Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 111
  • Bir oglanyň uka gidişi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Bir oglanyň uka gidişi
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • «Men hiç bir adamyň ganyna galmadym»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
  • Gämi gark bolýar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Timoteos — Pawlusyň täze kömekçisi
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • «Goý, Ýehowanyň islegi bolsun!»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
Başgalary
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 111

111-NJI HEKAÝA

Bir oglanyň uka gidişi

WAH! Bu ýerde näme bolduka? Oglan näme üçin ýerde ýatyrka? Bir ýerini agyrtdymyka? Seret, Pawlus adamlar bilen öýden ylgap çykýar! Olaryň arasynda Timoteosy görýäňmi? Oglan penjireden ýykylaýdymyka?

Hawa, ol penjireden ýykyldy. Pawlus Troasdaky şägirtler bilen gürrüň edip otyrdy. Ol şägirtleri köp wagtlap görmejegini bilýärdi, sebäbi ertesi gün gämä münüp, ýola düşmelidi. Şonuň üçin olar bilen ýarygijä çenli gürrüň geçirdi.

Eftihos atly oglan bolsa, penjirede otyrdy. Ýöne ol birden uka gitdi. Beýleki tarapyna öwrüljek bolanda, jaýyň üçünji gatyndan aşak gaçdy! Ine, şonuň üçin hem adamlar gaty gorkdular. Oglany galdyryp görseler, ol ölen eken!

Pawlus oglanyň ölendigini görüp, ony gujaklaýar. Soňra adamlary köşeşdirip: «Alada etmäň. Ol diri!» diýýär. Hakykatdan-da, ol diri! Gudrat boldy! Pawlus ony direltdi! Muňa hemmeler begendi.

Soňra hemmeler öýe girip, agşam naharyny iýdiler. Pawlus bolsa gün dogýança olar bilen gürrüň etdi. Eftihosyň indi ukusy tutanok! Şondan soň Pawlus, Timoteos we ýoldaşlary gämä münüp ugraýarlar. Olaryň nirä gidenini bilýäňmi?

Şeýdip, Pawlusyň üçünji syýahaty gutarýar. Ol indi öýüne gaýdyp barýar. Ol Efesosyň özünde üç ýyl boldy. Şonuň üçin onuň bu syýahaty ikinji syýahatyndan has-da uzaga çekdi.

Gämi Troasdan çykyp, Militosda biraz saklandy. Efesos şäheri bary-ýogy birnäçe kilometr uzaklykdady. Pawlus şol şäheriň ýaşululary bilen soňky sapar gürleşmek üçin olary Militosa çagyrýar. Mundan soň, Pawlus gämä münüp gitmelidi. Olar muňa gaty gynandylar!

Ahyry gämi Kaýsariýa gelýär. Pawlus Filipus diýen şägirdiň öýünde ýaşaýar. Şol ýere Agabus atly pygamber gelýär. Ol Pawlusyň Iýerusalimde türmä basyljagyny aýdýar. Onuň aýdyşy ýaly hem bolýar. Kaýsariýada iki ýyl türmede oturandan soň, Pawlusy Rime geçirýärler. Şol ýerde ony Rim hökümdary sud etmelidi. Gel, ýolda näme bolanyny bileli.

Resullaryň işleri 19—26-njy baplar.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş