1-NJI SAPAK
Ýehowa gögi we ýeri ýaratdy
Ýehowa Älem-jahany ýaradan Hudaý. Ol gökdäki, ýerdäki görünýän we görünmeýän zatlary ýaratdy. Hudaý başda köp perişdeleri ýaratdy. Sen perişdeleri nähili göz öňüne getirýärsiň? Ýehowa olary özüne meňzeş edipdir, olar hem Ýehowa ýaly göze görünmeýär. Birinji ýaradylan perişde Ýehowa köp kömek edipdir. Ýehowa şol perişde bilen ýyldyzlary, planetalary, başga-da köp zatlary bile ýaradypdyr. Biz şol planetalaryň birinde, ýagny Ýer şarynda ýaşaýarys.
Ýehowa adamlar we haýwanlar üçin ýer ýüzüni ýaratdy. Ol owadan öýe meňzeýär. Hudaý ýagtylyk berýän Güni, daglary, deňizleri, derýalary hem ýaratdy.
Ýehowa ýene nämeleri ýaratdy? Ol her hili otlary, ösümlikleri we miweli agaçlary ýaratdy. Ýer ýüzünde miweli agaçlar, gök önümler we güller ösüp başlady. Soňra asmanda uçýan, suwda ýüzýän we gury ýerde ýaşaýan haýwanlary ýaratdy. Şeýle-de ol syçan ýaly kiçi, pil ýaly uly haýwanlary ýaratdy. Sen haýsy haýwany gowy görýäň?
Şondan soň Ýehowa birinji perişdä: «Gel, indi adam ýaradaly» diýdi. Ýehowa adamy üýtgeşik edip ýaratdy. Adamlar bir zatlar ýasap, gepläp, gülüp we Hudaýa doga edip bilýär. Adamlar haýwanlara we ýer ýüzüne seretmelidi. Ýehowanyň ilkinji ýaradan adamy kim? Gel, onuň kimdigini bileli.
«Ilkibaşda Hudaý gögi we ýeri ýaratdy» (1 Musa 1:1).