Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 7
  • Batyr adam

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Batyr adam
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Ýaradylyşdan başlap, bütindünýä tupanyna çenli
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Imanymyz we Hudaýdan gorkýandygymyz üçin mertdiris
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Ýahuda kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 7

7-NJI HEKAÝA

Batyr adam

ÝER ÝÜZÜNDE adamlar köpelip, olaryň köpüsi Kabyl ýaly erbet iş edýärdiler. Emma bir adam olardan tapawutlanýardy. Onuň ady Hanoh. Hanoh örän batyr adamdy. Töwerekdäki adamlar gaty erbet iş etselerem, Hanoh Hudaýa gulluk edýärdi.

Olaryň näme üçin erbet iş edýändiklerini bilýäňmi? Ýadyňda bolsa, Adam ata bilen How enä Hudaýyň iýmeli däl diýen miwesinden iýmegi kim maslahat beripdi? Dogry, erbet perişde. Mukaddes Ýazgylarda oňa Şeýtan diýilýär. Şeýtan hemme adamlaryň erbet bolmagyny isleýär.

Bir gezek Ýehowa Hudaý adamlara habar aýtmaga Hanohy ýollaýar. Adamlaryň bolsa, diňläsleri gelmedi. Ol habar şundan ybaratdy: «Hudaý ähli erbet adamlary ýok etmek üçin bir gün belledi». Adamlar bu habary eşidip, gaty gaharlanan bolsalar gerek. Belki-de, olar Hanohy öldürjegem bolandyr. Şonuň üçin Hudaýyň niýeti barada adamlara aýdar ýaly, Hanoha batyrlyk gerekdi.

Hudaý şol erbet adamlaryň arasynda Hanohyň uzak ýaşamagyna ýol bermedi. Ol bary-ýogy 365 ýyl ýaşady. Biz näme üçin «bary-ýogy 365 ýyl» diýýäris? Sebäbi şol döwürde adamlar has sagdyndylar. Häzirkiden uzak ýaşaýardylar. Göz öňüne getir, Hanohyň ogly Metuşelah 969 ýyl ýaşady!

Hanoh ölenden soň, adamlar has-da erbetleşdiler. Töwrat: «Olaryň hemişe erbet zatlar hakda pikir edendigini» we «ýer ýüzünde erbetligiň köpdügini» aýdýar.

Şol döwürde ýer ýüzünde erbetlik köp bolýardy. Sebäbini bilýäňmi? Şeýtan adamlara erbetligi etdirmegiň täze usulyny tapdy. Bu barada indiki bapdan bileris.

Barlyk 5:21—24, 27; 6:5; Ýewreýler 11:5; Ýahuda 14, 15.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş