Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 1/5 sah. 24—28
  • Ýaşlar, Hudaýy şöhratlandyrýan maksatlary goýuň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýaşlar, Hudaýy şöhratlandyrýan maksatlary goýuň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Timoteosyň durmuşy
  • Gowy göreldäniň peýdasy
  • «Mukaddes Ýazgylary» öwrenmek
  • «Oňat göreşi alyp bar»
  • Ünsüňi ruhy maksatlara gönükdir
  • Häzirki we geljekki bereketler
  • Timoteos adamlara kömek etmek isleýärdi
    Çagalaryňyza öwrediň
  • Pawlus bilen Timoteos
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýaradyjyny şöhratlandyrýan maksatlary goýuň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2004
  • Maksat goýuň we maksadyňyza ýetiň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 1/5 sah. 24—28

Ýaşlar, Hudaýy şöhratlandyrýan maksatlary goýuň

«Özüňi Hudaýyň ýolunda werdiş et [türgenleşdir, TD]» (1 TIMOTEOS 4:7).

1, 2. a) Pawlus resul näme üçin Timoteosy öwdi? b) Şu günler ýaşlar özlerini Hudaýyň ýolunda nädip türgenleşdirýär?

«ÝAGDAÝYŇYZ barada onuň ýaly oýlanyp, ýürekden aladalanjak başga adamym ýok. . . Atasynyň ýanynda işleýän oglan ýaly meniň bilen birlikde Hoş Habaryň ýaýramagyna hyzmat etdi» (Filipililer 2:20, 22). Şeýle öwgüli sözleri Pawlus resul I asyrdaky filipili mesihçilere ýazan hatynda aýdýar. Bu sözler kime degişli? Onuň ýaş ýoldaşy Timoteosa degişli. Pawlusyň söýgi we ynam bilen aýdan sözlerine Timoteos gör, nähili şatlanandyr!

2 Timoteos ýaly ruhy taýdan ýetişen doganlar, Ýehowanyň halkynyň arasynda hemişe gymmat saýylýar (Zebur 110:3). Şu günler Hudaý guramasyna pionerler, missionerler, meýletin gurluşykçylar we beýtelçi hökmünde gulluk edýän ýaş doganlar arkaly pata berýär. Şeýle-de başga doganlaryň ýygnak işlerine yhlasly gatnaşmagy we jogapkärli borçlary ýerine ýetirýändikleri öwgä mynasyp. Şeýle ýaş doganlar gökdäki Atamyz Ýehowany şöhratlandyrýan maksatlary goýup şatlanýarlar. Olar «özlerini Hudaýyň ýolunda werdiş edýär [türgenleşdirýär, TD]» (1 Timoteos 4:7, 8).

3. Şu makalada nähili soraglara serederis?

3 Ýaşlar, siz anyk ruhy maksatlar goýduňyzmy? Şol maksatlara ýetmek üçin kömegi we goldawy nireden tapyp bilersiňiz? Baýlyga kowalaşýan dünýäniň täsirine nädip garşy durup bilersiňiz? Hudaýy şöhratlandyrýan maksatlary goýsaňyz, nähili bereketler alarsyňyz? Bu soraglaryň jogabyny bilmek üçin Timoteosyň durmuşyna we gullugyna seredeliň.

Timoteosyň durmuşy

4. Timoteosyň mesihçi durmuşyny gysgaça gürrüň beriň.

4 Timoteos Rimiň Galatýa welaýatynyň Listra atly kiçi şäherinde önüp-ösýär. Takmynan b. e. 47-nji ýylynda Pawlus resul Listra şäherinde wagyz edýärkä, ýetginjek Timoteos mesihçileriň taglymatlary bilen şonda tanşan bolmaly. Timoteos ruhy taýdan tiz ösýär we ýerli ýygnakdaky doganlaryň arasynda ýagşy at gazanýar. Iki ýyldan soň Pawlus resul ýene-de Listra gelende, Timoteosyň üstünlikleri barada eşidip, ony özi bilen missioner gullugyna äkidýär (Resullaryň işleri 14:5—20; 16:1—3). Timoteos ulalanda oňa jogapkärli borçlar ynanylýar, şol sanda doganlary ruhlandyrmak üçin wajyp ýumuş tabşyrylýar. Takmynan b. e. 65-nji ýylynda Pawlus resul Rimde tussaglykdaka, Timoteosa hat ýazýar. Şol wagt Timoteos Efesosdaky ýygnagyň ýaşulysydy.

5. 2 Timoteos 3:14, 15-nji aýatlardaky haýsy iki sebäbe görä, Timoteos ruhy maksatlary goýdy?

5 Timoteosyň ruhy maksatlary goýandygy aýdyň. Muny etmäge ony näme höweslendirdi? Pawlus resul Timoteosa ýazan ikinji hatynda, munuň iki sebäbini görkezýär. Ol: «Sen bolsa kimlerden öwrenendigiňi bilýänligiň üçin, öwrenen, doly ynanýan zatlaryňa bagly gal... Mukaddes Ýazgylary oglanlykdan bäri bilýänsiň» diýip ýazýar (2 Timoteos 3:14, 15). Geliň, ilki bilen, Timoteosyň ruhy maksatlary goýmagyna, başga mesihçileriň nähili täsir edendigine seredeliň.

Gowy göreldäniň peýdasy

6. Timoteos nähili bilim alýar we oňa nähili seslenýär?

6 Timoteos dürli dini garaýyşly maşgalada terbiýelenýär. Onuň kakasy grek, ejesi Ewnike we mamasy Lois bolsa ýehudydy (Resullaryň işleri 16:1). Ewnike bilen Lois Timoteos çagaka Töwrat we Zebur kitaplaryndan hakykaty öwredýärler. Soňra olar mesihçi bolup, Timoteosa mesihçileriň taglymatlaryny bilmäge kömek edýärler. Timoteos olaryň öwreden taglymatlaryny ýürekden kabul edýär. Pawlus resul bu barada: «Mamaň Loisde we eneň Ewnikide bolan hilesiz imany ýatlaýaryn, onuň sende-de bardygyna doly ynanýaryn» diýýär (2 Timoteos 1:5).

7. Ýaşlaryň köpüsinde nähili bereketler bar we bu olara nähili peýda berýär?

7 Şu günler ýaşlaryň köpüsinde, ruhy maksatlary goýmagyň wajypdygyna düşünýän Lois hem Ewniki ýaly Hudaýdan gorkýan ata-eneler, baba we mamalar bar. Mysal üçin, Samira diýen uýa şu günler hem, kakasynyň we ejesiniň onuň bilen ýetginjekkä hemişe pikir alşandygyny ýatlaýar. Ol şeýle diýýär: «Ejem bilen kakam ähli zada Ýehowanyň garaýşy bilen garamagy we wagyz işini birinji orunda goýmagy öwredýärdi. Olar hemişe meni doly wagtly gulluk etmäge höweslendirýärdi». Samira ata-enesiniň maslahatyna gulak asyp, häzir ol ýurdundaky Beýtelde şatlyk bilen gulluk edýär. Eger ata-eneň ünsüňi ruhy maksatlara gönükdirýän bolsa, olaryň maslahatlaryny eýermäge tagalla et. Olar saňa diňe gowulyk isleýär (Süleýmanyň tymsallary 1:6)

8. Ruhy doganlar bilen abatlaýjy gürrüňdeşlik Timoteosa nähili peýda berýär?

8 Seniň mesihi doganlar bilen abatlaýjy gürrüňdeşlik etmegiň wajyp. Timoteosy ýygnagyndaky mesihçi ýaşulular we 30 km golaýda ýerleşýän Konýadaky doganlar gowy tanaýardy (Resullaryň işleri 16:1, 2). Ol gujurly we gaýratly Pawlus resul bilen ýakyndan dostlaşýar (Filipililer 3:14). Pawlus hatynda, Timoteos onuň maslahatyny kabul edip, imanynyň göreldesine höwes bilen eýerendigini aýdýar (1 Korintoslylar 4:17; 1 Timoteos 4:6, 12—16). Pawlus resul: «Sen bolsa meniň taglymatymy, özümi alyp barşymy, maksadymy, imanymy, sabrymy, söýgimi, çydamymy... berk yzarladyň» diýýär (2 Timoteos 3:10, 11). Hawa, Timoteos ähli zatda Pawlusyň göreldesine eýerýärdi. Şonuň ýaly senem ýygnagyňdaky ruhy taýdan ýetişen dogan-uýalar bilen dostlaşsaň, olar ruhy maksatlaryňa ýetmäge kömek eder (2 Timoteos 2:20—22).

«Mukaddes Ýazgylary» öwrenmek

9. Özüňi Hudaýyň ýolunda türgenleşdirmek üçin gowy dost saýlamakdan başga ýene näme etmeli?

9 Ruhy maksatlara diňe gowy dost saýlap ýetip bolýarmy? Ýok, ýetip bolmaýar. Sen hem Timoteos ýaly «Mukaddes Ýazgylary» çuňňur öwrenmeli. Mukaddes Ýazgylaryň şahsy okuwyny geçirmegi halaýan dälsiň, ýöne Timoteosyň «özüni Hudaýyň ýolunda werdiş edendigini [türgenleşendigini, TD]» unutma. Sportsmen maksadyna ýetmek üçin ençeme aý türgenleşýär. Şonuň ýaly ruhy maksatlara ýetmek üçin nämedir bir zatdan geçip, çynlakaý tagalla etmeli bolar (1 Timoteos 4:7, 8, 10). Belki, sen özüňe şeýle sorag berersiň: «Mukaddes Ýazgylary öwrenmeklik ruhy maksatlara ýetmäge nädip kömek eder? Geliň, munuň üç peýdasyna seredeliň.

10, 11. Näme üçin Mukaddes Ýazgylar ruhy maksatlar goýmaga höweslendirýär? Mysal getiriň.

10 Birinjiden, Mukaddes Ýazgylar dogry islegde bolmaga kömek edýär. Onda gökdäki Atamyzyň ajaýyp häsiýetleri, bize görkezen beýik söýgüsi we wepaly gullukçylary üçin ebedi bereketleri berjekdigi aýdylýar (Amos 3:7; Ýahýa 3:16; Rimliler 15:4). Ýehowa barada bilimiň artdygy saýyn, oňa bolan söýgiň ösüp, özüňi bagyş etmek islegi döreýär.

11 Ýaş mesihçileriň köpüsi hakykaty özleşdirmek üçin, Mukaddes Ýazgylaryň şahsy okuwyny yzygiderli geçirmegiň wajypdygyny aýdýar. Mysal üçin, Adel uýamyz mesihçi maşgalada terbiýelenýär, emma ol hiç haçan ruhy maksatlar goýmandyr. Ol şeýle gürrüň berýär: «Ata-enem meni Patyşalyk Zalyna äkidýärdi, ýöne men şahsy okuwyny geçirmeýärdim we ýygnakda aýdylýan zatlary ünsli diňlemeýärdim». Aýal dogany suwda çokundyrylandan soň, Adel hakykata çynlakaý garap başlaýar. Ol şeýle diýýär: «Men Mukaddes Ýazgylary tutuşlygyna okamagy maksat edindim. Ony okanymda gerekli bellikler edýärdim. Şol bellikleriň hemmesini şu wagta çenli saklaýaryn. Men Mukaddes Ýazgylary bir ýylyň dowamynda okap gutardym». Netijede, Adelde Ýehowa özüni bagyş etmäge isleg döreýär. Ol maýyplygyna garamazdan, häzir pioner bolup gulluk edýär.

12, 13. a) Mukaddes Ýazgylaryň şahsy okuwy ýaşlara nähili özgerişler etmäge kömek edýär we nädip? b) Mukaddes Ýazgylardaky akyldarlygyň mysalyny getiriň.

12 Ikinjiden, Mukaddes Ýazgylar häsiýetiňi özgertmäge kömek edýär. Pawlus resul Timoteosa: «Ýazgylar... Hudaý adamy her bir oňat iş üçin taýyn, kämil bolar ýaly, öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr» diýdi (2 Timoteos 3:16, 17). Siz Hudaýyň Sözünden okaýan zatlaryňyz barada mydama oýlansyňyz, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerini durmuşyňyzda ulansaňyz, Hudaýyň ruhuna häsiýetiňizi özgertmäge ýol berersiňiz. Bu saňa pes göwünlilik, erjellik, yhlaslylyk we imandaşlaryňy ak ýürekden söýmeklik ýaly häsiýetleri ösdürmäge kömek eder (1 Timoteos 4:15). Timoteosda şeýle häsiýetler bardy. Bu häsiýetler Pawlusa-da, Timoteosyň gulluk eden ýygnagyndakylara-da peýdalydy (Filipililer 2:20—22)

13 Üçünjiden, Hudaýyň Sözi akyldarlygyň hazynasy (Zebur 1:1—3; 19:7; 2 Timoteos 2:7; 3:15). Ol dost we peýdaly göwünaçma saýlamakda paýhasly bolmaga hem-de kynçylyklary çözmäge kömek edýär (Barlyk 34:1, 2; Zebur 119:37; 1 Korintoslylar 7:36). Ruhy maksatlara ýetmek üçin, saňa häzir paýhasly karara gelmek gerek.

«Oňat göreşi alyp bar»

14. Näme üçin ruhy maksatlary goýmak aňsat däl?

14 Ýehowany şöhratlandyrýan maksatlary birinji orunda goýmak paýhasly, ýöne ony goýmak aňsat däl. Meselem, hünär saýlamakda size dogan-garyndaşlaryňyz, deň-duşlaryňyz we gowulyk isleýän mugallymlaryňyz maslahat baryny bermekleri mümkin. Sebäbi olar ýokary bilim hem düşewüntli kär saňa üstünlik getirip, bagtly eder diýip hasaplaýar (Rimliler 12:2). Emma sen Timoteos ýaly Ýehowanyň wada edýän «ebedi ýaşaýşyna ýapyşmak» üçin «oňat göreşi alyp barmaly» (1 Timoteos 6:12; 2 Timoteos 3:12).

15. Timoteos nähili garşylyga duçar bolan bolmagy ähtimal?

15 Mesihçi däl maşgala agzalary seniň saýlan maksadyň bilen razy bolmasa, synagyň has-da agyrlaşar. Timoteos hem şeýle garşylyga döz gelen bolmaly. Bir kitapda Timoteos «bilimli we barly maşgaladan bolandyr» diýilýär. Timoteosyň kakasy, oglunyň ýokary bilim alyp, onuň kärini dowam etdirer öýdüp garaşandyra. Timoteosyň özüni howp astyna salyp, baýlykdan ýüz öwrüp, Pawlus resul bilen missioner gullugyna gidende, kakasyny nähili geňirgendirendigini göz öňüne getiriň!

16. Bir ýaş dogan kakasynyň garşylygyna nädip döz gelýär?

16 Şu günler ýaş mesihçiler şuňa meňzeş kynçylyklara duş gelýärler. Ýehowanyň Güwäçileriniň filiallarynyň birinde gulluk edýän Metýu şeýle ýatlaýar: «Men pioner bolup gulluk edip başlanymda, kakam örän närazy boldy. Doly wagtly gulluk etmek üçin howly süpüriji bolup işlänimde, ol «biderek ýere» bilim aldyň diýdi. Eger men uzak gün işlän bolsam, köp gazanç etjekdigim barada ýaňsylap ýatladýardy». Metýu şeýle synaga nädip döz geldi? Ol şeýle diýýär: «Men Mukaddes Ýazgylary gün tertibi boýunça okamagymy dowam etdirdim we hemişe doga edýärdim. Esasanam, gaharym gelende saklanmak üçin köp doga edýärdim». Metýunyň erjelligi sylaglandy. Wagtyň geçmegi bilen atasy bilen onuň gatnaşygy gowulandy. Şeýdip, Metýu Ýehowa ýakynlaşdy. Ol şeýle diýýär: «Ýehowanyň men hakda edýän aladasyny görüp ruhlanýardym, ol meni nädogry kararlara gelmekden gorady. Eger men ruhy maksatlary goýmadyk bolsam, şeýle bereketleri almazdym».

Ünsüňi ruhy maksatlara gönükdir

17. Doly wagtly gulluk etmäge käbirler nädip garşy çykyp biler? (Matta 16:22)

17 Seniň ruhy maksatlar goýmagyňa, hatda imandaşlaryň hem garşy çykyp biler. Olaryň käbiri şeýle diýmegi mümkin: «Saňa pioner bolmak nämä gerek? Sen adaty ýaşap wagyz ediber. Gowy tölenýän işe girip, özüňi maddy taýdan üpjün edersiň». Bu gowy maslahat ýaly görünmegi mümkin, ýöne sen muňa eýerseň, Hudaýyň ýolunda türgenleşip bilermiň?

18, 19. a) Ünsüňi ruhy maksatlara nädip gönükdirip bilersiň? b) Ýaşlar, siz Hudaýyň Patyşalygy üçin näme pida edendigiňiz barada gürrüň beriň.

18 Timoteosyň günlerinde-de käbir mesihçiler şeýle pikir edýärdi (1 Timoteos 6:17). Timoteosyň ünsüni ruhy maksatlara gönükdirmäge kömek etmek üçin Pawlus şeýle ruhlandyrýar: «Esgerlik edýän adam özüni esgerlige çagyrany özüne hoşnut etjek bolup, gündelik ýaşaýyş işlerine garyşýan däldir» (2 Timoteos 2:4). Esger harby borjuny ýerine ýetirýärkä, harby däl işlere goşulmaýar. Esgeriň we adamlaryň durmuşy, ofiseriň buýrugyna esgeriň mydama ýerine ýetirmäge taýynlygyna bagly bolýar. Sen Isanyň esgeri hökmünde belli bir maksada dyrjaşanyňda, baýlyga kowalaşmakdan gaça durmaly. Sebäbi baýlyga kowalaşyp halas ediji gulluga doly gatnaşyp bilmersiň (Matta 6:24; 1 Timoteos 4:16; 2 Timoteos 4:2, 5).

19 Rahat we bolelin ýaşamagyň deregine, janaýamazlyk ruhuny ösdüriň. «Mesih Isanyň oňat esgeri hökmünde, amatly ýaşaýyşdan el çekmäge taýýar boluň» (2 Timoteos 2:3, The English Bible in Basic English). Timoteos Pawlus resul bilen gulluk edende, kyn ýagdaýlarda-da baryna kaýyl bolmagyň syryny öwrendi (Filipililer 4:11, 12; 1 Timoteos 6:6—8). Senem şony öwrenip bilersiň. Sen Hudaýyň Patyşalygy üçin janaýamazlyk ruhyny görkezmäge taýynmyň?

Häzirki we geljekki bereketler

20, 21. a) Ruhy maksatlary goýanyňyzda, aljak bereketleriňiziň käbirini gürrüň beriň. b) Sen nähili maksatlar goýduň?

20 Pawlus resul bilen Timoteos on bäş ýyla golaý bile işleşýär. Timoteos täze ýygnak döremeginiň we Ortaýer deňziniň demirgazyk tarapynyň ähli ýerlerinde hoş habaryň ýaýramagynyň şaýady bolýar. Ol «adaty» ýaşaýşy saýlanda, onuň durmuşy şeýle gyzykly we kanagatlandyryjy bolmazdy (2 Korintoslylar 11:26, 27). Sen hem ruhy maksatlary goýsaň, bol ruhy bereketleri alarsyň. Ýehowa ýakynlaşyp, imandaşlaryň söýgüsini we hormatyny gazanarsyň. Baýlyga kowalaşmak bilen horluk çekip, lapykeç bolmagyň deregine, ak ýürekden adamlara gulluk edip şatlanarsyň. Ähli zatdan wajyp bolan «soňsuz ýaşaýşa», ýagny ýer ýüzünde boljak Jennetdäki ebedi ýaşaýşa berk ýapyşyň (1 Timoteos 6:9, 10, 17—19; Resullaryň işleri 20:35).

21 Eger sen özüňi Hudaýyň ýolunda türgenleşdirip başlamadyk bolsaň, onda muny häzirden etmäge çagyrýarys. Ruhy maksatlara ýetmek üçin ýygnakda kömek edip biljek doganlar bilen dostlaşyp, olardan maslahat soraň. Mukaddes Ýazgylaryň şahsy okuwyny birinji orunda goýuň. Baýlyga kowalaşýan dünýäniň ruhuna garşy duruň. Hudaýyň hemişe «lezzet almagymyz üçin her zady bize bolluk bilen berýändigini» unutmalyň. Eger sen Ýehowany şöhratlandyrýan maksatlary saýlasaň, ol häzir we geljekde bol bereketler berjekdigini wada berýär (1 Timoteos 6:17).

a Grek jemgyýetinde ýokary bilim esasy zat hasaplanýardy. Timoteosyň döwürdeşi Plutarh şeýle ýazýar: «Ýokary bilim almak döwletligiň özeni we çeşmesidir. . . Men ýokary bilimiň ahlak taýdan arassa we bagtly bolmaga kömek edýändigine doly ynanýaryn. . . Başga ähli zatlar diňe adamlaryňky we biderek, olar çynlakaý garamaga mynasyp däl». “The Education of Children“ (Çagalar üçin bilim).

Ýadyňyzdamy?

• Ýaşlar ruhy maksatlary goýmak üçin kömegi nireden alyp biler?

• Mukaddes Ýazgylary öwrenmek näme üçin wajyp?

• Ýaşlar baýlyga kowalaşýan dünýäniň täsirine nädip garşy durup biler?

• Ruhy maksatlary goýsak, nähili bereketler alarys?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş