Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 1/5 sah. 14—18
  • Hudaýyň sözüne ädimleriňi ugrukdyrmaga ýol ber

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň sözüne ädimleriňi ugrukdyrmaga ýol ber
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Aýaklaryma çyra»
  • «Ýoluma nurdur»
  • Ýehowanyň görkezmesiniň peýdasy
  • Siz nädip karara gelýärsiňiz?
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2016
  • Dogry karara nädip gelmeli?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • «Her kim öz ýüküni özi götermeli»
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2006
  • Paýhasly karara geliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 1/5 sah. 14—18

Hudaýyň sözüne ädimleriňi ugrukdyrmaga ýol ber

«Sözüň aýaklaryma çyra, ýoluma nurdur» (ZEBUR 119:105).

1, 2. Adamlar näme üçin hakyky parahatçylyga we bagta ýetip bilmeýär?

SIZIŇ kimdir-birinden ýoly salgy bermegi sorandygyňyz ýadyňyzdamy? Aýdaly, siz barmaly ýeriňize golaýlaşanyňyzda, ýoluňyzy nädip dowam etdirmelidigiňizi bilmeýärsiňiz. Şeýle-de azaşanyňyzda ýoly birinden sorap, başga tarapa gitmeli bolansyňyz. Şu iki ýagdaýda-da şol ýeri gowy bilýän adamyň berýän salgysyna eýerseňiz, paýhasly bolmazmy? Ýoly gowy bilýän adam size barmaly ýeriňizi tapmaga kömek edip biler.

2 Müňlerçe ýylyň dowamynda adamlar Hudaýyň kömegine bil baglaman, dogry ýoly özbaşdak tapjak bolýarlar. Bikämil adamlar Hudaýyň görkezmesine eýermän, bütinleý azaşdylar. Olar hakyky parahatçylyga we bagta eltýän ýoly tapyp bilmediler. Näme üçin? 2500 ýyldan gowrak mundal ozal Ýeremiýa atly bir pygamber şeýle diýdi: «Ýöräp barýan adam ädimlerini ugrukdyryp bilmez» (Ýeremiýa 10:23). Her bir adam berilýän kömegi kabul etmän, öz ädimlerini ugrukdyrjak bolsa lapykeç bolar. Hakykatdanam, adam görkezmä mätäç!

3. Näme üçin Ýehowa adamlara iň gowy görkezme berýär we ol nämäni wada edýär?

3 Iň gowy görkezmäni Ýehowa Hudaý berýär. Näme üçin? Sebäbi ol bize islendik adamdan gowy düşünýär. Ol adamlaryň dogry ýoldan sowlup azaşandygyny we dogry ýoly tapmak üçin olaryň näme etmelidigini bilýär. Galyberse-de, Ýaradyjymyz Ýehowa biziň üçin nämäniň iň gowudygyny hemişe bilýär (Işaýa 48:17). Şol sebäpli, biz onuň Zebur 32:8-de: «Saňa görkezme bererin, ýörejek ýoluňy öwrederin; gözüm sende bolar» diýen wadasyna ynanýarys. Ýehowanyň iň gowy görkezme berýändigi şübhesiz. Ol bize görkezmäni nädip berýär?

4, 5. Hudaýyň sözi bize nädip görkezme berýär?

4 Mezmurçy Ýehowa doga edip şeýle diýdi: «Sözüň aýaklaryma çyra, ýoluma nurdur» (Zebur 119:105). Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň sözleri we ýatlatmalary durmuşdaky kynçylyklary ýeňmäge kömek edýär. Eger Mukaddes Ýazgylary okasak we onuň görkezmesine eýersek, Işaýa 30:21-däki sözler bizde berjaý bolar. Ol ýerde şeýle diýilýär: «Yzyňyzdan: «Ine ýol, şol boýunça ýöräň» diýen sözi gulagyňyz eşider».

5 Zebur 119:105-de Hudaýyň Sözi biri-biri bilen baglanyşykly iki işi ýerine ýetirýändigi görkezilýär. Birinjiden, Hudaýyň sözi aýaklarymyza çyra hökmünde hyzmat edýär. Haçanda biz gündeki kynçylyklara duş gelenimizde, Mukaddes Ýazgylardaky prinsipler ädimlerimizi ugrukdyryp, paýhasly karara gelmäge we şu dünýäniň torundan gaça durmaga kömek edýär. Ikinjiden, Hudaýyň ýatlatmalary ýolumyza nur saçyp, onuň wada beren Jennetinde ebedi ýaşaýyş umydymyza görä, dogry karara gelmäge ýardam edýär. Eger ýolumyz gowy ýagtylandyrylan bolsa, onuň bizi ýagşa ýa-da ýamana eltip biljekdigini görýäris (Rimliler 14:21; 1 Timoteos 6:9; Ylham 22:12). Mukaddes Ýazgylardaky Hudaýyň görkezmesi nädip aýaklarymyza çyra, ýolumyza nur bolup bilýändigine jikme-jik seredeliň.

«Aýaklaryma çyra»

6. Hudaýyň Sözi nähili ýagdaýlarda aýaklarymyza çyra bolup biler?

6 Biz her gün karara gelýäris. Käbir gelýän kararlarymyz ýönekeý bolup görünmegi mümkin, ýöne käwagt biz ahlak taýdan arassa galmak, dogruçyl bolmak hem-de bitaraplygy saklamak üçin synaglara duş gelýäris. Şeýle synaglara döz gelmek üçin «saýgarma ukyplary ýagşy bilen ýamany tanamaga öwrenişdirmeli» (Ýewreýler 5:14). Hudaýyň Sözi barada dogry bilim alyp, ondaky prinsiplere gowy düşünip, Ýehowa ýaramly karara gelmek üçin ynsabymyzy terbiýeleýäris (Süleýmanyň tymsallary 3:21).

7. Işdeşleri bilen wagtyny geçirmek isleýän mesihçiniň mysalyny gürrüň beriň.

7 Aýdaly, siz uly adam hökmünde Ýehowanyň ýüregini şatlandyrmaga ýürekden tagalla edýärsiňiz (Süleýmanyň tymsallary 27:11). Eger şeýle bolsa, bu öwgä mynasyp. Ýöne işdeşleriň biri sport ýaryşyna bile gitmäge size bilet hödürleýär. Olar siz bilen işleşmegi halaýar, işden soňam wagtyny siziň bilen geçirmek isleýär. Siziň pikiriňizçe, olar gowy adam ýaly bolup görünýändir. Olar ahlak taýdan-da gowy adamlar bolmagy mümkin. Şonda siz näme edersiňiz? Size ol adamlaryň çakylygyny kabul etmek howply bolarmy? Bu meseläni çözmek üçin Hudaýyň Sözi nädip kömek eder?

8. Gatnaşyk meselesinde Mukaddes Ýazgylardaky haýsy prinsiplere seretmek peýdaly bolar?

8 Mukaddes Ýazgylardaky käbir prinsiplere seredeliň. Ilki bilen, 1 Korintoslylar 15:33-däki «ýaman ýaranlar ýagşy ahlagy bozýandyr» diýen sözler ýadymyza düşýär. Bu prinsip iman etmeýänler bilen asla gatnaşmazlygy aňladýarmy? Mukaddes Ýazgylar beýle öwretmeýär. Sebäbi Pawlus resul «her kese» şol sanda iman etmeýänlere hem söýgüsini bildirýärdi (1 Korintoslylar 9:22). Aslynda, Hudaýyň talaplary ähli adamlar we şol sanda iman etmeýänler bilen hem gyzyklanmalydygymyzy görkezýär (Rimliler 10:13—15). Mysal üçin, kömege mätäç adamlardan çetleşsek, «hemmelere... ýagşylyk edeliň» diýen maslahata nädip eýerip bileris? (Galatýalylar 6:10).

9. Mukaddes Ýazgylardaky haýsy maslahat işdeşleriň bilen gatnaşmakda paýhasly bolmaga kömek edýär?

9 Işdeşler bilen ýönekeý gatnaşmagyň we ýakyn dostlaşmagyň arasynda uly tapawut bar. Muňa Mukaddes Ýazgylardaky başga bir prinsip degişli. Pawlus resul mesihçilere: «Imansyzlar bilen bir boýuntyryga girmäň» diýip duýdurdy (2 Korintoslylar 6:14). «Bir boýuntyryga girmäň» diýmek, nämäni aňladýar? Mukaddes Ýazgylaryň käbirinde bu sözler «olar bilen deň bolup işleşmäge çalyşmaň» we «ýerliksiz gatnaşykdan araňy kes» diýip terjime edilýär. Nähili ýagdaýdan başlap işdeşiň bilen gatnaşygyň ýerliksiz hasaplanýar? Biz haçan çäkden çykyp, bir boýuntyryga girýäris? Hudaýyň Sözi şeýle ýagdaýda ädimleriňe ýol görkezip biler.

10. a) Isa nädip dost saýlady? b) Dost saýlamakda nähili soraglar paýhasly karara gelmäge kömek edýär?

10 Isanyň mysalyna seredeliň. Dünýä ýaradylandan bäri Isa adamlara söýgisini bildirýär (Süleýmanyň tymsallary 8:31). Ol ýer ýüzünde ýaşanda şägirtleri bilen dostlukly gatnaşykdady (Ýahýa 13:1). Isa hatda nädogry dini garaýyşly adama «söýgi bilen seretdi» (Markus 10:17—22). Emma Isa dost saýlanda, belli bir prinsipe eýerip saýlady. Ol Atasynyň islegini ýürekden ýerine ýetirmeýänler bilen dostlaşmady. Isa bir sapar: «Meniň özüňize buýranymy berjaý etseňiz, Maňa dostsuňyz» diýdi (Ýahýa 15:14). Mümkin, siz hem işdeşleriňiziň biri bilen gowy gatnaşyk saklaýansyňyz. Ýöne özüňize şeýle sorag berip görüň: şol adam Isanyň buýruklaryny berjaý etmek isleýärmi? Ol Isanyň kime sežde etmelidigi barada öwredişi ýaly, Ýehowa barada bilim almak isleýärmi? Mesihçi hökmünde meniň eýerýän ahlak kadalarymy saklaýarmy? (Matta 4:10). Eger siz Mukaddes Ýazgylaryň kadalary boýunça ýaşamagyň wajypdygy barada işdeşleriňiz bilen gepleşseňiz, şu soraglaryň jogaplaryny bilersiňiz.

11. Nähili ýagdaýlarda Hudaýyň Sözi ädimlerimizi ugrukdyrar. Mysal getir.

11 Hudaýyň berýän maslahatlary köp ýagdaýlarda aýaklarymyza çyra bolup biler. Meselem, işsiz mesihçä gerekli iş teklip etmekleri mümkin. Ýöne ol işiň gün tertibi köp wagtyňy alýar. Ol şol işe girse käbir ýygnak duşuşyklaryna we beýleki teokratik işlere gatnaşyp bilmez (Zebur 37:25). Başga mesihçide Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine garşy gelýän göwün açmalara seretmäge güýçli isleg döremegi mümkin (Efesliler 4:17—19). Ýene bir mesihçi bolsa, bikämil imandaşyndan öýkeläp biler (Koloseliler 3:13). Şeýle ýagdaýlaryň ählisinde-de, Hudaýyň Sözi aýaklarymyza çyra bolmaly. Hakykatdanam, Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýersek, durmuşymyzdaky ähli kynçylyklara döz geleris. Hudaýyň Sözi «Öwretmek, käýemek, ýola getirmek, dogrulykda terbiýelemek üçin peýdalydyr» (2 Timoteos 3: 17).

«Ýoluma nurdur»

12. Hudaýyň sözleri ýolumyzy nädip ýagtylandyrýar?

12 Zebur 119:105-de Hudaýyň Sözi ýolumyzy nur kimin ýagtylandyrýandygy aýdylýar. Biz garaňkylykda ýaşamaýarys, sebäbi gelejek barada bilýäris. Mukaddes Ýazgylar bu hasratly dünýäniň sebäbini we soňunyň näme bilen gutarjakdygyny düşündirýär. Hawa, biz zalym dünýäniň «soňky günlerinde» ýaşaýarys (2 Timoteos 3:1—5). Biziň geljek barada bilýändigimiz häzirki ýaşaýşymyza täsir etmeli. Petrus resul şeýle ýazdy: «Bularyň ählisi şeýle dargajak bolsa, onda siziň nähili adamlar bolmagyňyz gerek? Hudaýyň gününiň gelmegine garaşyp, ony çaltlandyryp, mukaddes ýaşaýyşda, takwalykda gezmelisiňiz» (2 Petrus 3:11).

13. Wagtyň azlygy biziň pikirlerimize we ýaşaýşymyza nähili täsir edýär?

13 Biz pikirimizde we ýaşaýşymyzda «dünýä we onuň höwesleri geçip gider» diýen sözlere berk ynanýandygymyzy görkezmeli (1 Ýahýa 2:17). Mukaddes Ýazgylaryň görkezmesine eýersek, dogry maksat goýmaga kömek edýär. Mysal üçin, Isa Mesih şeýle diýdi: «Siz öňürti Hudaýyň Patyşalygyny, Onuň dogrulygyny agtaryň, şonda bu zatlar hem size onuň üstüne goşulyp berler» (Matta 6:33). Isanyň sözlerine ynanýandygyny ýaşlaryň köpüsi doly wagtlaýyn gulluk edip görkezýändigi, öwgä mynasyp! Käbir doganlar bolsa öz islegine görä, bütin maşgalasy bilen wagyzçylar ýetmeýän ýurtlara göçýärler.

14. Bir mesihçi maşgala Hudaýa köpräk gulluk etmek üçin näme etdi?

14 Dört adamdan ybarat bir maşgala Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndan Dominikan respublikasynyň 50 000 ilatly şäherine gulluk etmäge göçýärler. Şol şäherdäki ýygnakda 130-a golaý wagyzçy bardy. 2006-njy ýylyň Gurbansoltan aýynyň 12-sinde geçirilen Rebbiň Agşam naharyna 1300-e golaý adam gatnaşýar! Şol ýerdäki meýdan şeýle bir «ormaga ýetişipdir» welin, bäş aýdan soň kakasy, ejesi, ogly we gyzy, umuman otuz sany Mukaddes Ýazgylar okuwyny geçiripdirler (Ýahýa 4:35). Kakasy şeýle gürrüň berýär: «Şu ýygnaga otuza golaý dogan-uýa kömek etmäge göçüp geldi. Olaryň ýigrimisi Birleşen Ştatlardan, beýlekileri bolsa Bagam adalaryndan, Ispaniýadan, Italiýadan, Kanadadan, Täze Zelandiýadan. Olaryň yhlasly gullugy ýerli ýygnakdaky doganlary ruhlandyrýar».

15. Hudaýyň Patyşalygyny birinji ýerde goýsaňyz, nähili bereketler alarsyňyz?

15 Wagyzçylaryň ýetmeýän ýerine göçmäge hemmelerde mümkinçilik bolup bilmez. Ýöne ýagdaýyny üýtgedip bilýän wagyzçylar, gullugyň şu görnüşine gatnaşyp, ençeme bereket alýarlar. Nirede bolaýanda-da, Ýehowa ähli güýjüňiz bilen gulluk etseňiz şatlyk taparsyňyz. Siz Hudaýyň Patyşalygyny durmuşyňyzda birinji ýerde goýsaňyz, Ýehowa «bol bereket bermegi» wada berýär (Malaki 3:10).

Ýehowanyň görkezmesiniň peýdasy

16. Hudaýyň görkezmesiniň nähili peýdasy bar?

16 Bilşimiz ýaly, Hudaýyň sözleri biri-biri bilen baglanyşykly iki usul arkaly görkezme berýär. Olar aýaklarymyza çyra hökmünde hyzmat edip, dogry ýoldan ýöremäge we paýhasly karara gelmäge kömek edýär. Hudaýyň sözleri ýolumyza nur hökmünde, geljekde näme boljakdygyny aýdyň görkezýär. Olar gezekli-gezegine Petrusyň nesihatyna eýermäge kömek edýär. Ol şeýle diýdi: «Pikiriňiziň bilini guşap, hüşgär bolup, Isa Mesihiň görünmegi bilen özüňize getiriljek merhemete baş-bitin umyt baglaň» (1 Petrus 1:13).

17. Mukaddes Ýazgylaryň şahsy okuwy Hudaýyň görkezmesine eýermäge nädip kömek edýär?

17 Hudaýyň görkezme berýändigine hiç hili şübhe ýok. Onda şeýle sorag ýüze çykýar: siz şol görkezmä tabynmysyňyz? Bu görkezmä düşünmek üçin Mukaddes Ýazgylary her gün okamaly. Siz okan aýatlaryňyz barada oýlanyň, dürli meselelerde Ýehowanyň islegine düşünjek boluň we ony durmuşyňyzda nädip ulanyp bolýandygy hakynda pikirleniň (1  Timoteos 4:15). Şonda paýhasly karara gelersiňiz (Rimliler 12:1).

18. Hudaýyň Sözüne görkezme bermäge ýol bersek, nähili bereketler alarys?

18 Biz Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine eýersek, haýsy ýoldan ýöremek babatda, dogry karara gelmäge görkezme berýär. Şonda Ýehowanyň «akyldar etjekdigine» ynanyp bileris (Zebur 19:7). Mukaddes Ýazgylaryň görkezmesi boýunça ýaşasak, ynsabymyz arassa bolar we Ýehowa ýaranýanlygymyzdan kanagatlanarys (1 Timoteos 1:18, 19). Hudaýyň Sözüne ädimlerimizi ugrukdyrmaga her gün ýol bersek, Ýehowa bize ebedi ýaşaýyş sylagyny berer (Ýahýa 17:3).

Ýadyňyzdamy?

• Ädimlerimize ugrukdyrmaga Ýehowa Hudaýa ýol bermek näme üçin wajyp?

• Hudaýyň sözleri aýaklarymyza nädip çyra bolup biler?

• Hudaýyň sözleri ýolumyza nädip nur saçyp biler?

• Mukaddes Ýazgylaryň şahsy okuwy Hudaýyň görkezmesine eýermäge nädip kömek edýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş