4-NJI HEKAÝA
Olar öýünden näme üçin kowuldy?
BOLAN zatlara seret. Adam ata bilen How enäni ajaýyp Erem bagyndan kowdular. Sebäbini bilýäňmi?
Sebäbi olar gaty erbet iş etdiler. Şol sebäpli hem Ýehowa olara jeza berýär. Adam ata bilen How enäniň nähili erbet iş edendigini bilýäňmi?
Olar Hudaýyň etmeli däl diýen zadyny etdiler. Hudaý olara bagdaky miwelerden iýmäge rugsat berdi. Olar diňe birje agajyň miwesini iýmeli däldiler, sebäbi iýseler ölerdiler. Hudaý bu miweli agajy özi üçin goýdy. Biz kişiň zadyny almaly däldigini bilýäris, şeýle dälmi? Onda näme bolduka?
Bir gezek How ene bagda ýeke galanda, onuň bilen ýylan gürleşdi. Oýlanyp gör! Ol How enä şol agajyň miwesinden iýmegi maslahat berdi. Ýöne Ýehowa ýylanlary ýaradanda, olar gepläp bilmeýärdi. Diýmek, ýylana derek başga biri gürlän bolmaly. Onda ol kimkä?
Ol Adam ata däldi. Onda ol Ýehowanyň Ýeri ýaratmazyndan öň ýaradan perişdeleriniň biri bolmaly. Biz olary görüp bilmeýäris. Bu perişdeleriň biri juda ulumsy boldy. Onuň Hudaý ýaly hökümdar bolasy geldi. Şonuň üçin adamlaryň Ýehowa däl-de, özüne gulak asmagyny isledi. Ýylana derek gürlänem şol perişdedi.
How enäni aldamak oňa başartdy. Miweden iýseň, Hudaý ýaly bolarsyň diýen sözlerine How ene ynandy. Şonuň üçin How ene miweden alyp iýdi, soňra Adam ata-da iýdi. Hudaýa gulak asmandygy zerarly, Adam ata bilen How ene ajaýyp öýi bolan Jennetden kowuldy.
Ýöne bir gün Hudaý bütin ýer ýüzüni Erem bagy kimin ajaýyp baglyga öwrer. Biraz soňra seniň hem muňa nädip gatnaşyp biljekdigiň barada bileris. Häzir bolsa, gel, Adam ata bilen How enä näme bolanyny bileli.