Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 5
  • Agyr durmuş başlanýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Agyr durmuş başlanýar
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Olar öýünden näme üçin kowuldy?
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Jennetde ýaşaýyş nähilidi?
    Hudaýa gulak asyň we ebedi ýaşaň
  • Adam ata bilen How ene Hudaýy diňlemedi
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Hudaý erkek bilen aýaly ýaratdy
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 5

5-NJI HEKAÝA

Agyr durmuş başlanýar

ADAM ata bilen How enä Erem bagynyň daşynda ýaşamak örän agyrdy. Olar iýjek çöregini gazanmak üçin köp işlemelidi. Ir-iýmişli owadan agaçlaryň deregine, olaryň daş-töwereginde tiken bilen ýabany otlar ösýärdi. Bu zatlar Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asman, dostlugyny ýitireni üçin boldy.

Ýöne iň erbedem Adam ata bilen How ene ölmeli boldy. Ýadyňda bolsa, Hudaý olara bir agajyň miwesinden iýseňiz, ölersiňiz diýipdi. Onuň aýdyşy ýaly-da boldy. Olar şol miweden iýen güni kem-kemden garrap, ölmeli boldular. Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asman, nähili akylsyzlyk etdiler!

Adam ata bilen How enäniň çagalary Erem bagyndan kowlandan soň doguldy. Şonuň üçin olaryň çagalary-da garrap ölmeli boldy.

Adam ata bilen How ene Ýehowa gulak asan bolsadylar, onda olaryň hem-de çagalarynyň durmuşy bagtly bolardy. Olaryň ählisi ýer ýüzünde ebedi hem bagtly ýaşardylar. Hiç kim garramaly, kesellemeli we ölmeli bolmazdy.

Hudaý adamlaryň ebedi hem bagtly ýaşamagyny isleýär. Bir wagt olaryň ebedi ýaşajakdygyny wada berýär. Şonda diňe bir ýer ýüzi gözellige öwrülmän, eýsem, adamlaryň özleri-de sagdyn bolar. Ýer ýüzündäki adamlaryň ählisi biri-birleri bilen hem-de Hudaý bilen dost bolar.

How ene bolsa indi Hudaýyň dosty däldi. Şonuň üçinem çaga dogurmak oňa ýeňil düşmedi. Görýäňmi, How ene Ýehowa gulak asmany üçin görgi baryny gördi?

Adam ata bilen How enäniň ogul-gyzlary köpdi. Ilkinji ogly doglanda Kabyl diýen at dakdylar. Ikinji ogluna bolsa, Habyl diýen at dakdylar. Olara näme bolanyny bilýäňmi?

Barlyk 3:16—23; 4:1, 2; Ylham 21:3, 4.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş