110-NJY HEKAÝA
Timoteos — Pawlusyň täze kömekçisi
PAWLUS resulyň ýanynda Timoteos atly ýaş ýigit dur. Ol ata-enesi bilen Listra şäherinde ýaşaýar. Onuň ejesiniň ady Ewniki, mamasynyň ady bolsa Lois.
Pawlusyň Listra şäherine üçünji gezek gelşidi. Birinji gezek ol bu şähere bir ýyl mundan ozal, Barnabas bilen wagyz etmäge gelipdi. Indi bolsa Pawlus dosty Silas bilen geldi.
Pawlusyň Timoteosa näme diýýänini bilýäňmi? Ol: «Biz bilen uzak ýurtlara wagyz etmäge gitjekmi?» diýip, Timoteosdan soraýar.
Timoteos: «Hawa, gidesim gelýär» diýýär. Basym Timoteos garyndaşlaryny goýup, Pawlus we Silas bilen gidýär. Gel, ilki bilen, Pawlusa näme bolanyny bileli. Şama barýan ýolda Isany görenine 17 ýyl bolupdy.
Ýadyňda bolsa, Pawlus Isanyň şägirtlerini yzarlamak üçin Şama gidipdi, ýöne indi özi Isanyň şägirdi boldy. Şonuň üçin Pawlusyň duşmanlary ony öldürjek bolýar, sebäbi ol Isa barada wagyz edýärdi. Emma şägirtler Pawlusa gaçmaga kömek edýärler. Ony bir sebede salyp, şäher galasyndan düşürýärler.
Şondan soň, Pawlus Antakiýa wagyz etmäge gidýär. Şol şäherde Isanyň şägirtlerine ilkinji gezek «mesihçiler» diýen at berildi. Soňra Pawlus bilen Barnabasy uzak ýurtlara wagyz etmäge iberýärler. Olaryň baran şäherleriniň biri Listra. Ol ýerde Timoteos ýaşaýar.
Ynha, bir ýyldan wagyz edip, Pawlus ýene-de Listra şäherine gelýär. Pawlus, Silas hem-de Timoteosyň nirä gidendigini bilýäňmi? Gel, karta seredip, olaryň baran ýerleri bilen tanyş bolaly.
Ilki olar Listranyň golaýynda ýerleşýän Konýa şäherine, soňra Antakiýa şäherine gidýärler. Soňra olar Troasa bardylar, ol ýerden çykyp, Filipä, Selanike hem-de Weriýa çenli barýarlar. Kartada Afiny şäherini görýäňmi? Pawlus ol ýerde-de wagyz edýär. Soňra bir ýarym ýyl Korintosda wagyz edýär. Ahyrynda Efesos şäherinde biraz wagt bolýar. Kaýsariýa gämide dolanýarlar, ol ýerden Antakiýa gidýärler we Pawlus şol ýerde galýar.
Şeýlelikde, Timoteos Pawlus bilen ýüzlerçe kilometr geçip, «hoş habary» wagyz etmäge hem-de mesihiçileriň ençeme ýygnaklaryny döretmäge kömek edýär. Senem ulalaňda, Timoteos ýaly Hudaýyň wepaly gullukçysy bolarmyň?
Resullaryň işleri 9:19—30; 11:19—26; 13—17 baplar; 18:1—22.