Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • bm böl. 21 sah. 24
  • Isa diri!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Isa diri!
  • Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Meňzeş maglumat
  • Resullar batyrgaý wagyz edýärler
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Hudaý Ogluny direltdi
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Isa direlýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Isa gelejek barada pygamberlik edýär
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
Başgalary
Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
bm böl. 21 sah. 24
Isa göge galýar

21-NJI BÖLÜM

Isa diri!

Isa şägirtlerine görünýär; olara tälim berýär we ruhlandyrýar

ISANYŇ ölenine üç gün boldy. Onuň şägirtlerinden birnäçe aýal mazara gelip, öňünde goýlan daşyň aýrylandygyny we mazaryň boşdugyny görýärler.

Birdenkä, olara iki perişde görünýär. Perişdeleriň biri: «Siz haça çüýlenen Nasyraly Isany gözleýärsiňiz. Ol direldi» diýýär (Markus 16:6). Şol bada aýallar muny resullara habar bermek üçin gidýärler. Ýolda olara Isa duşýar. Ol aýallara: «Gorkmaň, baryň, doganlaryma aýdyň, Jelilä gitsinler. Meni şol ýerde görerler» diýýär (Matta 28:10).

Biraz soňra Isanyň iki şägirdi Iýerusalimden Emmaus obasyna barýardy. Bir adam olaryň ýanyna baryp, näme barada gürrüň edýändiklerini soraýar. Bu adam direlen Isady, ýöne olar ony tanamadylar. Şägirtler gamgyndy, olar Isa hakynda gürrüň edýändiklerini aýtdylar. Şonda ol adam Ýazgylardaky Mesihe degişli ähli zatlary düşündirýär. Dogrudan-da, Mesih baradaky pygamberlikleriň ählisi Isada jikme-jik bilen ýerine ýetdia. Şägirtleri bu adamyň Isadygyna we onuň ruh bolup direlendigine düşünende, ol gözden ýitirim bolýar.

Bu iki şägirt derrew Iýerusalime dolanýar. Olar bir ýere ýygnanan resullary tapyp, bolan wakany gürrüň berýärler. Jaýyň gapysy gulplanan bolsa-da, birdenkä olaryň ýanynda Isa peýda bolýar. Şägirtler muňa geň galyp, öz gözlerine ynanmaýarlar. Isa olardan: «Näme sebäpden göwnüňize beýle pikirler gelýär? — diýip soraýar, soňra — Şeýle ýazylgydyr: Mesih görgi görüp, ölenden üç günden soň direljekdir» diýýär (Luka 24:38, 46).

Isa direlenden soň, kyrk günüň dowamynda şägirtlerine ençeme gezek görünýär. Bir gezek, ol 500-den gowrak şägirdine görünýär! Mümkin, ol şu tabşyrygy şonda berendir: «Gidiň-de, bütin milletleri şägirt ediň... Size tabşyran ähli zatlarymy berjaý etmegi olara öwrediň. Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» (Matta 28:19, 20).

Isa on bir wepaly resuly bilen soňky sapar duşuşanda, şeýle wada berdi: «Mukaddes Ruh üstüňize inende, güýç-kuwwat alyp... ýeriň tä soňuna çenli Meniň güwälerim bolarsyňyz» (Resullaryň işleri 1:8). Şondan soň Isa olardan aýrylyp, göge galdy.

Mattanyň 28-nji, Markusyň 16-njy, Lukanyň 24-nji, Ýahýanyň 20, 21-nji baplaryna we 1 Korintoslylar 15:5, 6-njy aýatlaryna esaslanýar.

a Pygamberlikleriň Isada ýerine ýetişini şu broşýuranyň 17—19-njy sahypalaryndan we «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» kitabynyň 199—201-nji sahypalaryndan bilse bolýar.

  • Şägirtler Isany Hudaýyň direldendigini nädip bildiler?

  • Isa Emmausa barýan iki şägirdine nämäni düşündirdi?

  • Isa göge galmazdan öň, şägirtlerine nähili tabşyryk berdi?

MUKADDES RUH

Älemde iň uly güýç — Hudaýyň mukaddes ruhy. Ýehowa Hudaý öz ruhy, ýagny hereketdäki güýji arkaly gögi we ýeri ýaratdy hem-de Mukaddes Ýazgylary ýazmaga görkezme berdi. Agzalan gudratlaryň ählisi, şol sanda Isa Mesihiň güýçli ruh bolup direlmegi hem şol güýç arkaly boldy. Bu iň uly gudratdyr! (Gelip çykyş 1:2; 2 Şamuwel 23:2; Resullaryň işleri 10:38; 1 Petrus 3:18).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş