Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 11
  • Ilkinji älemgoşar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ilkinji älemgoşar
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Sekiz adam halas boldy
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Bütindünýä tupany ýene-de bolarmy?
    Beýik Mugallymdan öwreniň
  • Geçmişden sapak
    Sen Hudaýyň dosty bolup bilersiň!
  • Bütindünýä tupany
    Mukaddes Ýazgylar näme habar berýär?
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 11

11-NJI HEKAÝA

Ilkinji älemgoşar

NUH maşgalasy bilen gämiden çykyp, ilki bilen, näme edenini bilýäňmi? Ol Hudaýa gurban, ýagny sowgat berdi. Sen muny aşakdaky suratdan görýänsiň. Tupandan maşgalasyny halas edeni üçin, Nuh Hudaýa minnetdarlyk bildirip, mallardan sowgat berdi.

Seniň pikiriňçe, onuň sowgady Ýehowa ýaradymyka? Elbetde, ýarady. Şonuň üçin ol Nuha dünýäni gaýdyp hiç haçan suw bilen ýok etmejegini aýtdy.

Basym ýer ýüzünde suw gurady. Soňra Nuh maşgalasy bilen gämiden çykyp, ýene-de ýer ýüzünde ýaşap başlady. Hudaý olara ak pata berip: «Ýer ýüzi dolýança köpeliň» diýdi.

Wagtyň geçmegi bilen adamlar uly tupan barada eşidip, şeýle tupanyň ýene-de bolmagyndan gorkmagy mümkindi. Şonuň üçin Hudaý gaýdyp ýer ýüzüni tupan bilen heläk etmejegini ýatladýan bir alamat berdi. Nähili alamatdygyny bilýäňmi? Älemgoşar.

Köplenç ýagyşdan soň gün çykanda, älemgoşar peýda bolýar. Älemgoşar dürli owadan reňklerden ybarat. Sen älemgoşary görüpmidiň? Ony suratda görýäňmi?

Hudaý şonda şeýle diýdi: «Men bütin adamzady hem-de haýwanlary tupan bilen gaýdyp ýok etmejegimi wada berýärin. Men älemgoşary bulutda goýdum. Älemgoşar görnende, beren wadamy ýadyma salaryn».

Şonuň üçin sen älemgoşary göreňde, ol saňa nämäni ýatlatmaly? Dogry, Ýehowanyň dünýäni gaýdyp uly tupan bilen ýok etmejekdigini ýatlatmaly.

Barlyk 8:18—22; 9:9—17.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş