Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • od bap 4 sah. 24—29
  • Ýygnaklara gözegçilik edilişi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýygnaklara gözegçilik edilişi
  • Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • ÝYGNAGA HUDAÝ ÝOLBAŞÇYLYK EDÝÄR
  • ŞU GÜNLEREM ÝYGNAKDA TERTIP-DÜZGÜN BAR
  • FILIALLAR
  • FILIALDAKY TERTIP-DÜZGÜN
  • Ýygnak abatlansyn!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Ýygnakda Ýehowa öwgi aýdalyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Ýygnagyň aladasyny edýän doganlar
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • «Parahatlyk Hudaýyna» guramaçylykly gulluk edýäris
    Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
od bap 4 sah. 24—29

4-NJI BAP

Ýygnaklara gözegçilik edilişi

PAWLUS RESUL korinflilere ýazan birinji hatynda Hudaý barada wajyp hakykaty belläp geçdi. Ol: «Hudaý hiç bir zadyň tertipsiz bolmagyny islemeýär, ol parahatlyk Hudaýydyr» diýdi. Soňra Pawlus ýygnak duşuşyklary barada: «Ähli zady edepli we tertip-düzgün boýunça ediň» diýip ýazdy (1 Kor. 14:33, 40).

2 Pawlus resul hatynyň başynda Korinfdäki mesihçilere ýygnakda dörän bölünişik sebäpli käbir görkezmeleri berdi. Ol imandaşlaryna «ylalaşykly» hem-de «bir pikirde we bir garaýyşda boluň» diýdi (1 Kor. 1:10, 11). Şeýle-de ol ýygnagyň agzybirligini berkitmek üçin dogan-uýalara her dürli meseleler boýunça maslahatlar ýazdy. Pawlus ynsan bedeniniň gurluşyny mysal getirip, agzybir bolmagyň we arkalaşyp işleşmegiň wajypdygyny nygtady. Dogrudanam, ýygnakdaky dogan-uýalar nähili borjy ýerine ýetirse-de, birek-biregi söýüp, aladasyny etmeli (1 Kor. 12:12—26). Dogan-uýalaryň agzybir işleşmegi üçin, mesihçiler ýygnagy belli bir tertip-düzgüne eýermeli.

3 Mesihçiler ýygnagy nädip guramaçylykly bolmaly? Oňa kim gözegçilik etmeli? Ýygnakda nähili tertip-düzgün bolmaly? Jogapkärli borçlary kim ýerine ýetirmeli? Muňa Mukaddes Kitapda anyk jogap berilýär (1 Kor. 4:6).

ÝYGNAGA HUDAÝ ÝOLBAŞÇYLYK EDÝÄR

4 B. e. 33-nji ýylynyň Pentikost güni Hudaý mesihçiler ýygnagyny döretdi. Ýygnak belli bir tertip-düzgüne eýerýärdi. Takmynan 2 000 ýyl mundan ozal Iýerusalimde bolan waka hem saýlanan mesihçiler ýygnagynyň Hudaý tarapyn döredilendigini subut edýär (Res. 2:1—47). Ýygnak Hudaýyň «guran öýi» we onuň «maşgalasydy» (1 Kor. 3:9; Efes. 2:19). Mesihçiler ýygnagy şu günlerem I asyrdaky ýaly tertip-düzgüne eýerýär.

Mesihçiler ýygnagy şu günlerem tertip-düzgüne eýerýär

5 Täze döredilen mesihçiler ýygnagynda başda 120-ä golaý şägirt bardy. Şonda Ýowel 2:28, 29-njy aýatlardaky pygamberlik ýerine ýetip, olaryň üstüne mukaddes ruh indi (Res. 2:16—18). Emma şol gün başga-da 3 000-e golaý adam suwa çümdürilip, saýlanan mesihçiler ýygnagyna goşuldy. Olar Mesih baradaky hoş habary ýürekden kabul edip, «resullardan bilim alýardylar». Şondan soň «Ýehowa... her gün halas etjek adamlaryny şägirtleriň arasyna goşýardy» (Res. 2:41, 42, 47).

6 Iýerusalimdäki mesihçiler köpelýärdi. Olar bütin Iýerusalimde wagyz edýärdiler. Köp adamlar seslenýärdi, hatda ruhanylaryň hem köpüsi mesihçiler ýygnagyna goşulýardy. Muňa bolsa ýehudylaryň baş ruhanysynyň gahary gelýärdi (Res. 5:27, 28; 6:7).

7 Isa şägirtlerine: «Iýerusalimde, tutuş Ýahudada, Samariýada we bütin ýer ýüzünde men hakda wagyz edersiňiz» diýdi (Res. 1:8). Stefanus öldürilenden soň, Iýerusalimde güýçli yzarlama başlandy. Şonda Iýerusalimde ýaşaýan şägirtler Ýahuda we Samariýa gaçyp gitdiler. Emma olar nirä barsalar-da, hoş habary wagyz edip, köp adamlary, hatda samariýalylaryň hem käbirini Mesihiň şägirdi edýärdiler (Res. 8:1—13). Şondan birnäçe wagt geçensoň, hoş habar başga milletli adamlara-da wagyz edilip başlandy (Res. 10:1—48). Mesihçiler yhlasly wagyz edip, ençeme şägirt taýýarladylar. Şeýdip, başga şäherlerde-de täze ýygnaklar döredi (Res. 11:19—21; 14:21—23).

8 Täze dörän ýygnaklar hem Hudaýyň goýan tertip-düzgünine eýerer ýaly näme edildi? Hudaýyň mukaddes ruhunyň görkezmesi bilen süriniň aladasyny etjek ýygnak ýaşululary bellendi. Pawlus resul bilen Barnabas hem birinji missioner syýahatynda ýygnaklary idände ýaşululary bellediler (Res. 14:23). Mukaddes Kitaby ýazmaga gatnaşan Luka Pawlus resulyň Efesdäki ýygnagyň ýaşululary bilen geçiren duşuşygy barada käbir zatlary agzap geçýär. Şol duşuşykda Pawlus ýaşuly doganlara: «Özüňize ünsli boluň, tutuş sürä göz-gulak boluň, sebäbi mukaddes ruh sizi Hudaýyň ýygnagyny bakmak üçin gözegçi edip belledi. Ol ýygnagy Oglunyň gany bilen satyn aldy» diýdi (Res. 20:17, 28). Şol doganlar Mukaddes Kitapdaky talaplara laýyk gelýändigi üçin ýaşuly bellenipdi (1 Tim. 3:1—7). Pawlusyň işdeşi Titus hem Kritdäki ýygnaklarda ýaşululary belledi (Tit. 1:5).

9 I asyrda ýygnaklaryň sany gitdigiçe köpelýärdi. Iýerusalimdäki resullar we ýaşulular mesihçiler ýygnagyna ýolbaşçylyk edýärdi. Şol döwürde olar ýolbaşçylyk maslahaty hökmünde gulluk edýärdi.

10 Pawlus resul Efesdäki ýygnaklara ýazan hatynda Hudaýyň mukaddes ruhunyň görkezmesine eýermelidigini düşündirdi. Ol mesihçileri pesgöwünli bolmaga we ýygnakdaky dogan-uýalaryň ählisi bilen parahatlygy saklap, «agzybirligi goramaga» höweslendirdi (Efes. 4:1—6). Soňra Zebur 68:18-däki sözleri aýdyp, Ýehowanyň ruhy taýdan ýetişen adamlar, ýagny resullar, pygamberler, hoş habarçylar, ýaşulular we mugallymlar arkaly ýygnaklaryň aladasyny edýändigini nygtady. Ýehowanyň bellän adamlary dogan-uýalara ruhy taýdan berkemäge we Hudaýy razy edip ýaşamaga kömek etmeli (Efes. 4:7—16).

ŞU GÜNLEREM ÝYGNAKDA TERTIP-DÜZGÜN BAR

11 Şu günlerem Ýehowanyň Şaýatlarynyň ýygnaklary I asyrdaky ýaly guramaçylykly hereket edýär. Bütin dünýädäki ýygnaklar saýlananlar bilen eginme-egin işleşip, agzybirligi saklaýar (Zek. 8:23). Olaryň agzybirligi Isanyň şägirtlerine: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýen sözünde durýandygyny subut edýär. Adamlar Hudaý baradaky hoş habary kabul edip, mesihçiler ýygnagyna goşulýar. Olar ömrüni Ýehowa bagyş edip, suwa çümdürilýärler (Mat. 28:19, 20; Mar. 1:14; Res. 2:41). Olar «gowy çopany», ýagny Isa Mesihi tutuş süriniň başy hasaplaýarlar. Şol sürä saýlanan mesihçilerem, «başga goýunlaram» degişli (Ýah. 10:14, 16; Efes. 1:22, 23). Olar ýygnagyň başy Mesihe ýürekden tabyn bolup, agzybirligi saklaýarlar. Onuň bellän «wepaly hem paýhasly hyzmatkäriniň» berýän görkezmesine eýerýärler. Geliň, mundan beýläk hem Isanyň «wepaly hem paýhasly hyzmatkär» arkaly berýän görkezmesine doly bil baglalyň (Mat. 24:45).

FILIALLAR

12 Ruhy iýmiti wagtly-wagtynda paýlamak we zalym dünýäniň soňy gelmänkä, Patyşalyk baradaky hoş habary ähli ýerde wagyz etmek üçin guramamyzda birnäçe filiallar döredildi. Her filial ýurduň kanunyna görä resmileşdirilýär. Filiallaryň ählisi biri-biri bilen ýakyndan işleşýär. Şeýdip, olar hoş habaryň bütin dünýäde wagyz edilmegine ýardam edýär.

FILIALDAKY TERTIP-DÜZGÜN

13 Bir ýurtda filial döredilende üç ýa-da ondanam köp ýaşuly dogan Filial komitetiniň agzasy bellenýär. Şol doganlar filiala degişli ýurtlarda wagyz işine gözegçilik edýär. Olaryň biri Filial komitetiniň koordinatory bolup gulluk edýär.

14 Her filiala degişli ýygnaklar etraplara bölünýär. Etraplaryň ululygy ýerli ýagdaýa, adamlaryň gepleýän diline we filiala degişli territoriýadaky ýygnaklaryň sanyna bagly bolýar. Her etraba etrap gözegçisi bellenýär. Oňa gullugy hakda filial görkezme berýär.

15 Ýygnaklarda dogan-uýalaryň imanyny berkidýän ruhy çäreler geçirilýär. Olar filiallara, etraplara we ýygnaklara gözegçilik etmek üçin bellenilen ýaşululara tabyn bolýarlar. Şeýle-de wepaly hyzmatkäriň wagtly-wagtynda taýýarlaýan ruhy iýmitini ýürekden kabul edýärler. Wepaly hyzmatkär hem Mesihe tabyn bolýar, Hudaýyň Sözündäki prinsiplere we mukaddes ruhuň görkezmesine eýerýär. Ählimiz agzybirlikde işleşip, bol bereket alýarys. Şeýdip, I asyrdaky ýaly «ýygnaklar ruhy taýdan berkäp, şägirtleriň sany gün-günden artýar» (Res. 16:5).

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş