Seni kim ýaratdy?
1 Gögi we ýeri Hudaý ýaratdy (Barlyk 1:1).
2 Hudaýyň ady bar. Onuň ady — Ýehowa (Zebur 8:1, 9).
Ýehowa gökde ýaşaýar. Ol — ruh. Sen ony görüp bilmeýärsiň (Ýahýa 1:18; 4:24; Resullaryň Işleri 7:49).
3 Ýehowa Hudaý gökde ençeme perişdeleri ýaratdy. Olar hem ruhlardyr. Olaryň hemmesi gowydy. Geçmişde olar adamlara görünmek üçin kä-wagt ynsan keşbine girýärdiler (Ýewreýler 1:14; Resullaryň Işleri 12:7—10; Barlyk 19:1; Luka 2:9).
4 Ýehowa adamlary ýaratmakdan ençeme wagt öň haýwanlary ýaratdy (Barlyk 1:25).
5 Ýehowa soňra Adam atly bir erkegi we onuň Howa atly aýalyny ýaratdy (Barlyk 1:27).
Hudaý olary ajaýyp bagda, ýagny jennetde ýerleşdirdi. Ol Adam-ata üçin diňe bir aýal ýaratdy. Erkek diňe öz ýeke-täk aýaly bilen ýaşamalydy (Barlyk 2:8, 21, 22, 24).
6 Ynsan — bir jandyr (Barlyk 2:7).
7 Haýwanlar hem, hersi bir jandyr (Barlyk 1:24).