Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • lfb sap. 100 sah. 232—sah. 233 abz. 2
  • Pawlus bilen Timoteos

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Pawlus bilen Timoteos
  • Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Meňzeş maglumat
  • Timoteos adamlara kömek etmek isleýärdi
    Çagalaryňyza öwrediň
  • Timoteos — Pawlusyň täze kömekçisi
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Ýaşlar, Hudaýy şöhratlandyrýan maksatlary goýuň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • «Ýygnaklary ruhy taýdan berkidýär»
    Hudaýyň Patyşalygy barada wagyz ediň
Başgalary
Mukaddes Kitapdan sapaklarym
lfb sap. 100 sah. 232—sah. 233 abz. 2
Pawlus, Silas we Timoteos

100-NJI SAPAK

Pawlus bilen Timoteos

Ewnika, Loýis we kiçijik Timoteos

Listra şäherinde bir ýaşajyk dogan bardy. Onuň ady Timoteos. Onuň kakasy grek, ejesi bolsa ýehudy. Timoteosa ejesi bilen mamasy terbiýe berdi. Kiçiliginden Ýehowa barada öwretdiler. Onuň ejesiniň ady Ewnika, mamasynyň ady Loýis.

Ýadyňyzda bolsa, Pawlus ikinji gezek köp şäherlere wagyz etmäge gidipdi. Ol Listra şäherine baranda Timoteos bilen tanyşýar. Onuň dogan-uýalary ýürekden söýýändigini we olara kömek edýändigini görýär. Şonuň üçin Pawlus ony başga şäherlere wagyz etmäge äkidýär. Oňa köp zatlary öwredýär. Wagtyň geçmegi bilen, Timoteos hem Pawlus ýaly ökde wagyzçy bolýar. Adamlara Hudaýyň Sözüni öwredýär.

Hudaýyň mukaddes ruhy Pawlus bilen Timoteosa nirede wagyz etmelidigini aýdýardy. Bir gije Pawlus görnüş görýär. Görnüşde bir adam: «Makedoniýa gelip, kömek et» diýýär. Pawlus, Timoteos, Silas we Luka hem şol ýere wagyz etmäge gidýär. Olar Makedoniýada ýygnaklary döredýär.

Makedoniýanyň Selanik şäherinde köp adamlar suwa çümdürilýär. Ýöne käbir ýehudylaryň Pawlus bilen ýanyndaky doganlara gahary gelýär. Şonuň üçin adamlary üýşürip, doganlary şäher ýolbaşçysynyň ýanyna süýräp eltýärler. Olar: «Şu adamlar Rim hökümetine garşy çykýar» diýip gygyrýarlar. Pawlus bilen Timoteosyň janyna howp abanýardy. Şonuň üçin gijäň ýary Weriýa şäherine gaçyp gidýärler.

Weriýa şäherindäki adamlar hoş habary gowy diňleýärdiler. Ol ýerdäki grekler hem, ýehudylar hem Hudaýa iman etdiler. Ýöne Selanikden ýehudylar gelip, Pawlusa azar berdiler. Şonuň üçin Pawlus Afina şäherine gidýär. Timoteos bilen Silas Weriýa şäherinde galyp, dogan-uýalara kömek edýärler. Soňra Pawlus Timoteosy Selanik şäherine iberýär. Ol ýerdäki dogan-uýalar yzarlanýardy. Timoteos baryp, dogan-uýalara kömek edýär. Pawlus Timoteosy başga-da köp ýygnaklara iberýär. Timoteos şol ýerdäki dogan-uýalary hem ruhlandyrýar.

Pawlus resul öý tussaglygynda otyrka Timoteosa hat ýazdyrýar, olaryň ýanynda garawul hem bar

Pawlus Timoteosa: «Ýehowa gulluk etmek isleýän adam yzarlanar» diýdi. Timoteos hem Hudaýa gulluk edýändigi üçin yzarlandy, türmä basyldy. Ýöne ol gynanmady, gaýtam berk durdy. Şeýdip, Ýehowa wepaly boldy.

Pawlus Filipidäki dogan-uýalara: «Ýanyňyza Timoteosy iberýärin. Ol size Hudaýyň ýolunda ýöremegi, wagyz etmegi öwreder» diýýär. Pawlus Timoteosa ynanýardy, sebäbi Timoteos tabşyrylan işi gowy edýärdi. Olar birnäçe ýyllap bile gulluk etdiler, jana-jan dost boldular.

«Timoteos ýaly ýürekden aladaňyzy etjek adam ýokdur. Başgalar Isa Mesihiň däl-de, öz bähbidini gözleýärler» (Filipililer 2:20, 21).

Soraglar: Timoteos kim? Pawlus bilen Timoteos näme üçin gowy dostdy?

Resullar 16:1—12; 17:1—15; Filipililer 2:19—22; 2 Timoteos 1:1—5; 3:12, 14, 15; Ýewreýler 13:23

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş