Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/6 sah. 20—24
  • Hudaýyň sürüsine gözegçilik ediň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň sürüsine gözegçilik ediň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýyň sürüsine gözegçilik ediň
  • «Mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen»
  • «Biabraýçylykly gazanç üçin däl, isleg bilen»
  • Agalyk etmän, sürä görelde boluň
  • Çopanlar, iň beýik çopanlardan görelde alyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Ýehowanyň çopanlaryna gulak asyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Ýygnak ýaşululary dogan-uýalara nädip hyzmat edýärler?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
  • Araňyzda zähmet çekýänleriň gadyryny biliň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/6 sah. 20—24

Hudaýyň sürüsine gözegçilik ediň

«Hudaýyň sürüsine mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen gözegçilik ediň» (1 PET. 5:2).

1. Petrus resul birinji hatynda näme üçin mesihçileriň imanyny berkitmek isleýärdi?

PETRUS RESUL mesihçileriň imanyny berkitmek üçin birinji hatyny ýazýar. Sebäbi Iblis mesihçileri ýuwutjak bolup, aýlanyp ýördi. Olar oňa garşy durmak üçin hüşgär bolup, Hudaýyň «güýçli elleriniň astynda pällerini pes tutmalydylar» (1 Pet. 5:6, 8). Onsoňam, mesihçiler agzybir bolmalydy. Eger olar «bir-birini çeýnäp, iýýän bolsa», onda bir-birini ýok edäýmekleri ahmaldy (Gal. 5:15). Petrusyň haty öz wagtynda ýazylypdy, çünki biraz wagtdan imperator Neron Rimdäki mesihçileri ýowuz yzarlap başlady.

2, 3. Biz kime garşy göreşmeli? Şu we indiki makalada nämä serederis?

2 Şu günler biz hem şeýle ýagdaýda. Iblis bizi ýuwutmak üçin mümkinçilik gözleýär (Ylh. 12:12). Galyberse-de, biz häzir dünýäniň başyndan bäri bolmadyk «uly muşakgatyň» bosagasynda ýaşaýarys (Mat. 24:21). Birinji asyrdaky mesihçiler ýaly, biz hem agzalalykdan gaça durmaly. Bu babatda bize käte tejribeli ýaşulularyň kömegi gerek bolýar.

3 Geliň, ýaşulularyň Hudaýyň sürüsine gözegçilik etmek borjuna nädip minnetdarlygyny artdyryp bilýändigine seredeliň (1 Pet. 5:2). Soňra biz olaryň nädip sürä dogry gözegçilik etmelidigini bileris. Indiki makalada bolsa, sürä «öňbaşçylyk edip öwüt berýänleriň» nädip gadyryny bilmelidigimize serederis (1 Sel. 5:12). Bu bize esasy Duşmanymyza garşy durmaga we diňe onuň bilen göreşmelidigimize düşünmäge kömek eder (Efes. 6:12).

Hudaýyň sürüsine gözegçilik ediň

4, 5. Ýaşulular sürä nähili garamaly? Mysal getiriň.

4 Petrus resul birinji asyrda ýaşan ýygnak ýaşulularyna Hudaýyň sürüsine dogry garamagy maslahat berdi (1 Petrus 5:1, 2-nji aýatlary okaň). Petrus ýygnagyň sütüni bolsa-da, ýaşuly doganlara ulumsylyk bilen ýüzlenmedi. Gaýtam, olara ýoldaşlary hökmünde ýüzlendi (Gal. 2:9). Şu günler hem Ýolbaşçylyk maslahaty ýygnak ýaşulularyny Hudaýyň sürüsine Petrus ýaly gözegçilik etmek borjuny ýürekden berjaý etmäge höweslendirýär.

5 Petrusyň aýtmagyna görä, olar Hudaýyň sürüsine gözegçilik edýärler. Olara sürüniň Ýehowanyňkydygyna we Isa Mesihiňkidigine düşünmek wajypdy. Ýaşulular Hudaýyň goýunlaryna gözegçilik edişi hakda hasabat tabşyrmalydylar. Aýdaly, ýakyn dostuň senden çagalaryna seredip bermegi haýyş edýär. Eýsem, sen olara gowy seredip, wagtly-wagtynda çaý-çöregini bermezmiň? Çagalaryň biri kesellese, ony bejermek üçin eliňden geleni etmezmiň? Ýygnak ýaşululary hem Hudaýyň Oglunyň «gany bilen edinen ýygnagyny bakýarlar» (Res. iş. 20:28). Olar her goýnuň Isa Mesihiň gymmatly gany bilen satyn alnandygyny unutmaly däl. Ýaşulular şeýle jogapkärçiligiň berlendigine düşünip, sürüni bakýar, goraýar we aladasyny edýär.

6. Gadymy döwürde ýaşan çopanlaryň näme borjy bardy?

6 Gadymy döwürde ýaşan çopanlaryň borjy barada oýlanyp görüň. Olar gije diýmän, gündiz diýmän, sowuga we yssa garamazdan, sürüni bakýardy (Gel. çyk. 31:40). Olar hatda janyny-da gaýgyrmaýardy. Çopan oglan Dawut goýunlaryny ýolbars ýa-da aýy ýaly wagşy haýwanlardan goraýardy. Dawut olary iki ýagdaýda-da «bokurdagyndan tutup, ýere ýykýar-da, öldürýär» (1 Sam. 17:34, 35). Diýmek, ol ýyrtyjy haýwan bilen garpyşypdyr. Bu nähili batyrgaýlyk! Hawa, ol goýunlaryny goramak üçin hiç zatdan gaýtmandyr.

7. Ýaşulular göçme manyda Şeýtanyň agzyndan goýny nädip çekip alýar?

7 Şu günler ýaşulular ýolbars kimin hüjüm edýän Iblise garşy durmak üçin oýa bolmaly. Olar göçme manyda Iblisiň agzyndan goýny çekip almak üçin batyrgaý bolmaly. Olar seresaplygy elden beren we Şeýtanyň duzagyna düşen doganlar bilen gürrüňdeş bolup biler (Ýahuda 22, 23-nji aýatlary okaň). Elbetde, ýaşulular muny Ýehowanyň kömegi bilen edýär. Olar ýaralanan goýny mähirli eline alyp, Hudaýyň Sözüni, ýagny şypa berýän ýagy çalyp, onuň ýarasyny saraýarlar.

8. Ýaşulular sürüni nirede we nädip bakýar?

8 Şeýle-de çopanlar goýunlary otluk ýerlerde bakýar we suwa ýakýar. Şonuň ýaly ýaşulular süri gowy bakylyp, «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny» alar ýaly, yzygider geçirilýän ýygnak duşuşyklarynda ruhlandyrýarlar (Mat. 24:45). Ýaşulular ruhy taýdan gowşan dogan-uýalara kömek etmek üçin, olary Hudaýyň Sözi bilen iýmitlendirip, köp wagtyny sarp etmeli. Azaşan goýna sürä dolanmak kyn bolýar. Ýaşulular şeýle doganlary gorkuzman, eýsem, Mukaddes Ýazgylardaky prinsipleri mähirli düşündirýär we olary durmuşda nädip ulanyp bolýandygyny görkezýär.

9, 10. Ýaşulular ruhy taýdan gowşan adamyň nädip aladasyny etmeli?

9 Sen kesseläniňde nähili lukmana ýüz tutarsyň? Käbir lukmanlar başga bir kesel adamy kabul etjek bolup, seni kän bir diňlemeýär we derrew bejergi ýazyp berýär. Sen şeýle lukmana ýüz tutarmydyň? Ýa-da seni ünsli diňleýän, saňa nämäniň erbet täsir edip biljekdigini düşündirýän we dürli bejergini teklip edýän lukman bilen maslahatlaşarmydyň?

10 Şonuň ýaly ýaşulular hem ruhy taýdan gowşan adamy diňlemeli we ýarasyny bejermäge kömek etmeli, şeýdip, göçme manyda «Rebbiň adyndan oňa ýag çalýarlar» (Ýakup 5:14, 15-nji aýatlary okaň). Gileatdaky ýag ýaly Hudaýyň Sözi ruhy taýdan gowşan adama şypa berer (Ýerem. 8:22; Ezek. 34:16). Göwünli-göwünsiz adam Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýerse, ýene-de oňa Ýehowa gulluk etmäge kömek eder. Hawa, ýaşulular ýaralanan goýun barada eşidende, ony gözden salman kömek edip, onuň üçin doga edýärler.

«Mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen»

11. Ýaşululary sürä meýletinlik bilen gözegçilik etmäge näme höweslendirýär?

11 Petrus indi ýaşululara nädip gözegçilik etmeli we etmeli däldigi hakynda nesihat berýär. Ýaşulular Hudaýyň sürüsini «mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen gözegçilik etmeli». Ýaşululary doganlara meýletinlik bilen gulluk etmäge näme höweslendirmeli? Petrusy Isanyň goýunlaryny bakmaga näme höweslendiripdi? Ol Isany söýýärdi (Ýahýa 21:15—17). Ýaşulular hem Isany söýýärler, indi «özleri üçin däl-de, olaryň ugrunda» ölen Mesih üçin ýaşaýarlar (2 Kor. 5:14, 15). Şeýle-de olar Hudaýy we doganlary söýýändigi üçin goýunlara hyzmat edip, güýjüni, serişdesini we wagtyny gaýgyrmaýar (Mat. 22:37—39). Olar mejburlyk bilen däl-de, meýletinlik bilen gulluk edýärler.

12. Pawlus dogan-uýalara nähili hyzmat etmäge taýyndy?

12 Ýaşulular dogan-uýalara nädip hyzmat etmeli? Olar Isa eýeren Pawlus resuldan görelde almaly (1 Kor. 11:1). Pawlus we onuň ýoldaşlary selanikli dogan-uýalary şeýle söýýärdiler welin, olara «diňe Hudaýyň Hoş Habaryny däl-de, öz janlaryny-da bermäge razydy» (1 Sel. 2:7, 8). Pawlus resul enäniň çagalaryna bolan söýgüsini bilýärdi. Ene çagasy üçin janyny gaýgyrmaýar, hatda ýarygije-de turup, ony emdirýär.

13. Ýaşulular näme babatda paýhasly bolmaly?

13 Ýaşulular ýygnakdaky we maşgaladaky borjuny paýhasly berjaý etmeli (1 Tim. 5:8). Ýaşulular maşgalasy bilen geçirip biljek gymmatly wagtyny ýygnagyň işlerine sarp edýärler. Olar şu iki borjuny paýhasly ýerine ýetirmek üçin käte dogan-uýalary maşgala okuwyna çagyryp biler. Ýaponiýada ýaşaýan Masanao atly ýaşuly köp ýyldan bäri maşgalasyz dogan-uýalary hem-de äri iman etmeýän uýalary çagalary bilen maşgala okuwyna çagyrýar. Şeýle kömekden peýdalananlaryň käbiri wagtyň geçmegi bilen, ýygnakda ýaşuly boldular we Masanaonyň ajaýyp göreldesine eýerdiler.

«Biabraýçylykly gazanç üçin däl, isleg bilen»

14, 15. Ýaşulular näme üçin «biabraýçylykly gazanç» ugrunda gulluk etmekden ägä bolmaly we olar nädip Pawlusyň göreldesine eýerip biler?

14 Şeýle-de Petrus ýaşululara sürä «biabraýçylykly gazanç üçin däl, isleg bilen» gözegçilik etmegi maslahat berýär. Ýaşulular ýygnagyň işlerini etmek üçin köp wagt sarp etse-de, olar özlerine pul tölenmelidir öýtmeýärler. Petrus ýaşuly doganlary sürä «biabraýçylykly gazanç» üçin gözegçilik etmegiň howpludygy hakda duýdurýar. Köp adamlar garyp ýaşasalar-da, «Beýik Babylyň» dini ýolbaşçylary bolelin ýaşaýarlar (Ylh. 18:2, 3). Şonuň üçin häzirki ýaşulular hem her hili açgözlükden habardar bolsalar, paýhasly bolar.

15 Pawlus ýygnak ýaşulularyna gowy görelde galdyrdy. Ol resul bolany üçin selanikli mesihçilere «agram salyp» bilerdi, ýöne «hiç kimiň çöregini mugt iýmedi». Gaýtam, «gije-gündiz azap bilen işledi» (2 Sel. 3:8). Bu babatda häzirki ýaşulular, şol sanda aýlanýan gözegçiler hem ajaýyp görelde görkezýärler. Olar dogan-uýalaryň myhmansöýerligini kabul etseler-de, hiç kime «agram salmaýar» (1 Sel. 2:9).

16. Sürä «isleg bilen» gözegçilik etmek näme aňladýar?

16 Ýaşulular sürä «isleg bilen» gözegçilik edýärler. Bu olaryň süri barada janaýaman alada edişinden görünýär. Ýöne olar sürüni Ýehowa gulluk etmäge mejbur etmeýärler. Olar Hudaýa gulluk edýän dogan-uýalary bäsdeşlige itermeýär (Gal. 5:26). Ýaşulular her bir goýnuň özboluşlydygyna düşünýärler. Olar dogan-uýalara Ýehowa şatlyk bilen gulluk etmäge ýardam edýärler.

Agalyk etmän, sürä görelde boluň

17, 18. a) Isanyň kiçigöwünlik hakda öwredýänlerine düşünmek resullara näme üçin kyndy? b) Näme üçin biz hem şeýle ýagdaýa düşüp bileris?

17 Ýokarda aýdylyşy ýaly, ýaşulular sürüniň özüniňki däl-de, Hudaýyňkydygyny unutmaly däl. Olar «özlerine tabşyrylanlara agalyk etmekden» ägä bolmaly (1 Petrus 5:3-i okaň). Käte Isanyň resullarynda hem nädogry isleg bolýardy. Milletleriň ýolbaşçylary ýaly, olar hem abraýly dereje gazanmak isleýärdiler (Markus 10:42—45-nji aýatlary okaň).

18 Şu günler «gözegçi bolmaga jan çekýän» doganlar hem näme üçin gözegçi bolmak isleýändigini barlap görseler, gowy bolardy (1 Tim. 3:1). Häzir ýaşuly bolup gulluk edýän doganlar hem resullaryňky ýaly abraý gazanmak we agalyk etmek isleginiň özünde bardygy ýa-da ýokdugy barada oýlanyp görmeli. Eger şeýle isleg resullarda bolan bolsa, onda ýaşulular hem bu dünýäde giňden ýaýran agalyk etmek islegine garşy göreşmelidigine düşünmeli.

19. Ýaşulular sürüni goranda, nämäni unutmaly däl?

19 Käwagt ýaşulular sürüni «azgyn gurtlardan goramak» üçin ygtyýaryny ulanyp, berk maslahat bermeli bolýar (Res. iş. 20:28—30). Pawlus resul Timoteosa «doly ygtyýar bilen öwüt-ündew et hem-de käýe» diýdi (Titus 2:15). Hatda olar berk maslahat ýa-da temmi bermeli bolanda, günä eden adam bilen özlerini sylaşykly alyp barmaly. Ýaşulularyň gödek tankydy däl-de, eýsem, gowy göreldesi günä eden adamyň ýüregine täsir edip, toba etmäge kömek edýär.

20. Ýaşulular Isanyň gowy göreldesine nädip eýerip biler?

20 Isanyň ajaýyp göreldesi ýaşululary sürüni söýmäge höweslendirýär (Ýahýa 13:12—15). Isanyň şägirtlerine wagyz etmegi we şägirt taýýarlamagy öwredişi hakda okasak, ýüregimiz mähirli duýgulardan dolýar. Onuň kiçigöwünligi şägirtleriniň ýüregine şeýle täsir etdi welin, olar hem «kiçigöwünlilik bilen beýlekileri özünden üstün saýyp» başlady (Flp. 2:3). Şu günler hem ýaşulular Isanyň göreldesine eýerip, «sürä görelde bolýar».

21. Ýaşululara nähili sylag garaşýar?

21 Petrus resul ýaşululara berlen wadany ýada salyp, sözüni jemleýär (1 Petrus 5:4-i okaň). Mesh edilen gözegçiler gökde Mesih bilen «solmaz şöhrat täjini alarlar». «Başga goýunlardan» bolan ýaşululara bolsa, «Baş Çopanyň» baştutanlygynda ýer ýüzünde Hudaýyň sürüsüne gözegçilik etmäge mümkinçilik berler (Ýahýa 10:16). Indiki makalada ýygnagyň agzalary gözegçi doganlary nädip goldap bilýändigine serederis.

Ýadyňyzdamy?

• Petrus näme üçin ýaşululara Hudaýyň sürüsine gözegçilik etmegi maslahat berdi?

• Ýaşulular ruhy taýdan gowşan mesihçi barada nädip alada etmeli?

• Hudaýyň sürüsine gözegçilik etmäge ýaşululary näme höweslendirýär?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş