2-NJI HEKAÝA
Ajaýyp bag
BU ÝERIŇ nähilidigini bir görsene! Hemme zat diýseň owadan! Otlara, agaçlara, güllere we ähli haýwanlara syn et. Sen bu ýerden ýolbars bilen pili tapyp bilermiň?
Bu ajaýyp bag nireden peýda bolduka? Onda näme, gel, Hudaýyň biziň üçin ýeri nädip taýýarlanyny bileli.
Ilki bilen, ol ýer ýüzüni gök otlar bilen örtdi. Soňra uly bolmadyk ençeme ösümlikleri, gyrymsy agaçlary we miweli agaçlary ýaratdy. Şeýdip ýer ýüzi gözellige öwrüldi. Ýöne olaryň başga-da berýän peýdasy bar. Olaryň köpüsi örän tagamly miwe getirýär.
Soňra Hudaý suwy balyklardan doldurdy we asmanda uçýan guşlary ýaratdy. Şeýle-de, ol pişikleri, itleri, atlary we uly-kiçi haýwanlary ýaratdy. Seniň ýaşaýan ýeriňde nähili haýwanlar bar? Hudaýyň biz üçin eden ähli zatlaryna begenmeýärismi näme?
Şondan soň Hudaý ýer ýüzüniň bir bölegini üýtgeşik bag edip, ony Erem bagy diýip atlandyrdy. Ol bagyň hiç kemi ýokdy. Hemme zat ajaýypdy. Hudaý bütin ýer ýüzüniň hem şu bag ýaly ajaýyp bolmagyny isledi.
Suratdaky baga ýene-de bir gezek göz aýla. Hudaýyň pikiriçe, bagda näme ýetenok? Gel, bileli.