Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 102 sah. 236—sah. 237 abz. 2
  • Ýahýa görnüş görýär

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýahýa görnüş görýär
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýyň Patyşalygy näme?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Ýer ýüzi Jennet!
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
  • Ine, uly märeke!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2019
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 102 sah. 236—sah. 237 abz. 2
Ýahýa resul Ylham kitabyny ýazýar

102-NJI SAPAK

Ýahýa görnüş görýär

Ýahýa resul Patmos adasynda türmededi. Isa oňa 16 sany görnüş görkezýär. Ol gelejekde boljak zatlary görýär. Görnüşde Ýehowanyň ady mukaddes bolýar, Patyşalygy gelýär. Şeýle-de ýer ýüzünde Hudaýyň islegi ýerine ýetýär.

Görnüşleriň birinde Ýahýa Ýehowanyň beýik tagtyny görýär. Tagtyň daşynda ýyldyrym çakýardy, ondan güýçli ses gelýärdi. Tagtyň daş-töwereginde 24 ýaşuly bardy. Olar ak eşiklidi, kellesinde altyndan täji bardy. Şol 24 ýaşuly Ýehowanyň öňünde dyza çöküp, oňa sežde edýär. Ýahýa resul başga bir görnüşde uly märekäni görýär. Olar dürli milletden, dürli dilde gepleýärdi. Hemmesi Ýehowa sežde edýärdi. Ol görnüşde bir Guzyny hem görýär. Şol Guzy Isady. Isa uly märekäniň aladasyny edýär. Olara ýaşaýyş suwuny berýär. Ýahýa ýene bir görnüş görýär. Görnüşde Isa gökde Patyşa bolýar. Onuň ýanynda 24 ýaşuly hem bardy. Soňra Ýahýa ýene bir görnüş görýär. Görnüşde Isa aždarha bilen söweşýär. Şol aždarha Şeýtan we onuň jynlary. Isa olary gökden ýere zyňýar.

Isa bilen 144 000 saýlananlar Sion dagynda

Soňra Ýahýa resul üýtgeşik görnüş görýär. Ol görnüşde Sion dagyny görýär. Dagyň üstünde Guzy bilen 144 000 saýlananlar bardy. Şeýle-de ol bütin ýer ýüzüne aýlanyp ýören perişdäni görýär. Perişde adamlara: «Hudaýdan gorkuň, diňe ony şöhratlandyryň» diýýärdi.

Ondan soň Ýahýa görnüşde Armageddon söweşini görýär. Söweşde Isa bilen onuň goşuny Şeýtanyň dünýäsini ýeňýär. Iň soňky görnüşde bolsa, Ýahýa gökde we ýerde parahatlygyň bolýandygyny görýär. Şeýtan we oňa gulak asýanlar doly ýok edilýär. Gökde-de, ýerde-de hemmeler diňe Ýehowa sežde edýär we onuň adyny şöhratlandyrýar.

«Seniň bilen aýalyň arasyna, seniň nesliň bilen onuň nesliniň arasyna duşmançylyk salaryn. Ol seniň kelläňi mynjyradar, sen bolsa onuň dabanyndan çakarsyň» (1 Musa 3:15).

Soraglar: Ýahýa näçe görnüş görýär? Armageddon söweşinde Isa näme eder?

Ylham 1:1—3; 4:1—11; 7:4, 9—17; 11:15—18; 12:5—12; 14:1, 6, 7; 16:14, 16; 21:5

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş