Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 15/4 sah. 25—29
  • Ýygnak abatlansyn!

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýygnak abatlansyn!
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýyň ynanýan erkek adamlary
  • Ýygnaga berk ýapyşyň
  • Hakykatyň diregi hem daýanjy
  • Ýygnakda Ýehowa öwgi aýdalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Ýygnaklara gözegçilik edilişi
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Ýygnak ýaşululary dogan-uýalara nädip hyzmat edýärler?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
  • Ýygnakda nämeler edilýär?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 15/4 sah. 25—29

Ýygnak abatlansyn!

«Ýygnaklar... parahat ýaşaýardy, abatlanýardy» (RESULLARYŇ IŞLERI 9:31).

1. «Hudaýyň ýygnagy» babatda nähili soraglar ýüze çykýar?

ÝEHOWA b. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Isanyň şägirtlerinden täze halky «Hudaýyň Ysraýylyny» döretdi (Galatýalylar 6:16). Mukaddes Ýazgylaryň aýtmagyna görä, mesh edilen mesihçiler «Hudaýyň ýygnagy» boldy (1 Korintoslylar 11:22). «Hudaýyň ýygnagy» boldy diýmek, nämäni aňladýar? «Hudaýyň ýygnagynyň» gurluşy nähili bolmalydy? Ýygnagyň agzalary ýer şarynyň niresinde ýaşasa-da, ýygnak nähili işlemeli? Ýygnak durmuşymyza we bagtly bolmagymyza nähili täsir edýär?

2, 3. Isa Mesih ýygnagyň guramaçylykly bolmalydygyny nädip görkezdi?

2 Geçen makaladan bilşimiz ýaly, Isa mesh edilen şägirtleriniň ýygnagynyň boljakdygy barada, Petrus resula: «Men ýygnagymy bu gaýanyň [Isa Mesihiň] üstünde guraryn, dowzahyň derwezeleri oňa garşy durup bilmez» diýdi (Matta 16:18). Galyberse-de, Isa şägirtleri bilen bolan mahaly, tizden dörejek ýygnagyň nädip işlejekdigi we gurnaljakdygy hakynda görkezme berdi.

3 Isa sözi arkaly we iş ýüzünde ýygnakda kimdir biriniň ýolbaşçylyk etjekdigini görkezdi. Şol adamlar ýygnakdaky doganlaryna hyzmat etmeli. Isa şeýle diýdi: «Özüňiz bilýärsiňiz, milletleriň arasynda başlyk saýylýanlar olara agalyk edýär, ululary-da olara ygtyýar bilen baştutanlyk edýär. Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim uly bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun. Araňyzda kim ilkinji bolmak isleýän bolsa, hemmäňiziň guly bolsun» (Markus 10:42—44). Diýmek, «Hudaýyň ýygnagy» dagynyk adamlardan ybarat, tertip-düzgünsiz jemgyýeti aňlatman, ähli zat guramaçylykly bolmaly we ýygnagyň agzalary bilelikde işleşmeli.

4, 5. Ýygnaga ruhy taýdan tälim berilmelidigini nireden bilýäris?

4 Isa «Hudaýyň ýygnagynyň» Başy hökmünde resullaryň we ýygnakda öwredýänleriň jogapkärli borjunyň boljakdygyny aýtdy. Ol nähili borçdy? Olar, esasanam, ýygnakdaky doganlara ruhy taýdan tälim bermelidi. Isa Mesih direlenden soň, käbir resullaryň ýanynda Petrusa: «Ýahýanyň ogly Simun, sen Meni bulardan artyk söýýärmisiň?» Simun Oňa: «Hawa, ýa Reb, Seni söýýänligimi Özüň bilýänsiň» diýdi. Isa-da oňa: «Guzularymy otlat... goýunlarymy bak... goýunlarymy otlat» diýdi (Ýahýa 21:15—17). Bu nähili jogapkärli borç!

5 Isanyň sözlerinden bilşimiz ýaly, ol ýygnaga goşulýanlary sürüdäki goýunlara meňzedýär. Goýunlary, ýagny mesihçi erkek adamlary, aýallary we çagalary ruhy taýdan otladyp bakmaly. Ondan başga-da, Isa şägirtleriniň ählisine adamlara öwretmegi we şägirt taýýarlamagy tabşyrandygy üçin, sürä goşulan her bir mesihçä Hudaýyň şu tabşyrygyny öwrenmek gerekdi (Matta 28:19, 20).

6. Täze döredilen «Hudaýyň ýygnagynda» nähili çäre görüldi?

6 «Hudaýyň ýygnagy» döredilende, ýygnagyň agzalary biri-birini ruhlandyrmak we öwrenmek üçin yzygiderli ýygnanyşýardylar. «Olar resullaryň täliminde we üleşiginde, çörek bölme we dogalarda erjellik edýärdiler» (Resullaryň işleri 2:42, 46, 47). Şeýle-de Mukaddes Ýazgylardaky wakalaryň birinden bilşimiz ýaly, ýygnagyň agzalaryna kömek etmek üçin tejribeli erkek adamlar bellenildi. Olar ýokary bilimli we ukyply bolandygy sebäpli däl-de, «Mukaddes Ruh we akyldarlykdan doly» bolandygy üçin saýlandy. Saýlananlaryň biri Stefanusdy. Injilde onuň «iman hem Mukaddes Ruhdan doly adamdygy» bellenilip geçilýär. Şeýle çäre görlenden soň, «Hudaýyň sözi ýaýylyp, Iýerusalimde şägirtleriň sany barha köpelýärdi» (Resullaryň işleri 6:1—7).

Hudaýyň ynanýan erkek adamlary

7, 8. a) I asyrda Iýerusalimdäki resullar, ýolbaşçylar kim hökmünde gulluk etdiler? b) Ýygnaklar arkaly berlen tabşyryk nähili netije berdi?

7 I asyrda ýygnaklarda diňe resullar ýolbaşçylyk etmeýärdi. Bir sapar Pawlus resul we onuň işdeşleri Siriýaly Antakiýadan gaýdyp gelendigi barada Resullaryň işleri 14:27-de şeýle diýilýär: «Gelip, ýygnagy üýşürdiler, Hudaýyň özleri arkaly ähli edenlerini... gürrüň berdiler». Olar şol ýerli ýygnakdaka, özge milletlerden bolan imanlylar sünnetlenmeli diýen mesele ýüze çykdy. Bu meseläni çözmek üçin Pawlus bilen Barnabasy ýolbaşçylyk maslahaty hökmünde gulluk edýän «resullaryň, ýolbaşçylaryň ýanyna, Iýerusalime» iberdiler (Resullaryň işleri 15:1—3).

8 «Resullar, ýolbaşçylar bu mesele barada maslahatlaşmak üçin ýygnananda», şol ýygnagyň baş gözegçisi Isanyň enebir dogany mesihçi ýaşuly Ýakupdy, ýöne ol resul däldi (Resullaryň işleri 15:6). Olar meseläni ara alyp maslahatlaşandan soň, mukaddes ruhuň kömegi arkaly Hudaýyň Sözüne görä, bir karara geldiler. Ýolbaşçylyk maslahaty çykaran kararyny hat üsti bilen ýerli ýygnaklara iberdi (Resullaryň işleri 15:22—32). Ýygnaklar şol tabşyrygy kabul edip, berjaý etdiler. Netijede, näme boldy? Dogan-uýalar abatlanýardylar we ruhlanýardylar. Mukaddes Ýazgylarda: «Şeýlelikde, ýygnaklaryň imany berkişýärdi, sanlary gün-günden artýardy» diýilýär (Resullaryň işleri 16:5).

9. Mukaddes Ýazgylardaky talaba laýyk gelýän doganlaryň nähili borjy bar?

9 Ýerli ýygnaklar her gün nädip işlemelidi? Mysal üçin, Girit adasyndaky ýygnaklara seredeliň. Şol adada ýaşaýan adamlaryň abraýy ýokdy, emma olaryň käbiri ýaşaýşyny özgerdip, mesihçi boldular (Titus 1:10—12; 2:2, 3). Mesihçiler adanyň dürli şäherlerinde ýaşaýardylar we olar Iýerusalimdäki ýolbaşçylyk maslahatyndan uzakda ýerleşýärdi. Emma bu agyr kynçylyk döretmeýärdi, çünki Giritdäki her bir ýygnaga ähli ýygnaklardaky ýaly tejribeli «ýaşulular» bellenipdi. Biz şeýle ýaşulularyň Mukaddes Ýazgylardaky talaba laýyk gelendigini bilýäris. Olar ýaşuly we gözegçi hökmünde bellenip, «sagdyn taglymat bilen öwüt-ündew berip hem-de garşy çykanlary dymdyryp» bilýärdi (Titus 1:5—9; 1 Timoteos 3:1—7). Käbir ruhy taýdan ýetişen doganlar bolsa, ýygnaga kömek etmek üçin gulluk hyzmatçysy hökmünde bellenilýärdi (1 Timoteos 3:8—10, 12, 13).

10. Matta 18:15—17-nji aýatlara görä, kyn meseleleri nähili çözmelidi?

10 Isa Mesih şeýle düzgüniň boljakdygyny aýtdy. Matta 18:15—17-nji aýatlarda, doganlardan biri doganyna garşy günä edendigi sebäpli, olaryň arasynda käwagt dawa döräp biljekdigi barada Isanyň aýdan sözlerini ýatlalyň. Zyýan çeken tarap günä eden bilen ikiçäk gepleşip, «tagsyryny oňa aýtmaly». Eger mesele çözülmese, kömek etmek üçin bir ýa-da iki şaýada ýüz tutmaly. Mesele ýene-de çözülmese, näme etmeli? Isa şeýle diýdi: «Olara-da gulak asmak islemese, onda ýygnaga aýt. Oňa-da [ýygnaga] gulak asmak islemese, goý, ol seniň üçin bir butparaz ýa-da salgytçy bolsun». Isa muny aýdanda «Hudaýyň ýygnagyna» ýewreýler girýärdi, şol sebäpli ilkibaşda bu sözler diňe olara degişlidia. Emma mesihçi ýygnaklar döränden soň, Isanyň sözleri mesihçilere-de degişli boldy. Bu ýene-de bir gezek Hudaýyň halkynda her bir mesihçini abatlaýan we görkezme berýän ýygnagyň bolmalydygyny görkezýär.

11. Ýaşulular meseleleri çözmekde nähili rol oýnaýar?

11 Ýerli ýygnakda ýaşulularyň ýa-da gözegçileriň edilen günä we döreýän kynçylyklara seredýändigi ýerliklidi. Bu Titus 1:9-daky ýaşulular üçin berilýän talaplara laýyk gelýär. Ýerli ýygnakdaky ýaşulular hem Pawlusyň «yza galan işleri düzeltmek» üçin ýygnaklara iberen Titus ýaly bikämildi (Titus 1:4, 5). Şu günler birnäçe ýyl imanyny we wepalylygyny görkezen doganlary ýaşuly edip bellemegi teklip edýärler. Şonuň üçin ýygnagyň beýleki agzalarynda, şeýle ýaşulularyň berýän görkezmesine we ýolbaşçylygyna ynanmaga sebäp bar.

12. Ýygnakda ýaşulularyň nähili borjy bar?

12 Pawlus resul Efesosdaky ýygnagyň ýaşulularyna: «Özüňize we Reb Hudaýyň Öz [Isanyň] gany bilen edinen ýygnagyny bakmak üçin, Mukaddes Ruhuň sizi içinde gözegçi edip goýan tutuş sürüsine göz-gulak boluň» diýdi (Resullaryň işleri 20:28). Şu günlerem ýygnagyň gözegçileri Hudaýyň «tutuş sürüsine göz-gulak bolmaga» bellenilýär. Olar süriniň üstünden agalyk etmän, söýgi bilen ýolbaşçylyk etmeli (1 Petrus 5:2, 3). Gözegçiler «tutuş sürini» abatlamaly we kömek etmeli.

Ýygnaga berk ýapyşyň

13. Ýygnakda käwagt näme bolmagy mümkin we näme üçin?

13 Ýygnakdaky ýaşulularyň, doganlaryň ählisi bikämil, şol sebäpli käwagt düşünişmezlik we kynçylyklar döreýär. Şeýle kynçylyklar I asyrda käbir resullar dirikä-de boldy (Filipililer 4:2, 3). Ýygnagyň gözegçisi ýa-da doganlardan biri gödek, erbet we nädogry sözleýän ýaly görünmegi ahmal. Şeýle-de Mukaddes Ýazgylara garşy gelýän bir zat edilen ýaly, ýöne ýerli ýaşulular mundan habarly bolup, üns bermeýän ýaly pikir etmegimiz mümkin. Elbetde, bu meseläni Mukaddes Ýazgylaryň esasynda çözendirler ýa-da çözülýändir, ýöne biz käbir zatlardan bihabardyrys. Eger ýagdaý biziň pikir edişimiz ýaly bolsa-da, şu barada oýlanalyň: Ýehowanyň alada edýän Korintosdaky ýygnagynda agyr günä edilmegine birnäçe wagt ýol berildi. Ýehowa öz wagtynda günä eden adamy düzetmek üçin dogry we berk çäreleri gördi (1 Korintoslylar 5:1, 5, 9—11). Özümize şeýle sorag berip bileris: «Eger men şol wagt Korintosda ýaşan bolsam, mesele çözülmänkä näme ederdim?»

14, 15. Näme üçin şägirtleriň köpüsi Isa bilen tirkeşmegini goýdular we biz mundan nähili sapak edinmeli?

14 Ýygnakda döreýän başga bir ýagdaýa seredeliň. Aýdaly, dogana Mukaddes Ýazgylardaky taglymata düşünmek we ony kabul etmek kyn. Mümkin, ol soragynyň jogabyny Mukaddes Ýazgylardan we ýygnakdaky edebiýatlardan gözländir hem-de ýetişen mesihçilerden, hatda ýaşululardan kömek sorandyr. Ýöne şol soraga berilýän jogaplara düşünmese ýa-da kabul edip bilmese, ol näme etmeli? Şeýle ýagdaý Isa ölmezinden bir ýyl öňem bolupdy. Isa özüniň «ýaşaýyş çörekdigini» we ebedi ýaşaýşy almak üçin «Ynsan Oglunyň tenini iýip, ganyny içmelidigini» aýtdy. Muňa şägirtleriniň käbiri geňirgendi. Olaryň köpüsi bu sözleriň düşündirişini gözlemän ýa-da ony öz wagtynda Ýehowanyň aýan etjekdigine garaşman, «onuň [Isa] bilen tirkeşmegi goýdular» (Ýahýa 6:35, 41—66). Biz özümize ýene-de sorag berip bileris: şol döwürde ýaşan bolsak, näme ederdik?

15 Şu günler käbir doganlar Hudaýa özbaşdak gulluk ederin öýdüp, ýerli ýygnak bilen gatnaşygyny kesýär. Bu olaryň öýkeländigi, nädogry ýagdaý düzelmeýär diýip pikir edýändigi ýa-da käbir taglymaty kabul edip bilmeýändigi sebäpli bolýar. Olaryň şeýtmegi paýhaslymy? Dogrusyny aýdanyňda, her bir mesihçiniň Hudaý bilen ýakyn gatnaşygy bolmaly. Ýöne Ýehowanyň şu günlerem resullaryň günlerindäki ýaly bütindünýä ýygnagy ulanýandygyny ret edip bolmaýar. Ýehowa I asyrda ýygnaklara kömek edýärdi we talaba laýyk gelýän ýaşululary, gulluk hyzmatçylary belläp ak pata berýärdi. Şu günlerem ýygnak şeýle tertipde alnyp barylýar.

16. Mesihçi ýygnagy taşlamakçy bolsa, näme barada oýlanmaly?

16 Mesihçi Hudaý bilen diňe öz gatnaşygyna bil baglasa, onda ol Hudaýyň halkynyň bütindünýä ýygnagyny we ýerli ýygnaklaryny, ýagny Hudaýyň guramasyny ret etdigi bolýar. Eger adam ýeke özi ýa-da birnäçe pikirdeşleri bilen Ýehowa gulluk edýän bolsa, Hudaýyň niýetinde ýygnak ýaşulularynyň we gulluk hyzmatçylarynyň bolmalydygyny göz öňünde tutýarmy? Pawlus resul Kolosedäki ýygnaga ýazan hatyny ladokiýalylara-da okatmagy haýyş etdi. Ol hatynda «Onda [Isada] kök urup abatlanmalydygyny» aýtdy. Bu sözler ýygnagy taşlanlara däl-de, oňa barýanlara peýdaly bolup bilerdi (Koloseliler 2:6, 7; 4:16).

Hakykatyň diregi hem daýanjy

17. 1 Timoteos 3:15-den ýygnak barada näme bilýäris?

17 Pawlus resul mesihçi ýaşuly Timoteosa ýazan birinji hatynda, ýerli ýygnaklara ýaşululary we gulluk hyzmatçylary bellemek üçin talaplar ýazdy. Şondan soň Pawlus resul diri Hudaýyň ýygnagy «hakykatyň diregi hem daýanjy» diýdi (1 Timoteos 3:15). I asyrdaky mesh edilen mesihçileriň ähli ýygnagy şol diregdigini subut etdi. Hakykaty her bir mesihçi diňe ýerli ýygnak arkaly bilýärdi. Olar ýygnakda hakykaty nädip öwretmelidigini we goramalydygyny eşidýärdi. Şeýle-de mesihçiler ýygnakda abatlanýardy.

18. Ýygnak duşuşyklary näme üçin wajyp?

18 Bütindünýä mesihi ýygnak Hudaýyň öýi, «hakykatyň diregi hem daýanjy». Ýerli ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli baryp we oňa gatnaşyp abatlanýarys, Hudaý bilen dostlugymyzy berkidýäris hem-de onuň islegini berjaý etmegi öwrenýäris. Pawlus resul Korintosdaky ýygnaga ýazan hatynda, şeýle duşuşyklarda aýdylýan zatlara üns berdi. Ol ýygnakdakylary «abatlamak» üçin aýdyň we düşnükli sözlemelidigini aýtdy (1 Korintoslylar 14:12, 17—19). Şu günlerem ýerli ýygnakdaky gurluşy Ýehowa Hudaýyň gurandygyna we goldaýandygyna ynansak, abatlanyp bileris.

19. Biz näme üçin ýygnakda galmaly?

19 Biz mesihçi hökmünde abatlanmak islesek, ýygnakda galmaly. Ýygnak köp ýyldan bäri mesihçileri ýalan taglymatlardan goraýar. Şeýle-de Ýehowa ýygnak arkaly bütin dünýäde Hudaýyň Patyşalygy hakyndaky hoş habary yglan edýär. Biz Hudaýyň köp zatlary mesihi ýygnak arkaly edýändigine ynanmaly (Efesliler 3:9, 10).

a Albert Barnz diýen alym Isanyň «ýygnaga aýt» diýen sözlerini şeýle düşündirýär: «Bu buthanada meseleleri çözýän adamlary aňladýar. Ýehudylaryň sinagogasynda meseleleri çözmek üçin kazy bolup gulluk edýän ýaşululara ýüz tutulýardy».

Ýadyňyzdamy?

• Hudaýyň ýer ýüzünde ýygnaklary ulanýandygyna näme üçin ynanmaly?

• Ýaşulular bikämil bolsa-da, ýygnakda nähili işleri alyp barýarlar?

• Biz ýerli ýygnakda nädip abatlanýarys?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş