersiňiz» diýdi.

Soňra Isa asmana galdy. Şägirtleri hem oňa seredip durdylar. Isa bulutlaryň içine girip gitdi. Soň ony hiç kim görmedi.

Şägirtler Zeýtun dagyndan düşdüler. Soňra Iýerusalime gaýtdylar. Bir öýüň ýokarky otagyna geldiler. Olar şol ýerde köplenç ýygnanyşýardylar. Şägirtler doga edip, Isanyň berjek tabşyrygyna garaşdylar.

«Patyşalyk baradaky hoş habar bütin ýer ýüzünde ähli milletlere wagyz ediler, soňra dünýäniň soňy geler» (Matta 24:14).

Soraglar: Isa şägirtlerine nähili tabşyryk berdi? Zeýtun dagynda näme boldy?

Matta 28:16—20; Luka 24:49—53; Ýahýa 20:30, 31; Resullar 1:2—14; 1 Korinfliler 15:3—6

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş