1-NJI BÖLÜM
Ýaradylyşdan başlap, bütindünýä tupanyna çenli
Gök bilen Ýer hem-de Gün, Aý, ýyldyzlar we ýerdäki köp zatlar nireden peýda bolduka? Mukaddes Ýazgylar bulary Hudaý ýaratdy diýýär. Şonuň üçinem biziň kitabymyz Mukaddes Ýazgylaryň ýaradylyş baradaky hekaýalaryndan başlanýar.
Hudaýyň ilki bilen perişdeleri ýaradandygyny bileris. Ýöne Ýer adamlar üçin ýaradylypdy. Şonuň üçinem Hudaý erkegi we aýaly, ýagny Adam ata bilen How enäni ýaradyp, olary ajaýyp bagda ýerleşdirdi. Emma Adam ata bilen How ene Hudaýa gulak asman, ebedi ýaşaýşy ýitirdiler.
Adam ata ýaradylandan, bütindünýä tupanyna çenli 1656 ýyl geçdi. Şol döwürde göze görünmeýän Şeýtan we onuň erbet perişdeleri gökde ýaşaýardylar. Ýerde bolsa, Kabyl we başga-da köp erbet adamlar bolup, olaryň arasynda pilmahmytlar hem bardy. Ýöne ýer ýüzünde gowy adamlar hem ýaşaýardy. Olardan: Habyl, Hanoh we Nuh. BIRINJI bölümde şu wakalar hem-de adamlar barada gürrüň gider.