Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • kr bap 12 sah. 118—131
  • «Parahatlyk Hudaýyna» guramaçylykly gulluk edýäris

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • «Parahatlyk Hudaýyna» guramaçylykly gulluk edýäris
  • Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Parahatçylygy baştutanyň... edip bellärin»
  • Isanyň ýygnaga ýolbaşçylyk edişi
  • «Sürä görelde boluň»
  • Ýaşulularyň Hudaýyň sürüsine çopançylyk edişi
  • Guramaçylyk taýdan girizilen özgerişikler Hudaýyň halkynyň agzybirligini berkidýär
  • Ýygnagyň aladasyny edýän doganlar
    Ýehowanyň islegini ýerine ýetirýän gurama
  • Çopanlar, iň beýik çopanlardan görelde alyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Ýygnakda nämeler edilýär?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Ýygnak ýaşululary dogan-uýalara nädip hyzmat edýärler?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
Başgalary
Hudaýyň Patyşalygy höküm sürýär!
kr bap 12 sah. 118—131

12-NJI BAP

«Parahatlyk Hudaýyna» guramaçylykly gulluk edýäris

BABYŇ TEMASY

Ýehowa halkyna kem-kemden has guramaçylykly bolmagy öwredýär

1, 2. 1895-nji ýylyň ýanwarynda «Sion garawul diňine» nähili özgerişik girizildi we bu doganlara nähili täsir etdi?

MUKADDES ÝAZGYLARY öwrenýän Jon Bonet atly yhlasly dogan 1895-nji ýylyň ýanwar aýynda çykan «Sion garawul diňi» žurnalyny alanda örän geň galýar. Žurnalyň daşky sahypasy düýbünden başgaçady. Onuň daşyndaky suratda tupan turup duran deňziň içinde çyraly diň bardy we onuň yşygy garaňky asmany ýagtylandyrýardy. Şol žurnalda täze girizilen özgerişik barada aýdylýan bildiriş «Biziň täze keşbimiz» diýip atlandyryldy.

2 Jon Bonet dogan bu žurnalyň özünde galdyran täsiri barada Rassel dogana hat ýazyp: «„Garawul diňi“ žurnalynyň daşynyň özgerendigine begenýärin. Ol diýseň göze ýakymly» diýýär. Mukaddes Ýazgylary öwrenýän Jon Braun atly başga bir wepaly dogan žurnalyň daşy barada şeýle ýazýar: «Güýçli tupan turup, tolkunlar ursa-da, diňiň berk durandygy diýseň haýran galdyrýar». Žurnalyň daşynyň täzelenmegi doganlar üçin şol ýyl ilkinji özgerişik bolsa-da, iň soňkusy däldi. Olar noýabr aýynda başga bir uly özgerişik barada bildiler. Geň galaýmaly, şol özgerişigi hem tupan turýan deňiz bilen baglanyşdyryp bolýardy.

3, 4. 1895-nji ýylyň 15-nji noýabrynda çykan «Garawul diňinde» haýsy meselä seredildi we nähili düýpli özgerişik barada habar berildi?

3 1895-nji ýylyň 15-nji noýabrynda «Garawul diňinde» çap edilen uly makalada bir wajyp meselä seredildi. Onda tupan ýaly agyr kynçylyklaryň Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň guramasyndaky parahatlygy bozýandygy barada aýdyldy. Doganlar köplenç ýygnaklarynda kimiň baş bolmalydygy hakda jedelleşýärdiler. Olara ýygnakda bölünişik döredýän bäsdeşligi aýyrmaga kömek etmek üçin, şol makalada gurama gämi bilen deňeşdirildi. Şeýle-de ýolbaşçylyk edýän doganlaryň guramany tupana taýýarlap bilmändigi açyk aýdyldy. Onda näme etmelidi?

4 Makalada bellenip geçilişi ýaly, başarjaň kapitan gämide ýeterlikli halas ediş serişdeleriniň bolmagynyň aladasyny edýär we tupan turup başlamanka, deňizçi toparyň lýuklary jebis ýapmaga taýyndygyna göz ýetirýär. Şonuň ýaly-da, guramada ýolbaşçylyk edýän doganlar ähli ýygnaklaryň tupan ýaly ýagdaýlara öňünden taýýarlanmagynyň aladasyny etmelidi. Şol sebäpli makalada bir düýpli özgerişik barada habar berlip, «sürä gözegçilik etmek üçin» haýal etmän ýaşulularyň bellenilmelidigi aýdyldy (Res. iş. 20:28).

5. a) Ýaşulularyň bellenmegi näme üçin tüýs wagtynda ädilen ädim diýse bolar? b) Biz haýsy soraglara serederis?

5 Ýaşulularyň bellenmegi ýygnagy berkitmek üçin tüýs wagtynda ädilen ädim boldy we doganlara I Jahan urşy sebäpli ýüze çykan kynçylyklaryň ählisine döz gelmäge kömek etdi. Şondan soňky ýyllarda guramaçylykly hereket etmek üçin girizilen özgerişikler Hudaýyň halkynyň Ýehowa has gowy gulluk etmegine ýardam etdi. Mukaddes Ýazgylaryň haýsy pygamberliginde bu ösüş barada aýdylýar? Siz guramaçylyk taýdan girizilen haýsy özgerişigiň şaýady bolduňyz? Bu size nähili peýda berdi?

«Parahatçylygy baştutanyň... edip bellärin»

6, 7. a) Işaýa 60:17-däki sözler nämäni aňladýar? b) Pygamberlikde «baştutan» we «gözegçi» diýen sözleriň agzalmagy nämäni görkezýär?

6 Şu kitabyň 9-njy babyndan bilşimiz ýaly, Işaýa pygamber Ýehowanyň öz halkyny bereketlejekdigini we olaryň sanynyň artjakdygyny öňünden aýtdy (Iş. 60:22). Emma Ýehowa has köp zady wada berdi. Şol pygamberlikde Hudaý: «Men bürünç ýerine altyn, demir ýerine kümüş bererin; agaç ýerine bürünç, daş ýerine demir bererin. Men parahatçylygy baştutanyň, dogrulygy gözegçiň edip bellärin» diýýär (Iş. 60:17, TD). Bu pygamberlik nämäni aňladýar? Munuň bize nähili degişli ýeri bar?

Erbet zat gowa däl-de, gowy zat has gowusyna çalşylýar

7 Işaýanyň pygamberliginde bir zadyň başgasyna çalşyryljakdygy aýdylýar. Emma üns beren bolsaňyz, erbet zat gowa däl-de, gowy zat has gowusyna çalşylýar. Bürünjiň ýerine altynyň berilmegi ösüşiň alamatydyr. Pygamberlikde agzalýan beýleki zatlar barada hem şeýle diýse bolar. Şeýdip, Ýehowa halkynyň ýagdaýynyň gitdigiçe gowulanjakdygyny öňünden aýtdy. Bu pygamberlikde nähili ösüşler barada aýdylýar? Ýehowa «baştutan» we «gözegçi» diýen sözleri agzamak bilen, kem-kemden boljak ösüşleriň Hudaýyň halkynyň guramaçylykly hereket etmegi hem-de olaryň aladasynyň edilmegi bilen bagly boljakdygyny görkezdi.

8. a) Işaýanyň pygamberliginde agzalýan ösüşler kim tarapyn bolýar? b) Özgerişikleriň bize nähili peýdasy bar? (Şeýle-de «Ol düzedişi pesgöwünlilik bilen kabul etdi» diýen çarçuwa serediň).

8 Guramaçylyk babatda şeýle özgerişikleri kim girizýär? Ýehowa: «Men... altyn... kümüş bererin... Men parahatçylygy... bellärin» diýýär. Dogrudan-da, ýygnaklaryň guramaçylykly bolmagynda gazanylýan ösüşler ynsanyň däl-de, Ýehowanyň güýji bilen bolýar. Isa Patyşa bellenensoň, Ýehowa bu özgerişikleri Ogly arkaly edýär. Olaryň bize nähili peýdasy bar? Şol aýatda, ýagny Işaýa 60:17-de ösüşleriň «parahatçylyk» we «dogrulyk» getirjekdigi barada aýdylýar. Eger biz Hudaýyň görkezmesini kabul edip, gerekli özgerişleri etsek, onda biziň aramyzda parahatlyk höküm sürer hem-de dogrulyga bolan söýgi Pawlus resulyň belläp geçişi ýaly, parahatlyk Hudaýy Ýehowa gulluk etmäge höweslendirer (Flp. 4:9).

9. Ýygnaklardaky tertip-düzgüniň hem-de agzybirligiň özeni näme we näme üçin şeýle diýse bolar?

9 Pawlus resul Ýehowa barada: «Hudaý tertipsizlik Hudaýy däl-de, parahatlyk Hudaýydyr» diýip ýazdy (1 Kor. 14:33). Üns beren bolsaňyz, Pawlus tertipsizlik sözüniň gapma-garşysyna tertip däl-de, parahatlyk sözüni ulandy. Näme üçin? Aslynda, tertip gönüden-göni parahatçylyga eltmeýär. Mysal üçin, goşun esgerleri nyzama düzülip, tertip-düzgün bilen guramaçylykly hereket edýär. Emma bu parahatçylyga däl-de, urşa eltýär. Şol sebäpli biz mesihçiler hökmünde bir wajyp zady unutmaly däl: tertip-düzgün bilen hereket etse-de, parahatçylygy bolmadyk islendik gurama iru-giç dargaýar. Munuň tersine, Hudaýyň parahatçylygy ebedi dowam edýän tertip-düzgüni emele getirýär. Şol sebäpli biz «parahatlyk berýän Hudaýyň» guramamyzy ugrukdyryp, arassalaýandygyna örän begenýäris (Rim. 15:33). Hudaýyň parahatçylygy bize peýda berýän tertip-düzgüniň we bütin dünýädäki ýygnaklarymyzda höküm sürýän hakyky agzybirligiň özenidir. Biz muny diýseň gymmat saýýarys! (Zeb. 29:11).

10. a) Öňki ýyllarda guramada nähili özgerişikler boldy? («Ýygnaklara gözegçilik etmekde girizilen özgerişikler» diýen çarçuwa serediň). b) Biz häzir haýsy soraglara serederis?

10 «Ýygnaklara gözegçilik etmekde girizilen özgerişikler» diýen çarçuwada öňki ýyllarda guramamyzda tertip-düzgün babatda girizilen peýdaly özgerişikler sanalyp geçilýär. Emma şondan soň Ýehowa nädip Patyşamyz arkaly bize «bürünç ýerine altyn» berdi? Bu özgerişikler bütin dünýädäki ýygnaklaryň parahatlygyny we agzybirligini nädip berkitdi? Olar size «parahatlyk Hudaýyna» gulluk etmäge nädip ýardam edýär?

Isanyň ýygnaga ýolbaşçylyk edişi

11. a) Mukaddes Ýazgylaryň çuňňur öwrenilmegi nämä aýdyň düşünmäge kömek etdi? b) Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary näme etmegi ýüregine düwdüler?

11 1964—1971-nji ýyllarda ýolbaşçylyk maslahatynyň gözegçiligi bilen, Mukaddes Ýazgylar çuňňur özleşdirilip, esasanam, I asyrda mesihçiler ýygnagynyň nähili hereket edendigi barada gowy gözleg geçirildia. Şeýdip, I asyrdaky ýygnaklara diňe bir ýaşulynyň ýa-da gözegçiniň däl-de, ýaşulular maslahatynyň ýolbaşçylyk edendigine göz ýetirildi (Filipililer 1:1; 1 Timoteos 4:14-nji aýatlary okaň). Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary muňa gowy düşünip, Hudaýyň halkynyň guramasyny gowulandyrmak üçin, Patyşa Isa Mesihiň olary ugrukdyrýandygyna göz ýetirdiler we Patyşanyň görkezmesine tabyn bolmagy ýüregine düwdüler. Olar guramanyň hereket edişiniň Mukaddes Ýazgylara doly laýyk gelmegi üçin, ýaşulularyň bellenmegi babatda dessine özgerişik etdiler. Geliň, 1970-nji ýyllaryň başynda girizilen käbir özgerişiklere seredeliň.

OL DÜZEDIŞI PESGÖWÜNLILIK BILEN KABUL ETDI

1916-NJY ýylyň 1-nji aprelinde fin dilinde çykan «Garawul diňi» žurnalynda Rassel doganyň Skandinawiýadaky birnäçe doganlara, şol sanda Kaarlo Hartewa dogana ýüzlenip ýazan haty çap edildi. Rassel olara: «Gadyrly doganlar, biz siziň ähliňizi hakykata we döwrüň soňunda edilmeli işe dolanmaga höweslendirýäris» diýip ýazdy. Ol näme üçin şeýle diýdi?

Kaarlo Hartewa

Kaarlo Hartewa

1882-nji ýylda doglan Hartewa dogan Finlýandiýada Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň ilkinjileriniň biridi. Ol 1910-njy ýylyň aprel aýynda suwa çümdürildi we 1912-nji ýylyň tomsunda Rassel dogan oňa «Garawul diňi» žurnalyny fin dilinde çykarmagy tabşyrdy. Bu iş I Jahan urşy başlaýança, üstünlikli alnyp barylýardy. 1914-nji ýylyň 1-nji dekabrynda çykan «Garawul diňinde» Hartewa dogan: «Ykdysady kynçylyklar sebäpli... biz „Garawul diňi“ žurnalynyň ähli sahypalarynyň çykjakdygyny ýa-da onuň öňki ýaly yzygiderli çap ediljekdigini söz berip bilmeýäris» diýip ýazdy. Muňa garamazdan, 1915-nji ýylda Hartewa we başga doganlar gerekli serişdeleri tapmak üçin, «Ararat» diýen birleşigi döredip, «Garawul diňi» žurnalyny şol at bilen çap edip başladylar.

Hartewa dogan ünsüni täze birleşige we žurnala gönükdirendigi sebäpli, başga bir dogan fin dilindäki «Garawul diňiniň» redaktory bolup gulluk edip başlady. «Ararat» žurnalynda diňe bir Mukaddes Ýazgylara esaslanan makalalar däl, eýsem, halk arasynda ulanylýan bejergiler we täze tapylan esperanto dili babatda käbir maglumatlar hem çap edilýärdi. Tizden bu žurnal doganlary hakykatyň aýdyň taglymatlaryndan daşlaşdyryp başlady. Şol sebäpli Rassel dogan olaryň ruhy taýdan aladasyny edip, Hartewany we başga doganlary «hakykata dolanmaga» höweslendirdi.

Hartewa dogan muňa nähili seslendi? Ol Rassel doganyň haty bilen öz jogabyny «Ararat» žurnalynda çap etdi. Hartewa dogan nädogry hereketleri üçin ötünç sorap: «Men ýalňyşymy düzetmek üçin elimde baryny ederin» diýdi. Şondan biraz wagt geçensoň, Hartewa dogan adamlaryň aňyny bulaşdyrandygy üçin ýene bir gezek ötünç sorap, «Ararat» žurnalynyň soňky sanynda: «Men häzirki hakykatyň ähli taraplaryna has ünsli bolmaga jan ederin» diýip ýazdy. Şol döwürde ýaşuly saýlanan käbir tekepbir doganlardan tapawutlylykda, Kaarlo Hartewa dogan düzedişi pesgöwünlilik bilen kabul etdi.

Soňra Hartewa dogan ýene-de fin dilinde çykýan «Garawul diňi» žurnalynyň redaktory we filialyň gözegçisi edip bellenildi. Ol bu borçlaryny 1950-nji ýyla çenli ýerine ýetirdi. Ýehowa we hakykata wepaly bolan bu dogan 1957-nji ýylda ýerdäki ömrüni tamamlady. Dogrudan-da, Patyşa Isanyň düzedişini kiçigöwünlilik bilen kabul edýänler arassalanyp, Ýehowanyň berekedini alýarlar.

12. a) Ýolbaşçylyk maslahaty bilen bagly nähili özgerişik boldy? b) Ýolbaşçylyk maslahatynyň häzir nädip guramaçylykly hereket edýändigini düşündiriň. (Şeýle-de 130, 131-nji sahypalardaky «Ýolbaşçylyk maslahaty Patyşalygyň bähbitleriniň aladasyny edýär» diýen çarçuwa serediň).

12 Ilkinji özgerişik ýolbaşçylyk maslahaty bilen bagly boldy. Şol wagta çenli ýolbaşçylyk maslahaty Garawul diňi, Mukaddes Ýazgylar we kitapçalar jemgyýetiniň (Pensilwaniýa) direktorlar maslahatynyň agzasy bolan ýedi sany mesh edilen dogandan ybaratdy. Emma 1971-nji ýylda ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalarynyň sany 7-den 11-e çenli artdy we soňra olar direktorlar maslahatyndan tapawutlanýardy. Bu doganlar özlerini biri-birinden ýokary tutmaýardylar we ýolbaşçylyk etmek borjuny her ýyl elipbiý tertibi boýunça çalşyp durýardylar.

13. a) 40 ýylyň dowamynda ýygnaklarda nähili düzgün bardy? b) 1972-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty näme etdi?

13 Indiki girizilen özgerişik ýygnaklaryň ählisine täsir etdi. Nädip? 1932—1972-nji ýyllarda ýygnakda, esasan, diňe bir dogan gözegçilik edýärdi. 1936-njy ýyla çenli şol dogan wagyz ýolbaşçysy, soňra birleşik gözegçisi, ondan soň ýygnagyň gullukçysy, iň soňunda bolsa ýygnagyň gözegçisi diýip atlandyryldy. Bu jogapkär doganlar süriniň ruhy abadançylygynyň aladasyny etmek üçin yhlasly zähmet çekýärdiler. Adatça, gözegçi dogan ýygnak bilen bagly meselelerde karara gelende, beýleki doganlar bilen maslahatlaşmaýardy. Emma 1972-nji ýylda Ýolbaşçylyk maslahaty düýpli özgerişik girizdi. Ol nähili özgerişik?

14. a) 1972-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda nähili düzgün güýje girdi? b) Ýaşulular maslahatynyň koordinatory Filipililer 2:3-däki maslahata nädip eýerýär?

14 Indi her ýygnaga diňe bir dogan däl-de, Mukaddes Ýazgylaryň talaplaryna laýyk gelip, ýaşuly bellenen doganlardan ybarat ýaşulular maslahaty ýolbaşçylyk edýär. Bu täze düzgün 1972-nji ýylyň 1-nji oktýabrynda güýje girdi. Şu günler ýaşulular maslahatynyň koordinatory özüni beýleki ýaşululardan ýokary däl-de, «pes» tutýar (Luka 9:48). Dogrudan-da, şeýle kiçigöwünli doganlar bütindünýä doganlygymyz üçin uly bereket! (Flp. 2:3).

Patyşamyz paýhasly hereket edip, şägirtlerine gerekli çopanlary öz wagtynda berdi

15. a) Ýygnaklara ýaşulular maslahatynyň ýolbaşçylyk etmegi nähili peýda berdi? b) Patyşamyzyň paýhasly hereket edendigini nämeden görse bolýar?

15 Ýygnaga diňe bir adamyň däl-de, ýaşulular maslahatynyň ýolbaşçylyk etmegi esasy üç tarapdan peýda berdi. Birinjiden, ýygnakda nähili agyr jogapkärçiliginiň bardygyna garamazdan, ýaşulularyň ählisi ýygnagyň başynyň Isa Mesihdigine doly düşündiler (Efes. 5:23). Ikinjiden, Süleýmanyň tymsallary 11:14-de aýdylyşy ýaly, «maslahatçylaryň köp ýerinde ýeňiş bardyr». Eger ýaşulular ýygnagyň ruhy abadançylygyna täsir edýän meseleler babatda özara söhbetdeş bolup, biri-biriniň teklibini göz öňünde tutsalar, onda Mukaddes Ýazgylaryň prinsiplerine görä karara gelmek aňsat bolýar (Sül. tym. 27:17). Ýehowa şeýle kararlary patalaýar we olar üstünlik getirýär. Üçünjiden, ýygnaklaryň sany gün-günden artsa-da, ýaşuly bolup gulluk edýän ukyply doganlaryň köpdügi üçin, Ýehowanyň guramasy ýygnaklara gözegçilik edip, çopançylyk kömegini berip bilýär (Iş. 60:3—5). Oýlanyp görüň, 1971-nji ýylda bütin dünýäde 27 müňden gowrak ýygnak bardy. 2013-nji ýylda olaryň sany 113 müňden gowraga ýetdi! Görşümiz ýaly, Patyşamyz paýhasly hereket edip, şägirtlerine gerekli çopanlary öz wagtynda berdi (Mika 5:5).

ÝYGNAKLARA GÖZEGÇILIK ETMEKDE GIRIZILEN ÖZGERIŞIKLER

  • 1881 ý. Rassel dogan bir welaýatda ýaşaýan Mukaddes Ýazgylary öwrenýänleriň biri-biri bilen gatnaşyp bilmegi üçin, ýygnak duşuşyklaryny yzygiderli geçirýän dogan-uýalardan ýygnanyşýan ýerleri barada «Garawul diňiniň» redaksiýasyna habar bermegi haýyş edýär.

  • 1895 ý. Ýaşuly bolup gulluk edip biljek doganlary saýlamak babatda ähli ýygnaklara görkezme berilýär.

  • 1919 ý. Her ýygnakda filial tarapyndan wagyz ýolbaşçysy bellenilýär. Bu doganyň wagyz işini guramaçylykly alyp barmak we wagyzçylary oňa gatnaşmaga höweslendirmek jogapkärçiligi bardy. Ýygnak ýaşulularynyň käbiri bu täze düzgüni goldamaýar we wagyz ýolbaşçysy bilen hyzmatdaşlyk etmeýär.

  • 1932 ý. Her ýyl ýygnagyň agzalary tarapyndan ýaşulularyň saýlanmagy ýatyrylýar. Indi ýygnak yhlasly wagyz edýän we Ýehowanyň Şaýatlary diýen täze adyna laýyk ýaşaýan doganlary gulluk komitetine saýlaýar. Ýygnak tarapyndan teklip edilen şol doganlaryň birini Jemgyýet (filial) wagyz ýolbaşçysy edip belleýär.

  • 1937 ý. Uly märekäniň agzasy bolan doganlar hem mesh edilen doganlar bilen gulluk komitetinde gulluk edip bilýärler.

  • 1938 ý. Ýygnaklar ähli ýygnak gullukçylarynyň Bruklinde ýerleşýän baş edaramyzdaky doganlar tarapyndan bellenilmelidigi barada täze girizilen karary kabul edýär. Şeýdip, ýygnaklarda ses berip saýlamak düzgüni ýatyrylýar.

Guramada girizilen başga-da özgerişikler barada bilmek üçin, «Ýehowanyň Şaýatlary — Hudaýyň Patyşalygyny wagyz edýär» (rus.) kitabynyň 204—235-nji sahypalaryna serediň.

1920-nji ýyllarda adamlar her ýyl ses berip ýygnak ýaşulularyny saýlaýardylar

Çikagoda ýaşaýan Rouz Suingl uýa: «Biz ýaşululara sag elimizi galdyryp ses berýärdik. Soňra dogan setirme-setir aýlanyp, ses berenleri sanaýardy» diýýär (ABŞ, Illinoýs ştaty).

«Sürä görelde boluň»

16. a) Ýaşulularyň nähili jogapkärçiligi bar? b) Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler Isanyň goýunlaryny bakmak baradaky tabşyrygyna nähili garadylar?

16 Mukaddes Ýazgylary öwrenýänler hem ýaşulularyň öz imandaşlaryna Hudaýa wepaly galmaga kömek etmelidigine düşünýärdiler (Galatýalylar 6:10-y okaň). 1908-nji ýylda «Garawul diňi» žurnalynda çap edilen bir makalada Isanyň: «Guzularymy bak» diýen tabşyrygy düşündirildi (Ýahýa 21:15—17). Şol makalada ýaşululara şeýle diýildi: «Halypamyzyň sürini bakmak babatda beren tabşyrygyny ýürekden gymmat saýyp, onuň şägirtleriniň aladasyny etmegi we olary iýmitlendirmegi uly hormat hasaplamak örän wajypdyr». 1925-nji ýylda çykan «Garawul diňinde» hem ýaşulularyň çopançylyk etmek borjunyň wajypdygy bellenip geçilip, şeýle ýatlatma berildi: «Ýygnak Hudaýyňky... Ol jogapkärli borçlara bellenenleriň ählisinden doganlaryna nädip gulluk edendigi barada hasabat sorar».

17. Ökdelik bilen çopançylyk etmäge gözegçilere näme kömek edýär?

17 Ýehowanyň guramasy ýaşulularyň çopançylyk etmek ukybynyň demirden kümşe öwrülmegine nädip kömek etdi? Gurama olara tälim berdi. 1959-njy ýylda ilkinji gezek gözegçiler üçin Patyşalyk gullugynyň mekdebi geçirildi. Şol sapaklaryň birinde «Her bir adam bilen ýürekden gyzyklanyň» diýen tema seredildi. Jogapkär doganlar «wagyzçylary öýünde idemek üçin gün tertibini düzmäge» höweslendirildi. Sapagyň dowamynda şeýle idegleri nädip has ruhlandyryjy edip bolýandygynyň dürli usullaryna seredildi. 1966-njy ýylda Patyşalyk gullugynyň mekdebi täze meýilnama boýunça geçirilip başlandy. Şonda «Çopançylyk etmegiň ähmiýeti» diýen tema öwrenildi. Sapagyň esasy maksady nämeden ybaratdy? Ýolbaşçylyk edýän doganlar «Hudaýyň sürüsiniň söýgi bilen aladasyny etmelidiler, emma maşgalasyny we wagyz gullugyny gözden salmaly däldiler». Soňky ýyllarda ýaşulular üçin başga-da ençeme mekdepler geçirildi. Ýehowanyň guramasynda yzygiderli berilýän şeýle tälimler nähili netije berýär? Şu günler mesihçiler ýygnagynda ukyply doganlaryň müňlerçesi ruhy çopan bolup gulluk edýär.

Filipinadaky Patyşalyk gullugynyň mekdebi, 1966-njy ýyl

Patyşalyk gullugynyň mekdebi, 1966-njy ýyl

18. a) Ýaşululara nähili uly jogapkärçilik ynanyldy? b) Ýehowa bilen Isa agyr zähmet çekýän ýaşululary näme üçin söýýär?

18 Ýehowa ýygnak ýaşulularyny Patyşamyz Isa Mesih arkaly jogapkärli işe belleýär. Bu nähili iş? Olar Hudaýyň sürüsine adamzat tahyrynyň iň kyn döwründe ýolbaşçylyk etmeli (Efes. 4:11, 12; 2 Tim. 3:1). Ýehowa bilen Isa Mesih agyr zähmet çekýän ýaşuly doganlary örän söýýär. Sebäbi ýaşulular Mukaddes Ýazgylardaky: «Özüňize ynanylan Hudaýyň sürüsini bakyň... meýletinlik bilen... höwes bilen gulluk ediň... sürä görelde boluň» diýen tabşyryga gulak asýarlar (1 Pet. 5:2, 3). Geliň, mesihçi ýaşulularyň haýsy iki ýagdaýda sürä görelde bolýandygyna we ýygnaklaryň parahatçylygyna hem-de şatlygyna goşant goşýandygyna seredeliň.

«BIZ DIÝSEŇ HAÝRAN GALDYK»

AZIÝADA bir missioner är-aýal köp ýyldan bäri ösüş görünmeýän ýygnaga bellenilýär. Olar ýerli doganlaryň biri-birine söýgi bildirse-de, guramaçylyk taýdan berilýän görkezmelere eýermeýändigine üns berýärler. Missionerler wagyzçylar bilen dostlaşansoň, dogan kem-kemden olara Ýehowanyň halkynyň bütindünýä ýygnaklaryndaky ýaly guramaçylykly bolmaga kömek edýär. Bu nähili netije berýär? Iki ýyldan ýygnak duşuşyklaryna gelýänleriň sany iki esse artyp, olaryň köpüsi wagyzçy bolýar we 20-den gowrak adam suwa çümdürilýär. Missioner är-aýal şeýle gürrüň berýär: «Biz diýseň haýran galdyk. Ýehowa bize bol bereket berdi! Ýygnakdaky dogan-uýalaryň ählisi Ýehowanyň guramasynyň görkezmelerine eýermegiň peýda berýändigini görüp, örän begendiler».

Ýaşulularyň Hudaýyň sürüsine çopançylyk edişi

19. Wagyz gullugynda biziň bilen hyzmatdaşlyk edýän ýaşululara nähili garaýarys?

19 Birinjiden, ýaşulular ýygnagyň agzalary bilen hyzmatdaşlyk edýärler. Hoş habarçy Luka: «Isa şäherme-şäher, obama-oba aýlanyp, Hudaýyň Patyşalygy baradaky hoş habary yglan edip başlady. Onuň ýanynda 12 resuly... bardy» diýip ýazdy (Luka 8:1, 2). Isanyň öz resullary bilen bile wagyz edişi ýaly, göreldeli ýaşulular hem imandaşlary bilen wagyz gullugynda eginme-egin işleşýärler. Olar şeýtmek bilen, ýygnagyň agzybirligine uly goşant goşýandyklaryna düşünýärler. Ýygnagyň agzalary ýaşululara nähili garaýar? 90 ýaşlaryndaky Jannin atly uýa: «Men ýaşuly bilen wagza çykanymda, onuň bilen söhbetdeş bolup, ony has gowy tanap bilýärin» diýýär. 35 ýaşly Stewen doganymyz şeýle diýýär: «Ýaşuly bilen öýden-öýe wagyz edenimde, onuň maňa kömek etmek isleýändigini duýýaryn we bu maňa köp şatlyk berýär».

Çopan ýiten goýny ýagyşly howada gözleýär

Çopanyň ýiten goýny gözleýşi ýaly, ýaşulular hem ruhy taýdan gowşanlary tapmaga jan edýärler

20, 21. Ýaşulular Isanyň mysalyndaky çopanyň göreldesine nädip eýerip biler? Mysal getiriň. (Şeýle-de «Netijeli idegler» diýen çarçuwa serediň).

20 Ikinjiden, Ýehowanyň guramasy ýaşululara ýygnakdan daşlaşanlaryň aladasyny etmegi öwredýär (Ýewr. 12:12). Ýaşulular ruhy taýdan gowşaklara näme üçin we nädip kömek etmeli? Isanyň çopan we ýiten goýun baradaky mysaly muňa düşünmäge kömek edýär (Luka 15:4—7-nji aýatlary okaň). Mysalda aýdylyşy ýaly, çopan bir goýnunyň ýitendigini bilende, şondan başga goýny ýok ýaly ony gözlemäge gidýär. Ýaşulular bu çopanyň göreldesine nädip eýerýärler? Çopanyň nazarynda şol ýiten goýnuň gymmatynyň gaçmaýşy ýaly, Hudaýyň halkyndan daşlaşan adamlaryň hem ýaşulularyň nazarynda gymmaty gaçmaýar. Olar ruhy taýdan gowşanlara ýiten goýun ýaly garaýarlar we olary tapyp, kömek etmek üçin wagtymyzy biderek sarp edýäris diýip pikir etmeýärler. Gaýtam, çopanyň «ýiten goýnuny gözlemäge» gidişi ýaly, ýaşulular hem ruhy taýdan gowşanlary tapyp, kömek etmek üçin elinde baryny edýärler.

21 Çopan goýnuny tapanda näme edýär? Ol mähir bilen «ony egnine alýar» we sürä getirýär. Şonuň ýaly-da, ýaşulularyň ýürekden edýän aladasy ruhy taýdan gowşanlaryň göwnüni galkyndyryp, ýygnaga dolanmaga kömek edýär. Ýygnak duşuşyklaryna barmagyny bes eden afrikaly Wiktor dogan bilen hem şeýle boldy. Ol: «Men 8 ýyllap wagyz gullugyna gatnaşmasam-da, ýaşulular hemişe maňa kömek etmäge jan edýärdiler» diýýär. Bu dogana, esasan, näme täsir etdi? Ol şeýle gürrüň berýär: «Meniň bilen bile Pionerler mekdebinde okan Jon atly ýaşuly dogan bir gün öýümize gelip, mekdep döwründe düşen suratlarymyzy görkezdi. Bu meniň Ýehowa şatlyk bilen gulluk eden günlerimi ýadyma saldy». Jon doganyň ideginden soň, Wiktor ýygnaga dolandy we häzir ol ýene-de pioner bolup gulluk edýär. Dogrudan-da, aladaçyl ýaşulular biziň şatlygymyza şatlyk goşýar (2 Kor. 1:24)b.

Iki ýygnak ýaşulusy wagyz etmeýän dogany ideg edýärler

NETIJELI IDEGLER

ABŞ-NYŇ bir ýygnagyndaky ýaşulular ýiten goýunlara kömek etmek isläp, Hudaýyň sürüsinden azaşanlara nädip ýardam edip boljakdygy barada maslahatlaşýarlar. Olar birnäçe ýyl mundan ozal Ýehowa gulluk etmegini bes eden we häzir ýygnagyň territoriýasynda ýaşaýan takmynan 30 adamyň bardygyna göz ýetirýärler. Şol dogan-uýalaryň köpüsiniň ýaşy bir çene barypdy.

Alfredo atly ýaşuly dogan şol adamlaryň sanawyny alyp, olary idemäge başlaýar. Ol: «Men wagyz gullugyna gatnaşmaýan wagyzçylary idemek üçin, her anna güni irden olaryň biriniň öýüne barýardym» diýýär. Wagyzçy gapysyny açanda, Alfredo dogan ýakymly gürrüňdeşlik etmäge çalyşýar we onuň ýürekden aladasyny edýändigini görkezýär. Alfredo şol dogana ýa-da uýa Ýehowanyň Patyşalygynyň bähbidi üçin çeken zähmetini ýygnakdaky dogan-uýalaryň unutmaýandygyny aýdýar. Ol şeýle gürrüň berýär: «Men wagyz gullugyna gatnaşmaýan bir gartaşan dogana 1976-njy gulluk ýylynda soňky gezek wagyz hasabatyny tabşyran aýynda näçe sagat wagyz edendigini we žurnal paýlandygyny aýdanymda, onuň gözüne ýaş aýlandy». Şeýle-de Alfredo dogan ideg edýän adamlary bilen Luka 15:4—7, 10-njy aýatlary okap, olara şeýle diýýär: «Ýiten goýun ýygnaga dolananda näme bolýar? Göz öňüne getir, muňa Ýehowa, Isa we perişdeler begenýär!»

Iki ýyldan bäri Alfredo dogan wagyz gullugyna gatnaşmaýan wagyzçylara kömek etmäge jan edýär. Onuň sabyrlylyk bilen edýän tagallalary nähili netije berýär? Alfredo iki sany dogana ýygnaga gaýdyp gelmäge kömek edendigine diýseň begenýär. Häzir olar her dynç güni ýygnak duşuşyklaryna yzygiderli gatnaşýarlar. Alfredo ýylgyryp: «Olar Patyşalyk zalyna girende, indi meniň gözüme ýaş aýlandy» diýýär. Ol sözüni dowam edip: «Men häzirem olara her anna güni barýaryn, sebäbi olar muňa sabyrsyzlyk bilen garaşýandygyny aýdýarlar, aslynda, menem olary idemek isleýärin» diýýär.

Guramaçylyk taýdan girizilen özgerişikler Hudaýyň halkynyň agzybirligini berkidýär

22. Dogrulyk we parahatçylyk ýygnaklaryň agzybirligini nädip berkidýär? (Şeýle-de «Biz diýseň haýran galdyk» diýen çarçuwa serediň).

22 Ýokarda belläp geçişimiz ýaly, Ýehowa halkynyň arasynda hemişe dogrulygyň we parahatçylygyň artjakdygyny öňünden aýtdy (Iş. 60:17). Bularyň ikisi hem ýygnagyň agzybirligini berkidýär. Nädip? Dogrulyk barada aýtsak, «Hudaýymyz Ýehowa ýeke-täk Hudaýdyr» (Kan. tag. 6:4, TD). Hudaýyň dogry kadalary bir ýurtdaky ýygnakdan başga ýurtdaky ýygnaklarda tapawutlanmaýar. Onuň ýagşy-ýaman babatdaky kadalary «mukaddesleriň ähli ýygnaklarynda» birmeňzeşdir (1 Kor. 14:33). Şol sebäpli diňe Hudaýyň kadalary berjaý edilse, ýygnak gülläp ösýär. Parahatçylyk babatda aýdanymyzda bolsa, Patyşamyz biziň diňe bir ýygnaklardaky parahatlykdan lezzet almagymyzy däl-de, parahatlyk döredýänler bolmagymyzy isleýär (Mat. 5:9). Şol sebäpli biz «parahatlyga eltýän... zatlara ymtylýarys». Biz öz aramyzda döreýän kynçylyklary çözmek üçin güýjümizi gaýgyrmaýarys (Rim. 14:19). Şeýdip, biz ýygnagyň parahatlygyna we agzybirligine goşant goşýarys (Iş. 60:18).

23. Şu günler Ýehowanyň gullukçylary nämeden şatlyk tapýarlar?

23 1895-nji ýylyň noýabrynda çykan «Garawul diňinde» ýaşulularyň belleniljekdigi habar berlende, ýolbaşçylyk edýän doganlar guramaçylyk taýdan girizilen bu özgerişigiň Hudaýyň halkyna «imanda birleşmäge» kömek etmegini isleýändiklerini we bu barada doga edýändiklerini aýtdylar. Geçen ýyllara ser salanymyzda, Ýehowanyň guramaçylykly bolmak babatda Patyşamyz Isa arkaly girizen özgerişikleriniň biziň agzybirligimizi berkidendigini görüp, diýseň begenýäris! (Zeb. 99:4). Şu günler Ýehowanyň bütin dünýädäki halky «agzybirlikde gezip», «şol bir ýoldan ýöräp», «parahatlyk Hudaýyna» «eginme-egin» gulluk etmekden şatlyk tapýar (2 Kor. 12:18; Sefanýa 3:9-y okaňc).

a Şol geçirilen gözlegleriň netijesi «Mukaddes Ýazgylara düşünmek üçin gollanma» atly kitapda çap edildi.

b 2013-nji ýylyň 15-nji ýanwarynda çykan «Garawul diňiniň» «Ýygnak ýaşululary „biziň şatlygymyza“ goşant goşýar» diýen makalasyna serediň (sah. 27—31).

c Sefanýa 3:9, TD Şonda milletleriň ählisi Ýehowanyň adyny çagyryp, oňa eginme-egin gulluk edip biler ýaly, men olara arassa dil bererin.

Siz Hudaýyň Patyşalygynyň höküm sürýändigine berk ynanýarmysyňyz?

  • Patyşalyk guramaçylyk taýdan nähili özgerişikleri girizdi?

  • Ýygnakda guramaçylyk taýdan girizilen özgerişikler size «parahatlyk Hudaýyna» gulluk etmäge nädip kömek edýär?

  • Ýaşulularyň haýsy sözleri we işleri siziň şatlygyňyza şatlyk goşdy?

  • Siz ýygnagyň parahatlygyna we agzybirligine nädip goşant goşup bilersiňiz?

Ýehowanyň şaýatlarynyň Ýolbaşçylyk maslahatynyň duşuşygy

ÝOLBAŞÇYLYK MASLAHATY PATYŞALYGYŇ BÄHBITLERINIŇ ALADASYNY EDÝÄR

ÝEHOWANYŇ ŞAÝATLARYNYŇ Ýolbaşçylyk maslahaty Ýehowa Hudaýyň mesh edilen gullukçylaryndan ybarat bolup, bu doganlaryň ählisi bilelikde «wepaly we paýhasly hyzmatkäri» düzýär. Olaryň ruhy iýmit bermek hem-de Hudaýyň halkyny yhlasly wagyz etmäge höweslendirip, bütin dünýäde alnyp barylýan Patyşalyk baradaky wagyz işine ýolbaşçylyk etmek jogapkärçiligi bar (Mat. 24:14, 45—47).

Her hepde, adatça, çarşenbe günleri Ýolbaşçylyk maslahatynyň duşuşygy bolýar. Bu olara agzybirlikde işleşmäge ýardam edýär (Zeb. 133:1). Ýolbaşçylyk maslahatynyň agzalary Patyşalygyň bähbitleri üçin dürli komitetlerde-de gulluk edýärler. Her komitet belli bir işe gözegçilik edýär. Geliň, olaryň ýerine ýetirýän işlerine gysgaça seredeliň.

  • Doganlar bütin dünýädäki imandaşlarynyň aladasyny guramaçylykly etmäge jan edýärler

    Koordinatorlar komiteti

    Bu komitetde gulluk edýän doganlar Ýehowanyň Şaýatlarynyň kazyýet bilen bagly meselelerine seredýär. Şeýle-de olar dini ynançlarymyzy halk köpçüligine dogry düşündirmeli bolýan ýagdaýlarda habar beriş serişdeleriniň ulanylmagyna gözegçilik edýär. Galyberse-de, bu komitet bütin dünýäde tebigy betbagtçylykdan, yzarlamalardan we başga-da kyn ýagdaýlardan ejir çeken dogan-uýalara gerekli kömegiň berilmeginiň aladasyny edýär.

  • Beýtelde dürli işi ýerine ýetirýärler

    Işgärler komiteti

    Bu komitetde gulluk edýän doganlara bütindünýä Beýtel maşgalasynyň agzalarynyň ruhy we beden taýdan aladasyny etmek ynanyldy. Komitet Beýtel maşgalasynyň agzalarynyň saýlanmagyna hem-de çagyrylmagyna gözegçilik edip, olaryň Beýtel gullugy bilen bagly meselelerine seredýär.

  • Beýtelçi edebiýatlary çap edip, daşary ýurda ibermäge kömek edýär

    Neşirýat komiteti

    Bu komitetde gulluk edýän doganlar bütin dünýäde Mukaddes Ýazgylara esaslanan edebiýatlaryň çap edilmegine we ýaýradylmagyna gözegçilik edýärler. Olar Ýehowanyň Şaýatlarynyň çaphanalaryna we başga-da emläklerine eýeçilik edip, bütin dünýäde alnyp barylýan gurluşyk işlerine, şol sanda Patyşalyk zallarynyň gurluşygyna gözegçilik edýär. Şeýle-de bu komitet Patyşalyk işine bagyş edilýän sadakalaryň has ýerlikli ulanylmagynyň aladasyny edýär.

  • Dogan gerekli temalary gözleg edip taýarlanýar

    Gulluk komiteti

    Bu komitet wagyz işiniň ähli ugurlaryna, şol sanda ýygnaklar, wagyzçylar, pionerler, ýaşulular, etrap gözegçileri we missionerler bilen bagly meselelere seredýär. Mundan başga-da, olar Keselhanalar bilen hyzmatdaşlyk edýän komitetiň işine ýolbaşçylyk edýär.

  • Dogan sahnada nutuk bilen çykyş edýär

    Okuw komiteti

    Bu doganlar kongreslerde we ýygnaklarda berilýän tälime jogapkär bolup, Gilead mekdebine, Hoş habarçylar mekdebine, Pionerler mekdebine we beýleki mekdeplere ýolbaşçylyk edýär. Galyberse-de, olar «Hudaýa ýaramly ýaşamak we gulluk etmek» okuw depderçesiniň taýýarlanmagyna hem-de audio we wideoýazgylaryň çykarylmagyna gözegçilik edýär.

  • Edebiýatlaryň dürli görnüşi, şol sanda jw.org web saýtymyz

    Ýazyjylar komiteti

    Bu komitetde gulluk edýän doganlar Ýehowanyň Şaýatlarynyň we beýleki adamlaryň çap edilen hem-de elektron görnüşinde alýan ruhy iýmitiniň taýýarlanmagyna gözegçilik edýär. Şeýle-de olar web-saýtymyzyň we bütin dünýädäki terjimeçileriň işiniň guramaçylykly alnyp barylmagynyň aladasyny edýär. Galyberse-de, bu komitet Mukaddes Ýazgylardaky käbir aýatlaryň we edebiýatlarymyzdaky pikirleriň manysy bilen bagly soraglara jogap berýär.

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş