Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 103 sah. 238—sah. 239 abz. 2
  • «Patyşalygyň gelsin»

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Patyşalygyň gelsin»
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaý ýer üçin näme niýetledi?
    Hudaý bizden näme talap edýär?
  • Agyr durmuş başlanýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Hudaý ýeri näme maksat bilen ýaratdy?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Hudaý ýeri näme maksat bilen ýaratdy?
    Hudaýyň hoş habary
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 103 sah. 238—sah. 239 abz. 2
Hemme adamlar Jennetde hezil edip ýaşaýar

103-NJI SAPAK

«Patyşalygyň gelsin»

Ýehowa şeýle söz berýär: «Indi hiç kim aglamaz, kesellemez we ölmez. Men adamlaryň gözlerinden ýaşlaryny süpürerin. Öňki erbet zatlar ýatdan çykar».

Ýehowa Adam ata bilen How enä Erem bagyny berdi. Olar şol ýerde agzybir hem bagtly ýaşamalydy. Olar gökdäki Atasy Ýehowa gulluk etmelidi. Çaga edinip, ýer ýüzüni doldurmalydy. Adam ata bilen How ene Ýehowa gulak asmady. Ýöne Ýehowa başdaky islegini ýadyndan çykarmady. Şu kitapdan bilşimiz ýaly, Ýehowanyň her bir aýdan sözi ýerine ýetýär. Ýehowa Ybraýyma söz berişi ýaly, Patyşalygy arkaly ýerde köp gowy zatlary eder. Ýer ýüzi Jennet bolar.

Hemme adamlar Jennetde hezil edip ýaşaýar

Tizden Şeýtan, jynlar we erbet adamlaryň ählisi ýok bolar. Hemmeler Ýehowa sežde eder. Hiç birimiz kesellemeris we ölmeris. Irden turanymyzda hiç ýerimiz agyrmaz, keýpimiz kök bolar. Ýaşadygymyzça ýaşasymyz geler. Bütin ýeriň ýüzi Jennet bolar. Şonda iýmit bol bolar, adamlar islän zadyny iýer. Her kimiň öz öýi bolar, arkaýyn ýatyp-turar. Adamlar uruşmaz, gaýtam mähirli bolar. Adamlar hiç bir haýwandan gorkmaz. Haýwanlar bize zyýan ýetirmez. Haýwanlar hem adamlardan gorkmaz.

Ýehowa ölen adamlary direldip başlanda, köp gyzykly wakalar bolar. Biz köp adamlaryň direlişini göreris. Meselem, Habyly, Nuhy, Ybraýymy, Bibisarany, Musany, Ruty, Esteri we Dawudy garşy alarys. Olar bilen işläp, ýer ýüzüni Jennet ederis. Jennetde iş köp bolar, içimiz gysmaz.

Ýehowa seniň hem Jennetde ýaşamagyňy isleýär. Şol ýerde sen Ýehowa barada öň bilmedik zatlaryňy öwrenersiň. Şonuň üçin häzirden Ýehowa bilen ýakyn dost boluň. Goý, siziň dostlugyňyz ebedilik bolsun!

«Gudratygüýçli Hudaýymyz Ýehowa, sen şöhrata, hormata, alkyşa mynasypsyň! Sebäbi ähli zady sen ýaratdyň» (Ylham 4:11).

Soraglar: Hudaý Patyşalygy arkaly ýerde näme eder? Sen şu kitapdan köp adamlar barada bildiň. Jennetde olaryň haýsysy bilen tanyşmak isleýärsiň?

Ylham 21:3, 4; Eýýup 33:25; Nakyllar 2:21, 22; Işaýa 11:2—10; 33:24; 65:21; Matta 6:9, 10; Ýahýa 5:28, 29; 17:3

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş