Çopanlar, iň beýik çopanlardan görelde alyň
«Mesih hem Öz yzyny alyp götermegiňiz üçin görgi görüp, size bir nusga galdyrdy». 1 PET. 2:21
SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?
Ýygnak ýaşululary Ýehowanyň göreldesine nädip eýerip bilerler?
Ýygnak ýaşululary Isa Mesihiň göreldesine nädip eýerip bilerler?
Ýaşulularyň çopançylyk ideginiň maksady näme?
1, 2. a) Goýunlaryň aladasy gowy edilende, olara nähili täsir edýär? b) Näme üçin Isanyň döwründe adamlar çopansyz goýunlar ýalydy?
ÇOPAN süriniň aladasyny gowy etse, goýunlar özlerini rahat duýýar. Goýundarçylyk baradaky bir kitaba görä, eger çopan goýunlary otlatmak üçin öri meýdana alyp gidip, ýöne olaryň başga zerurlyklary barada alada etmese, onda sanlyja ýyldan goýunlar horlanar we syrkawlap başlar. Emma her bir goýnuň aladasy edilende, onda bütin süri sagdyn we berk bolýar.
2 Mesihçiler ýygnagy barada-da şeýle diýse bolar. Hudaýyň sürüsine bellenen çopanlar goýunlara üns berip, olaryň aladasyny edende, bütin ýygnagyň ruhy ýagdaýyna gowy täsir edýär. Ýadyňyzda bolsa, bir gezek Isa märekäni görüp, olara haýpy geldi, çünki «olar çopansyz goýunlar ýaly pytraňňydy, alaçsyzdy» (Mat. 9:36). Märeke näme üçin gözgyny ýagdaýdady? Sebäbi Hudaýyň Kanunyny öwretmäge jogapkär adamlar gödek, talap ediji we ikiýüzlüdiler. Olar sürini idemäge we bakmaga derek, «agyr, götermesi kyn ýükleri baglap, adamlaryň gerşine goýýardylar» (Mat. 23:4).
3. Ýaşulular goýunlaryň aladasyny edende nämäni unutmaly däl?
3 Şu günler mesihçi çopanlara, ýagny bellenen ýaşululara jogapkärli ýumuş tabşyryldy. Olar Ýehowanyň hem-de özüni «Gowy çopan» hökmünde tanadan Isanyň goýunlaryna gözegçilik etmeli (Ýahýa 10:11). Isa olary «gymmatly gany bilen satyn aldy» (1 Kor. 6:20; 1 Pet. 1:18, 19). Ol goýunlaryny şeýle söýýär welin, hatda olar üçin janyny gurban etdi. Ýygnak ýaşululary Hudaýyň söýgüli Ogly we «goýunlaryň uly Çopany» Isa Mesihiň ýolbaşçylygy astynda çopançylyk edýändigini hiç haçan unutmaly däl (Ýew. 13:20).
4. Bu makalada nämä serederis?
4 Mesihçi ýaşulular goýunlaryň aladasyny nädip etmeli? Hudaýyň Sözünde ýygnak agzalarynyň «ýolbaşçylaryň sözüne gulak asmalydygy» barada aýdylýar. Ýygnak ýaşulularyna bolsa, «özlerine tabşyrylanlara agalyk edýänler ýaly» bolmakdan gaça durmak maslahat berilýär (Ýew. 13:17; 1 Petrus 5:2, 3-nji aýatlary okaň). Bellenen ýaşulular nädip sürä agalyk etmän ýolbaşçylyk edip bilerler? Başgaça aýdanyňda, olar Hudaýyň gözegçilere beren çäginden çykman, goýunlaryň aladasyny nädip edip bilerler?
«OLARY GÖTERIP, BAGRYNA BASÝAR»
5. Biz Işaýa 40:11-däki sözlerden Ýehowa barada nämäni bilýäris?
5 Işaýa pygamber Ýehowa barada şeýle diýdi: «Ol sürüsini çopan kimin bakýar, guzulary öz eline alýar, olary göterip, bagryna basýar, ene goýunlara ýol görkezýär» (Iş. 40:11). Bu sözler Ýehowanyň ýygnakdaky gowşaklaryň we ejizleriň aladasyny edýändigini görkezýär. Çopanyň sürüdäki her bir goýnuň zerurlyklaryny bilşi ýaly, Ýehowa-da ýygnakdaky her bir adamyň zerurlyklaryny bilýär we olara höwes bilen kömek edýär. Çopan ýaňy doglan guzynyň aladasyny edişi ýaly, «rehimler Atasy» Ýehowa-da kynçylyklarda biziň aladamyzy edýär. Agyr synaglara ýa-da kyn ýagdaýlara düşenimizde, Ol bize teselli berer (2 Kor. 1:3, 4).
6. Ýygnagyň çopany Ýehowanyň göreldesine nädip eýerip biler?
6 Gökdäki Atamyz ýygnagyň çopanlaryna, gör, nähili ajaýyp görelde görkezýär! Olar Ýehowanyň göreldesine eýerip, goýunlaryň zerurlyklaryna ünsli bolmaly. Eger ýygnak ýaşulusy imandaşlarynyň kynçylyklaryny, aýratyn zerurlyklaryny bilse, olara haçan we nädip göwünlik bermelidigini hem goldamalydygyny biler (Sül. tym. 27:23). Munuň üçin ýygnak ýaşulusy dogan-uýalar bilen gürrüňdeş bolmaga wagt sarp etmeli. Ol imandaşlarynyň şahsy durmuşyna hormat goýsa-da, ýygnakda görýän we eşidýän zatlaryna ünsli bolýar we «ejizleri goldamak» üçin söýgi bilen kömek edýär (Res. iş. 20:35; 1 Sel. 4:11).
7. a) Ezekiýel we Ýermeýa pygamberleriň döwründe Hudaýyň sürüsi nähili ýagdaýdady? b) Biz Ýehowanyň biwepa çopanlary ýazgarmagyndan nähili sapak edinip bileris?
7 Geliň, häzir Ezekiýel we Ýermeýa pygamberleriň döwründe ýaşan çopanlaryň özüni alyp barşyna seredeliň. Goýunlaryň aladasyny etmändikleri üçin, Ýehowa olary ýazgarypdyr. Goýunlar başgalara olja bolup, dagapdyr, çünki sürä hiç hili gözegçilik edilmändir. Çopanlar goýunlary idemegiň deregine, olary ezipdirler we halky däl-de, «özlerini bakypdyrlar» (Ezek. 34:7—10; Ýer. 23:1). Hudaýyň ýazgaran bu çopanlaryny hristian döwletleriniň dini ýolbaşçylaryna meňzetse bolýar. Şeýle-de bu ýygnagyň ýaşulularyna Ýehowanyň sürüsiniň aladasyny dogry we söýgi bilen etmegiň wajypdygyny görkezýär.
«MEN SIZE GÖRELDE GÖRKEZDIM»
8. Şägirtleriniň nädogry garaýşyny düzetmekde Isa nähili ajaýyp görelde görkezdi?
8 Dogan-uýalaryň käbiri bikämillik sebäpli Ýehowanyň niýetine gowy düşünmezlikleri ahmal. Belki-de, olar Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýermän karara gelýändirler ýa-da ruhy taýdan ýetişen mesihçä gelişmeýän hereketleri edýändirler. Şeýle ýagdaýda ýygnak ýaşululary näme etmeli? Olar Isanyň sabyrlylygyndan görelde almaly. Şägirtleri hemişe diýen ýaly Patyşalykda haýsysynyň uly boljakdygy barada jedel etseler-de, Isa olara hiç haçan gaharlanmady. Gaýtam, sabyrlylyk hem söýgi bilen olara tälim berdi we kiçigöwünli bolmagyň wajypdygyny öwretdi (Luka 9:46—48; 22:24—27). Şeýle-de Isa olaryň aýaklaryny ýuwup, kiçigöwünli bolmakda görelde görkezdi. Bu häsiýeti bildirmek ýygnagyň gözegçileri üçin möhümdir (Ýahýa 13:12—15-nji aýatlary okaň; 1 Pet. 2:21).
9. Isa resullaryna nähili garaýşy düzetmegi maslahat berdi?
9 Isanyň ruhy çopançylyk babatdaky garaýşy Ýakup hem-de Ýahýa resulyň garaýşyndan tapawutlanýardy. Bu iki resul Patyşalykda görnükli orun eýelemek isleýärdiler. Emma Isa olaryň garaýşyny düzetmek üçin şeýle diýdi: «Siz bilýärsiňiz, milletleriň başlyklary olara agalyk edýär, ululary-da olara ygtyýar bilen baştutanlyk edýär. Siziň araňyzda beýle bolmasyn. Araňyzda kim uly bolmak isleýän bolsa, beýlekileriň hyzmatkäri bolsun» (Mat. 20:25, 26). Resullar imandaşlarynyň üstünden ýa-da öz «aralarynda» «agalyk» etmekden gaça durmalydylar.
10. Isa ýaşulularyň süriniň aladasyny nädip etmegini isleýär we bu babatda Pawlus nähili görelde galdyrdy?
10 Isa sürä özüniň alada edişi ýaly, mesihçi ýaşulularyň hem şeýle gözegçilik etmegini isleýär. Olar özlerini imandaşlarynyň hojaýyny däl-de, hyzmatkäri ýaly alyp barmaly. Pawlus resul kiçigöwünli adamdy. Ol Efesosdaky ýygnagyň ýaşulularyna şeýle diýdi: «Meniň Aziýa gelen ilkinji günümden bäri hemişe siziň ýanyňyzda bolanymy özüňiz bilýänsiňiz. Men bütin pes göwünlilikde... Rebbe gulluk etdim». Pawlus ýygnak ýaşulularynyň imandaşlaryna ýürekden we kiçigöwünlilik bilen kömek etmegini isleýärdi. Ol şeýle diýdi: «Men şeýle işläp, ejizleri goldamalydygyny... ähli zatda size görkezdim» (Res. iş. 20:18, 19, 35). Korintosdaky mesihçilere bolsa, Pawlus: «Siziň imanyňyzyň üstünden höküm sürmeýäris» diýdi. Gaýtam, ol dogan-uýalaryň şatlygyna şatlyk goşmak üçin kiçigöwünlilik bilen zähmet çekdi (2 Kor. 1:24). Pawlus şu günki ýygnak ýaşulularyna kiçigöwünli bolmakda we ýadawsyz zähmet çekmekde gowy görelde galdyrdy.
«YNAMLY SÖZE ÝAPYŞYŇ»
11, 12. Ýaşuly imandaşynyň karara gelmegine nädip kömek edip biler?
11 Ýygnak ýaşulusy «sagdyn taglymat bilen öwüt-ündew berip... ynamly söze ýapyşmalydyr» (Titus 1:9). Ol muny «ýumşaklyk bilen» etmeli (Gal. 6:1). Gowy ruhy çopan bir mesele ýüze çykanda, ýygnakdaky imandaşlaryny anyk bir zady etmäge mejbur etmeýär, gaýtam, olaryň ýüregine täsir etmäge çalyşýar. Meselem, bir dogan wajyp karara geljek bolanda, ýaşuly oňa Mukaddes Ýazgylardaky haýsy prinsiplere üns bermelidigini aýdyp biler. Onuň bilen edebiýatymyzdaky makalany ara alyp maslahatlaşsa bolar. Ol imandaşyny gelen kararynyň Ýehowa bilen dostlugyna etjek täsiri barada oýlanmaga höweslendirse gowy bolar. Şeýle-de belli bir karara gelmänkä, doga edip, Hudaýdan görkezme dilemegiň wajypdygyny nygtap biler (Sül. tym. 3:5, 6). Ýygnak ýaşulusy imandaşy bilen şeýle meseläni ara alyp maslahatlaşandan soňra, onuň özüniň belli bir netijä gelmelidigini aýdýar (Rim. 14:1—4).
12 Mesihçi gözegçilerine berlen ygtyýar Mukaddes Ýazgylara esaslanýar. Şoňa görä-de, olar Mukaddes Ýazgylary ökdelik bilen ulanmaly we onda ýazylanlara berk eýermeli. Bu olara berlen ygtyýaryndan öte geçmezlige kömek eder. Galyberse-de, olaryň işi — çopançylyk etmek. Dogan-uýalar bolsa, gelen karary üçin Ýehowa hem-de Isanyň öňünde özleri jogap bererler (Gal. 6:5, 7, 8).
«SÜRÄ GÖRELDE BOLUŇ»
13, 14. Ýaşuly haýsy ýagdaýlarda sürä görelde bolmaly?
13 Petrus resul ýygnagyň ýaşulularyna «özlerine tabşyrylanlara agalyk» etmäň diýenden soňra, «sürä görelde boluň» diýip maslahat berdi (1 Pet. 5:3). Ýaşuly sürä nädip görelde bolup biler? Geliň, «gözegçi bolmaga jan çekýän» doganyň ösdürmeli iki häsiýetine seredeliň. Ol «sagdyn düşünjeli» we «öz öýüni oňat dolandyrýan» bolmaly. Eger ýaşuly maşgalaly bolsa, onda ol öýünde göreldeli bolmaly, sebäbi «kim öz öýüni dolandyryp bilmeýän bolsa, onda ol Hudaýyň ýygnagynyň aladasyny nähili eder?» (1 Tim. 3:1, 2, 4, 5). Gözegçi bolmaga jan çekýän dogan sagdyn düşünjeli bolmaly, ýagny Hudaýyň prinsiplerine gowy düşünmeli we olary öz durmuşynda nädip ulanmalydygyny bilmeli. Ol paýhasly bolmaly we howlukmaç karara gelmeli däl. Wagyzçylar ýaşulularda şeýle häsiýetleri görende, olara bolan ynamy artar.
14 Şeýle-de gözegçiler wagyz gullugyna ýolbaşçylyk edip, imandaşlaryna gowy görelde görkezýärler. Bu babatda Isa olara gowy görelde galdyrdy. Isa Patyşalyk baradaky hoş habary wagyz etmegi örän wajyp hasaplaýardy. Ol şägirtlerine bu işi nädip ýerine ýetirmelidigini görkezdi (Mar. 1:38; Luka 8:1). Şu günler halas ediji işe yhlasly gatnaşýan ýaşulular bilen eginme-egin wagyz etmek we olardan mugallymçylyk tärlerini öwrenmek, wagyzçylary diýseň ruhlandyrýar! Yhlasly gözegçiler jogapkärçiliginiň köpdügine garamazdan, wagyz etmäge wagtyny we güýjüni köpräk sarp etseler, dogan-uýalary ruhlandyrarlar. Şeýle-de olar ýygnak duşuşyklaryna taýýarlanyp, oňa gatnaşsalar, Patyşalyk zallarynyň arassaçylyk işlerine we başga-da zatlara kömek etseler, doganlara gowy görelde görkezip bilerler (Efes. 5:15, 16; Ýewreýler 13:7-ni okaň).
«EJIZLERI GOLDAŇ»
15. Ýaşulular näme üçin ideg edýärler?
15 Eger goýun ýaralanan ýa-da syrkawlan bolsa, gowy çopan derrew kömege ýetişýär. Şonuň ýaly-da, ýygnak ýaşululary ejir çekýän ýa-da ruhy kömege mätäç doganlara derrew üns bermeli. Gartaşan we syrkaw mesihçiniň saglyk ýagdaýyna üns bermeli bolsa-da, olar, esasan-da, ruhy kömege we tesellä has köp mätäçdirler (1 Sel. 5:14). Ýygnagyň ýaş wagyzçylary «ýaşlyk höwesleri» ýaly kynçylyklara uçramaklary mümkin (2 Tim. 2:22). Ýygnak ýaşululary şeýle dogan-uýalary wagtal-wagtal ideg edýärler. Şonda olar kynçylyga uçraýan imandaşlarynyň ýagdaýyna düşünmek üçin jan edýärler we Mukaddes Ýazgylardan gerekli maslahatlary berip, olary ruhlandyrýarlar. Eger-de ýaşulular dogan-uýalara wagtynda kömek etseler, köp kynçylyklaryň öňüni alyp bilerler.
16. Kimdir biri ruhy kömege mätäç bolanda, ýaşulular nädip kömek etmeli?
16 Eger ýygnakda bir doganyň agyr kynçylygy ýüze çykyp we bu onuň Ýehowa bilen dostlugyna zyýan ýetirýän bolsa näme? Ýakup şägirt şeýle ýazdy: «Araňyzda biri syrkawmy? Ol ýygnagyň ýolbaşçylaryny ýanyna çagyrsyn, olar hem Rebbiň adyndan oňa ýag çalyp, onuň üçin doga etsin. Iman dogasy syrkawa şypa berer; Reb ony dikelder. Eger ol günä eden bolsa bagyşlanar» (Ýakup 5:14, 15). Ýöne ruhy taýdan syrkawlan dogan «ýolbaşçylary ýanyna çagyrmasa-da», muny bilýän ýaşulular, mümkin boldugyndan, çaltlyk bilen kömege ýetişmeli. Eger ýaşulular olaryň özleri bilen bile we olar üçin doga etseler hem-de kynçylyklarynda goldasalar, dogan-uýalary Hudaýa şatlyk bilen gulluk etmäge höweslendirip, özleriniň gowy çopandyklaryny subut ederler (Işaýa 32:1, 2-nji aýatlary okaň)a.
17. Ýaşulularyň «uly Çopandan» görelde almagy ýygnaga nähili peýda berýär?
17 Ýehowanyň guramasynda çopançylyk edýän doganlar ähli zatda «uly Çopan» Isadan görelde almaga jan edýärler. Ruhy kömegi berýän şeýle jogapkär doganlar arkaly süri berkeýär we Hudaýa wepaly gulluk edip bilýär. Biz munuň üçin deňsiz-taýsyz Çopanymyz Ýehowa minnetdardyrys we Ony şöhratlandyrmaga höweslenýäris.
[Çykgyt]
a Işaýa 32:1 Ine, patyşa dogrulyk bilen şalyk eder, hökümdarlar adalatlylyk bilen höküm sürerler. 2 Olaryň hersi ýelden buky, tupandan pena, gurak ýerde bulaklar, teşne ýurtdaky uly gaýanyň kölegesi dek bolar.
[26-njy sahypadaky surat]
[29-njy sahypadaky surat]
Ýaşulular maşgala agzalaryna wagyz gullugyna taýýarlanmaga kömek edýärler (13-nji abzasa serediň)
[30-njy sahypadaky suratlar]
Gözegçi doganlar wagyz etmekde görelde görkezýärler (14-nji abzasa serediň)