Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 1/5 sah. 19—23
  • Hudaýyň goşanyny aýyrmaň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň goşanyny aýyrmaň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Kynçylyklary ýeňmek
  • «Aýalyňyzy [dyngysyz, TD] söýüň»
  • Aýalyňyzyň aladysyny nädip edip bilersiňiz?
  • Aýalyňy timarlamak nämäni aňladýar?
  • Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri boýunça ýaşaýan aýallar
  • Wepaly bolmagyň ähmiýeti
  • Ömürlik nikanyň iki açary
    Maşgala bagtynyň syry
  • Är-aýallar nädip bagtly bolup biler?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Ärler, Isanyň baştutanlygyny kabul ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Maşgalany nädip bagtly edip bolýar?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 1/5 sah. 19—23

Hudaýyň goşanyny aýyrmaň

«Olar artykmaç iki däl, bir tendir. Şeýlelikde, Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» (MATTA 19:6).

1, 2. Näme üçin maşgalalar käwagt kynçylyklara duçar bolýar we Mukaddes Ýazgylar muny nädip tassyklaýar?

AÝDALY, siz maşynda uzak syýahata gitmekçi bolýarsyňyz. Siz ýolda kynçylyklara duçar bolarmysyňyz? Duçar bolmaryn diýip çaklaýan bolsaňyz, elbetde, akylsyzlyk bolar! Mysal üçin, howa bulaşsa, maşyny seresaplylyk bilen biraz ýuwaş sürmeli bolar. Şeýle-de maşynyňyz bozulyp ony bejerip bilmeseňiz, ýoluň gyrasyna çykyp, kömek soramaly bolarsyňyz. Şeýle ýagdaýda syýahata başlamak bilen ýalňyşypdyryn we maşynymy taşlap gitmeli diýen netijä gelermisiňiz? Elbetde, ýok. Siz uzak ýola düşeniňizde kynçylyklaryň boljakdygyny göz öňünde tutup, olara öňünden taýýarlanýarsyňyz.

2 Maşgalada-da şuňa meňzeş ýagdaý bolýar. Maşgalada kynçylyklar hökman bolýar, şol sebäpli durmuş gurjaklar maşgalamyz örän bagtly bolar diýip çaklasa nädogry bolar. 1 Korintoslylar 7:28-de «öýlenenleriň muşakgaty bolar» diýip aýdylýar. Näme üçin? Sebäbi är-aýal bikämil we biz «kyn pursatlarda» ýaşaýarys (2 Timoteos 3:1; Rimliler 3:23). Hatda är-aýal biri-birine taý bolup, ruhy taýdan ýetişen bolsa-da, käwagt kynçylyklara duçar bolýarlar.

3. a) Adamlaryň köpüsi maşgala nähili garaýar? b) Näme üçin mesihçiler maşgalasyny berkitmäge çalyşýar?

3 Şu günler är-aýalyň käbiri kynçylyga duşanda, derrew aýrylyşmak bilen bolýarlar. Köp ýurtlarda nikanyň bozulmagy adaty hasaplanyp, olaryň sany gün-günden artýar. Ýöne mesihçiler kynçylyklardan gaçman, olary çözmäge çalyşýar. Näme üçin? Sebäbi olar nika Ýehowanyň mukaddes sowgady hökmünde garaýarlar. Isa durmuş guranlar barada: «Hudaýyň goşanyny ynsan aýyrmasyn» diýdi. Isanyň aýdan sözleri boýunça ýaşamak hemişe aňsat bolmaýar. Mysal üçin, dogan-garyndaşlar, adamlar we maşgala meselesi boýunça maslahat berýänler Hudaýyň Sözündäki prinsiplere boýun bolman, köplenç aýry ýaşamagy we Mukaddes Ýazgylara esaslanman aýrylyşmagy ündeýärlera. Emma mesihçiler aýrylyşmagyň deregine, maşgalany berkitmäge we goldamaga çalyşýarlar. Adamlaryň maslahatyna gulak asman, ilkibaşdan, Ýehowanyň görkezmesine eýermek wajyp (Süleýmanyň tymsallary 14:12).

Kynçylyklary ýeňmek

4, 5. a) Maşgaladaky nähili kynçylyklary çözmeli? b) Näme üçin Hudaýyň Sözündäki prinsipleri maşgalada kynçylyk döräýende-de ulanyp bolýar?

4 Her bir maşgalada käwagt är-aýal gatnaşyklaryna aýratyn üns bermeli ýagdaý döreýär. Köplenç kynçylyklar ýönekeý düşünişmezlik sebäpli bolýar. Käbir maşgalalarda bolsa gatnaşygy bozýan agyr kynçylyklaryň döremegi mümkin. Şeýle ýagdaýda maşgalaly, tejribeli ýaşula kömek sorap, ýüz tutmaly bolýansyňyz. Bu maşgalaňyzyň bagtsyzdygyny aňlatman, gaýta, kynçylygy Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri boýunça çözmegiň wajypdygyny görkezýär.

5 Ýehowa adamzadyň Ýaradyjysy we nikany Döreden hökmünde maşgalamyz bagtly bolar ýaly näme etmelidigini her bir adamdan gowy bilýär. Bar mesele biziň Mukaddes Ýazgylardaky maslahata gulak asyp, ony ýerine ýetirmegimizdedir. Şonda maşgalamyz bagtly bolar. Ýehowa Ysraýyl halkyna: «Eger sen meniň tabşyryklaryma gulak asan bolsadyň, sende asudalyk derýa kimin, dogrulyk deňiz tolkunlary kimin bolardy» diýdi (Işaýa 48:18). Mukaddes Ýazgylaryň görkezmesine eýersek, maşgalamyz bagtly bolar. Geliň, ilki bilen, Mukaddes Ýazgylaryň ärlere nähili maslahat berýändigine seredeliň.

«Aýalyňyzy [dyngysyz, TD] söýüň»

6. Mukaddes Ýazgylar ärlere nähili maslahat berýär?

6 Pawlus resul efesoslara ýazan hatynda ärler üçin aýdyň görkezme berdi. Pawlus resul: «Eý ärler, Mesihiň imanlylar ýygnagyny söýşi ýaly, siz hem aýalyňyzy [dyngysyz, TD] söýüň. Şunuň ýaly hem ärler aýalyny öz teni kimin söýmelidir. Aýalyny söýýän özüni söýýändir. Çünki hiç kim hiç haçan öz tenini ýigrenmän, gaýtam Mesihiň imanlylar ýygnagyny edişi ýaly, ony iýmitlendirip timarlaýandyr. Şeýlelikde, her biriňiz aýalyňyzy özüňiz ýaly söýüň» (Efesliler 5:25, 28, 29, 33).

7. a) Mesihçi maşgalada esasy orunda näme durmaly? b) Är aýalyny nädip «dyngysyz söýüp» biler?

7 Pawlus resul är-aýalyň arasynda dörejek her bir kynçylyga aýratynlykda seretmeýär. Ol her bir mesihçi maşgalada söýginiň esasy orun tutmalydygyny görkezýär. Dogrudan-da, ýokarda aýdylan aýatlarda söýgi diýen söz alty sapar duşýar. Pawlus resulyň ärlere: «Aýalyňyzy [dyngysyz, TD] söýüň» diýen sözlerine üns bereliň. Ol aşyk bolmagyň söýmekden aňsatdygyna düşünýärdi. Onuň sözleri «şu soňky günler» örän wajyp, sebäbi köp adamlar «özüni söýýän» we «barlyşyksyz» (2 Timoteos 3:1—3). Şeýle erbet häsiýetler sebäpli şu günler köp maşgalalar aýrylyşýarlar. Emma söýýän är dünýewi erbet häsiýetleriň pikirine we özüni alyp barşyna täsir etmegine ýol bermez (Rimliler 12:2).

Aýalyňyzyň aladysyny nädip edip bilersiňiz?

8, 9. Mesihçi är aýalynyň nähili zerurlyklaryny kanagatlandyrmaly?

8 Siz mesihçi är hökmünde, diňe özüňi bilmeklik höwesine garşy durup, aýalyňyza päk söýgiňizi nädip görkezip bilersiňiz? Pawlus efesoslara ýokarda aýdan sözlerinde ärleriň iki borjunyň bardygyny görkezýär: aýalyň aladasyny etmeli we ony öz teni kimin timarlamaly. Aýalyň aladasyny nädip etmeli? Munuň bir ýoly, onuň maddy taýdan zerurlyklaryny üpjün etmeli. Pawlus resul Timoteosa: «Biri öz ýakynlarynyň, ylaýta-da, öz maşgalasynyň aladasyny etmeýän bolsa, onda ol imany inkär edip, imansyzdan beter bolandyr» diýip ýazýar (1 Timoteos 5:8).

9 Emma aýalyň aladasyny etmeklik ony diňe bir iýmit, egin-eşik we jaý bilen üpjün etmekligi aňlatmaýar. Näme üçin? Sebäbi är aýalyny maddy taýdan gowy üpjün edip, onuň duýgy we ruhy zerurlyklaryny kanagatlandyrmazlygy mümkin. Bu zerurlyklary bolsa kanagatlandyrmak wajyp. Elbetde, doganlaryň ýygnagyň işleri bilen meşgul bolup, wagtlary az bolýar. Emma ýygnakda jogapkärli borç üçin, Hudaýyň beren maşgalabaşy borjuny äsgermezlik etmeli däl (1 Timoteos 3:5, 12). Bu barada birnäçe ýyl öň «Garawul diňi» žurnalynda şeýle diýlipdi: «Mukaddes Ýazgylaryň talaplaryna görä, çopançylyk işi maşgaladan başlanýar diýse bolýar. Eger ýaşuly maşgalasyny idemese, ol ýygnakdaky jogapkärli borjuny ýitirip bilerb. Diýmek, bu sizi aýalyňyzyň maddy, duýgy, aýratynam, ruhy taýdan aladasyny etmäge borçly edýär».

Aýalyňy timarlamak nämäni aňladýar?

10. Är aýalyny nädip timarlap biler?

10 Aýalyňyzy timarlamak diýmek, onuň söýgi bilen aladasyny etmekdir. Munuň birnäçe usullary bar. Birinjiden, aýalyňyz bilen bile ýeterlikli wagt geçirmeli. Eger siz aýalyňyza ýeterlikli wagt sarp etmeseňiz, onuň size bolan söýgüsi sowap biler. Mümkin, siziň sarp edýän wagtyňyz we ünsüňiz aýalyňyza ýetmeýändir. Men aýalymy timarlaýaryn, onuň aladasyny edýärin diýmek ýeterlikli däl. Muny aýalyň özi duýmaly. Pawlus resul: «Hiç kim öz peýdasyny gözlemesin, başganyň peýdasyny gözlesin» diýdi (1 Korintoslylar 10:24). Siz söýýän är hökmünde aýalyňyzyň zerurlyklaryny bilmeli (Filipililer 2:4).

11. Äriň aýaly bilen özüni alyp barşy Hudaý bilen gatnaşygyna we ýygnakdaky borjuna nähili täsir edýär?

11 Aýaly timarlamagyň ýene bir usuly, onuň bilen mylakatly gepleşip, özüňi mähirli alyp barmak bilen görkezilýär (Süleýmanyň tymsallary 12:18). Pawlus resul koloselilere: «Eý ärler, aýalyňyzy söýüň, olara ýowuz bolmaň» diýdi (Koloseliler 3:19). Pawlusyň «olara ýowuz bolmaň» diýen sözleri bir kitapda «oňa hyzmatkär aýal hökmünde garamaň» ýa-da «ony gyrnak etmäň» diýip düşündirilýär. Eger är ikiçäk ýa-da başgalaryň ýanynda aýalyna rehimsizlik etse, oňa aýalyny timarlaýar diýip bolmaýar. Är aýaly bilen özüni gödek alyp barsa, Hudaý bilen gatnaşygyny bozýar. Petrus resul ärlere: «Siz dogalaryňyzyň bökdelmezligi üçin, ejiz gaby, ýaşaýyş merhemetiniň mirasdaşlaryny sylaýan ýaly hatyny sylap, olar bilen paýhasly ýaşaň» (1 Petrus 3:7)c.

12. Mesihçi maşgalabaşy Isanyň özüni ýygnak bilen alyp barşyndan näme öwrenip biler?

12 Aýalyňyza söýgiňizi bildirmek hökman däl diýip pikir etmäň. Ony söýýändigiňizi hemişe ynandyryň. Isa ýygnaga bolan garaýşy bilen mesihçi ärlere görelde galdyrdy. Onuň şägirtleri ýaramaz häsiýetlerini gaýta-gaýta görkezende-de, ol ýumşak, mähirli we geçirimlidi. Şol sebäpli Isa adamlara: «Meniň ýanyma geliň... «Men mylaýym hem pes göwünlidirin, janlaryňyz dynçlyk tapar» diýdi (Matta 11:28, 29). Mesihçi är Isanyň ýygnak bilen gatnaşygyndan görelde alyp, aýaly bilen özüni şeýle alyp barýar. Aýalyny hakykatdan timarlaýan är, muny sözde we iş ýüzünde görkezip, oňa dynçlyk berýär.

Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri boýunça ýaşaýan aýallar

13. Mukkades Ýazgylardaky haýsy prinsipler aýallara kömek edýär?

13 Mukaddes Ýazgylarda aýallara-da kömek edýän prinsipler bar. Efesliler 5:22—24, 33-nji aýatlarda şeýle diýilýär: «Eý aýallar, Rebbe tabyn bolýan ýaly, äriňize tabyn boluň. Çünki Mesihiň bedeniň Halasgäri bolup, imanlylar ýygnagynyň başy bolşy ýaly, erkek hem aýalyň başydyr. Imanlylar ýygnagynyň Mesihe tabyn bolşy ýaly, aýallar-da herki zatda öz ärine tabyn bolsun. . . Aýal hem ärini sylasyn».

14. Mukaddes Ýazgylaryň prinsipi boýunça tabyn bolmak näme üçin aýaly kemsitmeýär?

14 Pawlus resul tabyn bolmagy we sylamagy nygtap geçýär. Ol aýala ärine tabyn bolmagy ýatladýar. Bu Hudaýyň görkezmesine laýyk gelýär. Gökde we ýerde ýaradylan ähli zatlar kimdir-birine tabyn bolýar. Hatda Isa Mesihde Ýehowa Hudaýa tabyndyr (1 Korintoslylar 11:3). Elbetde, är maşgalabaşy borjuny dogry ýerine ýetirse, oňa tabyn bolmak aýalyna aňsat bolar.

15. Mukaddes Ýazgylarda aýallara nähili nesihat berilýär?

15 Pawlus resul: «Aýal hem ärini sylasyn» diýýär. Mesihçi aýalyň «ýumşak, ýuwaş ruhy» bolmaly. Ol baştutanlyga gödeklik bilen garşy çykyp, özdiýenini etmeli däl (1 Petrus 3:4). Hudaýdan gorkýan aýal hojalygyny dolandyrmak üçin agyr zähmet çekip, ärine maşgalabaşy hökmünde hormat goýýar (Titus 2:4, 5). Ol äri barada diňe ýagşy sözler aýdyp, başgalaryňam ony hormat goaýmagyny gazanýar. Şeýle-de ol äriniň karary amala aşar ýaly ony bar güýji bilen goldaýar (Süleýmanyň tymsallary 14:1).

16. Mesihçi aýallar Saranyň we Rebekanyň mysalyndan näme öwrenip bilýär?

16 Mesihçi aýal ýumşak we ýuwaş ruhly bolmaly diýmek, onuň öz pikiri bolmaly däldigini ýa-da onuň pikiriniň ähmiýetsizdigini aňlatmaýar. Mukaddes Ýazgylardan bilşimiz ýaly, gadymy döwürde Sara we Rebeka ýaly aýallar alada edýän zatlary barada ärlerine aýdanda, Ýehowa Hudaý olary goldady (Barlyk 21:8—12; 27:46—28:4). Mesihçi aýal ärine duýgularyny bildirip biler. Emma olar muny äriniň mertebisini peseltmän, hormat bilen etmeli. Aýal şeýle gepleşmegiň ýakymlydygyny we äriniň onuň pikirine höwes bilen gulak asýandygyny biler.

Wepaly bolmagyň ähmiýeti

17, 18. Şeýtanyň maşgala agzybirligini bozýan hilelerine är-aýal nädip garşy durup biler?

17 Maşgala ömürlik nika birleşigidir. Şol sebäpli är-aýalda maşgalasyny bagtly etmek isleg bolmaly. Eger olaryň arasynda açyk gürrüňdeşlik bolmasa, kynçylyklar köpelip, çözülmesi has kynlaşýar. Köplenç kynçylyklar dörände, är-aýal gepleşmegini bes edýär, bu bolsa olaryň arasynda öýke-kine döredýär. Käbirleri bolsa özgä göz gyzdyryp, ýanýoldaşyndan daşlaşyp başlaýar. Isa bu barada: «Men welin size diýýärin, bir aýala azgyn nebis bilen bakan adam öz ýüreginde eýýäm onuň bilen zyna edendir» diýýär (Matta 5:28).

18 Pawlus resul ähli mesihçilere şol sanda maşgalalylara-da: «Gaharlanyň, ýöne günä etmäň. Gaharyňyzyň üstüne gün ýaşmasyn. Iblise ýol bermäň» diýip maslahat berdi (Efesliler 4:26, 27). Biziň ganym duşmanymyz Şeýtan mesihçileriň arasyndaky agzalalygy ulanýar. Ýöne oňa üstün çykmaga ýol bermäň! Kynçylyklar dörände, bu barada Ýehowanyň pikirini bilmek üçin Mukaddes Ýazgylardan we oňa esaslanan edebiýatlardan okap öwrenmeli. Agzalalyga dogry we parahat ýagdaýda seretmeli. Ýehowanyň tabşyryklary barada alan bilimiňizi ýerine ýetirip görkeziň (Ýakup 1:22—25). Är-aýal hökmünde Hudaý bilen ýöremegi ýüregiňize berk düwüp, hiç kime, hiç zada Hudaýyň goşanyny aýyrmaga ýol bermäň! (Mika 6:8).

a Ýehowanyň Güwäçileriniň 2002-nji ýylyň Baýdak aýynyň 8-ine çykan «Oýanyň!» (rusça) žurnalyndaky «Aýrylyşmak we aýra ýaşamak» diýen çarçuwa seret.

b «Garawul diňi» (rusça) žurnalynyň 1989-njy ýylyň Magtymguly aýynyň 15-ine çykan sanynyň 12-nji sahypasyna seret.

c Mesihi ýygnakda jogapkärli borjy ýerine ýetirmek isleýän adam «urýan», ýagny fiziki güýjüni ulanyp, sözi bilen gorkuzýan bolmaly däl. «Garawul diňi» (rusça) žurnalynyň 1999-njy ýylyň Ruhnama aýynyň 1-ine çykan sanynyň 25-nji sahypasynda şeýle diýilýär: «Är ähli ýerde özüni Hudaýa ýaramly alyp baryp, ýöne öýünde zalymlyk etse, oňa jogapkärli borç ynanylmaýar» (1 Timoteos 3:2—5, 12).

Ýadyňyzdamy?

• Näme üçin mesihçi maşgalalar hem kynçylyklara duş gelýär?

• Är aýalynyň aladasyny edýändigini we ony timarlaýandygy nädip görkezip biler?

• Aýal ärini sylaýandygyny nädip görkezýär?

• Är-aýal gatnaşygyny nädip berkidip bolar?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş