1-NJI HEKAÝA
Hudaý ýaradyp başlaýar
BIZDÄKI gowy zatlaryň barysy Hudaýdan. Ol biziň üçin gündizine ýagty bolsun diýip Güni, gijesine garaňky bolmaz ýaly, ýyldyzlary we Aýy ýaratdy. Şeýle-de Hudaý biziň üçin Ýeri ýaratdy.
Emma Gün, Aý, ýyldyzlar hem-de Ýer birinji ýaradylmandy. Hudaýyň ilki bilen kimleri ýaradanyny bilýäňmi? Hudaý ilki bilen perişdeleri ýaratdy. Biz Hudaýy görüp bilmeýşimiz ýaly, perişdeleri hem görüp bilmeýäris. Perişdeler Hudaý bilen gökde ýaşamalydylar.
Hudaýyň ilkinji ýaradan perişdesi üýtgeşikdi. Bu perişde Hudaýyň ilkinji Ogludy. Ol Atasy bilen zähmet çekipdi. Bu perişde galan ähli zatlary, ýagny Güni, Aýy, ýyldyzlary hem-de Ýeri ýaratmaga Hudaýa kömek etdi.
Şol döwürde Ýer nähilidi? Ilkibaşda onda hiç kim ýaşanokdy. Bütin ýer ýüzünde suwdan başga hiç zat ýokdy. Emma Hudaý ýer ýüzünde adamlaryň ýaşamagyny isläp, Ýeri biziň üçin taýýarlamaga başlady. Ol nämeler etdikä?
Ilki bilen, Ýere ýagtylyk gerekdi. Şonuň üçin Hudaý günüň şöhlelerini Ýere gönükdirdi. Ol gije bilen gündiz çalşar ýaly etdi. Soňra Hudaý suwuň aşagyndaky ýeri ýokarysyna çykardy.
Ilkibaşda ýer ýüzünde hiç zat ýokdy. Ol edil şu suratdaky ýalydy. Onda ne güller, ne baglar, ne-de haýwanlar bardy. Suwda ýekeje balygam ýokdy. Adamlaryň hem haýwanlaryň ýer ýüzünde ýaşamagy üçin Hudaý ýene-de köp işleri etmelidi.