Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w11 15/6 sah. 24—28
  • Araňyzda zähmet çekýänleriň gadyryny biliň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Araňyzda zähmet çekýänleriň gadyryny biliň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • «Zähmet çekýärler»
  • «Öňbaşçylyk edýärler»
  • «Öwüt berýärler»
  • Ýehowanyň bellän ýaşulularynyň gadyryny biliň
  • Ýygnakda nämeler edilýär?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Hudaýyň sürüsine gözegçilik ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Ýaşulular, Pawlusyň göreldesine eýeriň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär (Ýygnak üçin) — 2022
  • Ýygnak ýaşululary dogan-uýalara nädip hyzmat edýärler?
    Ýehowanyň islegini kim berjaý edýär?
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
w11 15/6 sah. 24—28

Araňyzda zähmet çekýänleriň gadyryny biliň

«Araňyzda zähmet çekýänleriň, Reb ýolunda size öňbaşçylyk edip öwüt berýänleriň gadyryny biliň» (1 SEL. 5:12).

1, 2. a) Pawlus resul birinji hatyny ýazanda, Selanikdäki ýygnagyň ýagdaýy nähilidi? b) Pawlus resul selaniklileri nämä höweslendirdi?

AÝDALY, sen Selanikdäki ýygnagyň agzasy. Ol birinji asyrda Ýewropada döredilen ilkinji ýygnaklaryň biridi. Pawlus resul şol şäherdäki dogan-uýalaryň imanyny berkitmek üçin köp wagt sarp edýär. Pawlus beýleki ýygnaklardaky ýaly ol ýygnakda-da ýaşululary belleýär (Res. iş. 14:23). Ýygnak döränsoň, ýewreýler Pawlusa we Silasa garşy halky küşgürip, olary şäherden gitmäge mejbur edýär. Şäherde galan mesihçiler ýekesirän, hatda gorkan bolmaly.

2 Pawlus resul Selanikden gitse-de, ol ýerde ýaňy dörän ýygnagyň aladasyny edýärdi. Pawlus resul Selanige barjakdy welin, ýöne oňa Şeýtan päsgel berdi. Şol sebäpli, ol ýygnagy ruhlandyrmak üçin Timoteosy iberdi (1 Sel. 2:18; 3:2). Timoteos gowy habar bilen gelende, Pawlus resul selaniklilere hat ýazdy. Pawlus olara birnäçe nesihat berdi, şol sanda hem «öňbaşçylyk edýän» doganlaryň gadyryny bilmäge höweslendirdi (1 Selanikliler 5:12, 13-nji aýatlary okaň).

3. Selanikli mesihçiler näme üçin ýaşululara çäksiz söýgi bilen hormat goýmalydy?

3 Selanikli mesihçileriň arasynda öňbaşçylyk edýän doganlar Pawlus we onuň ýoldaşlary ýaly tejribeli däldi. Olar Iýerusalimdäki ýaşulular ýaly köpden bäri gulluk etmeýärdi. Hatda ýygnagyň döränine bir ýyl hem bolanokdy! Şonda-da ýygnagyň ähli agzalary bellenen ýaşulularyň gadyryny bilmelidi, sebäbi olar köp «zähmet çekýärdi», ýygnaga «öňbaşçylyk edip», dogan-uýalara «öwüt berýärdi». Hakykatdan-da, olaryň ýaşululary «çäksiz söýgi bilen hormat goýmaga» mynasypdy. Şeýle sözleri aýdyp, soňra Pawlus olara «özara parahatçylykda ýaşamagy» maslahat berýär. Sen hem Selanikdäki ýygnakda gulluk eden bolsaň, ýaşulularyň çekýän zähmetiniň gadyryny bilerdiňmi? Sen Ýehowanyň Isa Mesih arkaly ýygnaga beren «adam görnüşindäki sylaglaryna» nähili garaýarsyň? (Efes. 4:8)

«Zähmet çekýärler»

4, 5. Pawlusyň döwründe ýygnaga tälim berýän ýaşulular näme üçin köp zähmet çekýärdi we şu günlerem olar näme üçin zähmet çekýär?

4 Selanikli ýaşulular Pawlus bilen Silasy Weriýa ýollap, nädip «zähmet çekýärdiler?» Elbetde, olar Pawlusyň göreldesine eýerip, ýygnaga Mukaddes Ýazgylar esasynda tälim berýärdi. Sen «selanikli mesihçiler Hudaýyň Sözüniň gadyryny bilýärdimi?» diýýänsiň. Injilde-de weriýalylar «Salonikdäkilerden has asyllydy. «Bu zatlar şeýlemikä?» diýip, her gün Ýazgylary gözleşdirdiler» diýilýär (Res. iş. 17:11). Ýöne üns beren bolsaň, şol aýatlarda selanikli mesihçiler barada däl-de, ýehudylar hakda aýdylýardy. Hoş habara iman eden adamlar «Hudaýyň sözüni... adam sözi hökmünde däl-de...Hudaýyň sözi hökmünde kabul etdiler» (1 Sel. 2:13). Şeýlelikde, ýaşulular ýygnaga tälim bermek üçin köp zähmet çekýärdiler.

5 Şu günler sadyk hem akylly hyzmatkär Hudaýyň sürüsine «wagtly-wagtynda nahar paýlaryny» berýär (Mat. 24:45). Ýygnakdaky dogan-uýalarda Mukaddes Ýazgylara esaslanan ençeme edebiýatlar bar. Käbir dillerde «Ýehowanyň Güwäçileriniň edebiýatlarynyň indeksi» hem-de «Ýehowanyň Güwäçileriniň elektron kitaphanasy» (CD) ýaly gollanmalar hem bar. Sadyk hyzmatkäriň ýolbaşçylygynda ýerli ýaşulular dogan-uýalar hakda ruhy taýdan alada etmek üçin köp zähmet çekýärler. Berlen maglumatdan dogan-uýalar peýdalanar ýaly, olar duşuşyklara taýýarlanmaga ençeme sagat sarp edýärler. Ýaşulularyň ýygnaklara we kongreslere näçe wagt taýýarlanýandygy hakynda oýlanyp gördüňmi?

6, 7. a) Pawlus selanikli ýaşululara nähili görelde görkezdi? b) Häzirki ýaşululara Pawlusyň göreldesine eýermek näme üçin kyn bolmagy mümkin?

6 Pawlusyň sürä gözegçilik etmekde görkezen göreldesi selanikli ýaşulularyň ýadyndady. Ol dogan-uýalary sowuk-sala ýa göwünli-göwünsiz idemeýärdi. Öňki makalada aýdylyşy ýaly, Pawlus olaryň arasynda «çagalaryny bagryna basýan ene ýaly...mylakatly gezýärdi» (1 Selanikliler 2:7, 8-nji aýatlary okaň). Ol hatda «janyny-da bermäge razydy»! Ýaşulular sürä gözegçilik edende, onuň göreldesine eýermelidiler.

7 Häzirki ýygnak ýaşululary hem Pawlusyň göreldesine eýerip, süri hakda mähirli alada edýärler. Belki, käbir goýunlar mähirli we güler ýüzli däldir. Şonda-da ýaşulular paýhasly bolup, olaryň gowy häsiýetlerini görmäge çalyşýarlar (Sül. tym. 16:20). Elbetde, ýygnak ýaşulusyna kämilsizligi sebäpli, her bir dogan-uýa dogry garamak aňsat däldir. Emma ol hemmeler bilen özüni mylakatly alyp barmaga çalyşýan bolsa, onda Gowy Çopan Isanyň göreldesine eýermäge tagalla edýäni üçin öwgüli sözlere mynasyp dälmi?

8, 9. Häzirki ýaşulular «janymyz hakda hasabat bermek» üçin nämeler edýär?

8 Biziň ählimiz ýaşululara «tabyn bolmaly». Sebäbi Pawlus resul: «Olar janyňyz hakda hasabat bererler» diýip ýazdy (Ýew. 13:17). Bu sözler bize çopanyň sürüsini goramak üçin ukudan galýanyny ýatladýar. Şu günler hem ýaşulular kesel, göwnüçökgün ýa-da Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere eýermek kyn bolýan dogan-uýalara kömek etmek üçin ukusyndan geçmeli bolýar. Meselem, Keselhanalar bilen hyzmatdaşlyk edýän komitetdäki ýaşulular agyr ýagdaýa düşen dogan-uýalara kömek etmek üçin ýarygije oýanmaly bolýar. Hawa, biz hem şeýle ýagdaýda kömege ýetişýän ýaşululara örän minnetdar!

9 Regional gurluşyk komitetde hem-de doganlara kömek edýän beýleki komitetlerde gulluk edýän ýaşulular hem köp zähmet çekýärler. Biz olary ýürekden goldamaly! Geliň, 2008-nji ýylda Mýanmada turan «Nargis» tupanyndan soň berlen kömege seredeliň. Bu tupanda Irawadi derýasynyň aýagynda ýerleşýän Botingon obasy has köp zyýan çekipdi. Şol obadaky ýygnaga kömek etmek üçin doganlar iberildi. Olar adamlaryň jesediniň ýatan ýerlerinden geçmeli boldy. Ýerli doganlar Botingon ýygnagyna kömege ýetişenleriň arasynda öňki aýlanýan gözegçisini görüp: «Serediň! Biziň aýlanýan gözegçimiz! Ýehowa bizi halas etdi!» diýip, begendiler. Siz hem ýaşulularyň gije-gündiz çekýän zähmetiniň gadyryny bilýärsiňizmi? Käbir ýaşulular kyn hem çylşyrymly meseleleri çözmek üçin ýörite komitetlere bellenýär. Şol ýaşulular edýän işi üçin öwünmeýärler. Emma biz kyn ýagdaýda kömek edýän ýaşululara ýürekden minnetdar (Mat. 6:2—4).

10. Ýaşulular nähili göze ilmeýän işleri edýärler?

10 Mundan başga-da, ýaşulular hat-petek işleri bilen meşgullanýar. Meselem, ýaşulular maslahatynyň koordinatory her hepde geçýän duşuşyklaryň tertibini düzýär. Ýygnagyň kätibi wagyz gullugy hakynda her aý we her ýyl hasabat taýýarlaýar. Mekdebiň gözegçisi çykyş etjeklere ýumuşlary paýlamak, soňra bolsa maslahat bermek üçin köp oýlanýar. Her üç aýdan ýygnagyň pul hasabaty barlanýar. Ýaşulular filialdan gelen hatlary okaýarlar hem-de berlen maslahatlara eýerip, «imanda... birligi» saklamaga kömek edýärler (Efes. 4:3, 11). Şeýle işeňňir ýaşulularyň tagallasy netijesinde, «herki zat sypaýyçylyk hem tertip bilen bolýar» (1 Kor. 14:40).

«Öňbaşçylyk edýärler»

11, 12. Ýygnaga kim öňbaşçylyk edýär we bu nämäni aňladýar?

11 Pawlusyň aýtmagyna görä, selanikli işeňňir ýaşulular ýygnaga «öňbaşçylyk edýärler». Injiliň asyl nusgasyndan «öňbaşçylyk edýär» diýip terjime edilen jümle «öňünde durmagy» aňladýar we ony «ugrukdyrýar; ýolbaşçylyk edýär» diýip terjime etse-de bolýar (1 Sel. 5:12). Pawlus şol ýaşulular hem «zähmet çekýärler» diýýär. Ol diňe «baş gözegçi» barada däl-de, eýsem ýygnakdaky ähli ýaşulular barada aýdýar. Şu günler köp ýaşulular ýygnagyň öňünde durup, duşuşyklary geçirýärler. Ýaňy-ýakynda «ýaşulular maslahatynyň koordinatory» diýen adyň girizilmegi hem ähli ýaşululara deň garamaga kömek edýär.

12 Ýygnaga «öňbaşçylyk etmek» üçin tälim bermek ýeterlikli däl. 1 Timoteos 3:4-däki «dolandyrmaly» diýen söz hem şol manyny aňladýar. Pawlus gözegçi dogan «öz öýüni oňat dolandyrmaly, doly agraslyk bilen çagalaryna diýenini etdirmelidir» diýýär. Şu aýatdaky «dolandyrmaly» diýen sözi diňe çagalara tälim bermegi däl-de, eýsem, maşgala ýolbaşçylyk etmegi we «çagalara diýeniňi etdirmegi» hem aňladýar. Şeýlelikde, ýaşulular ýygnaga baştutanlyk edip, ähli dogan-uýalara Ýehowa tabyn bolmaga kömek edýär (1 Tim. 3:5).

13. Ýaşulular maslahatynda bir karara geler ýaly, näme üçin köpräk wagt gerek bolýar?

13 Ýaşulular sürä gowy gözegçilik etmek üçin, ýygnagyň zerurlyklary barada maslahat edýärler. Elbetde, ähli zady bir ýaşuly çözse, işler çalt çözüljek ýaly bolup görünýändir. Ýöne birinji asyryň ýolbaşçylyk maslahatynyň göreldesine eýerip, şu günler ýaşulular meseläni arkaýyn ara alyp maslahatlaşýar we Hudaýyň Sözüne eýermäge çalyşýar. Olaryň maksady ýygnakda döreýän kynçylyklary Mukaddes Ýazgylaryň prinsipleri esasynda çözmek. Her bir ýaşuly şeýle duşuşyga öňünden taýýarlansa, gerekli aýatlara we sadyk hyzmatkäriň berýän görkezmelerine seretse, peýdaly bolar. Elbetde, munuň üçin wagt gerek. Birinji asyrda sünnetlilik meselesine sereden ýolbaşçylyk maslahatynda bolşy ýaly, her kimde dürli pikir bolsa, onda Ýazgylar esasynda bir karara gelmek üçin köpräk wagt gerek we gözleg geçirmeli bolýar (Res. iş. 15:2, 6, 7, 12—14, 28).

14. Sen azgybir gulluk edýän ýaşulular maslahatynyň gadyryny bilýärmiň we näme üçin?

14 Eger-de bir ýaşuly öz diýenini etdirjek bolsa ýa-da öz pikirini öňe sürse näme? Ýa-da kimdir biri birinji asyrda ýaşan Diotrefis ýaly doganlaryň arasynda agzalalyk döretse näme? (3 Ýahýa 9, 10). Onda tutuş ýygnak zyýan çeker. Şeýtan birinji asyrdaky ýygnagy ruhdan düşürjek bolan bolsa, onda ol häzirki ýygnagyň hem parahatlygyny bozjak bolýar. Ol günäli ynsan höweslerini, meselem, wezipeparazlygy ulanyp biler. Şeýlelikde, her bir ýaşuly kiçigöwünli bolup, bilelikde agzybir zähmet çekmeli. Biz agzybir gulluk edýän kiçigöwünli ýaşululara nähili minnetdar!

«Öwüt berýärler»

15. Ýaşulular dogana ýa uýa näme üçin öwüt berýärler?

15 Soňra Pawlus ýaşulularyň kyn hem wajyp borjy barada aýdýar: olar sürä öwüt berýärler. Injilde «öwüt» ýa «nesihat» bermek diýip terjime edilen grek sözüni diňe Pawlus resul ulanýar. Bu berk maslahaty ýigrenmän bermegi aňladýar (Res. iş. 20:31; 2 Sel. 3:15). Meselem, Pawlus korintoslylara şeýle ýazýar: «Men bu zatlary sizi utandyrmak üçin ýazamok, size söýgüli balalarym hökmünde nesihat berýärin» (1 Kor. 4:14). Pawlus olar barada söýgi bilen alada edýäni üçin öwüt berýärdi.

16. Ýaşulular dogan-uýalara öwüt berende, nämäni unutmasa gowy bolar?

16 Ýaşulular dogan-uýalara öwüt berende, özüni göreldeli alyp barmagy unutmaýar. Olar Pawlus ýaly mähirli bolmaga, söýmäge we kömek etmäge çalyşýarlar (1 Selanikliler 2:11, 12-nji aýatlary okaň). Elbetde, ýaşulular «sagdyn taglymat bilen... öwredilişi ýaly, ynamly söze ýapyşýarlar» (Titus 1:5—9).

17, 18. Ýaşuly saňa öwüt berende, nämäni unutmaly däl?

17 Elbetde, Ýaşulular bikämil bolany üçin bir zat diýensoň ökünmegi mümkin (1 Pat. 8:46; Ýakup 3:8). Onsoňam, ýygnagyň ýaşululary köplenç dogan-uýalara berlen maslahat «şatlykly zat däl-de, gaýgyly» bolýandygyna düşünýärler (Ýew. 12:11). Şol sebäpli, bir dogana ýa uýa öwüt-nesihat berjek bolanda, ýaşuly, ilki, bu barada gowy oýlanýar we doga edýär. Saňa-da öwüt berlen bolsa, onda ýaşulynyň söýgi bilen alada edýänine minnetdarmyň?

18 Aýdaly, sen syrkawladyň, ýöne hiç kim keseliňi anyklap bilmeýär. Emma bir lukman keseliňi anyklaýar, ýöne saňa onuň aýdanlary bilen ylalaşmak kyn bolýar. Sen şol lukmandan öýkelärsiňmi? Elbetde, ýok! Ol operasiýa etmeli diýse-de, sen razy bolarsyň, sebäbi şeýdip, aýaga galjagyňy bilýärsiň. Belki, lukmanyň kesel barada gürrüň berişi göwnüňe degýändir, ýöne onuň kömeginden ýüz öwrersiňmi? Ýok. Şonuň ýaly ýaşulularyň öwüt berişi, saňa olaryň maslahatyny kabul etmäge päsgel bermesin. Sebäbi Ýehowa bilen Isa şol doganlar arkaly seni ruhy taýdan goldaýar we goraýar.

Ýehowanyň bellän ýaşulularynyň gadyryny biliň

19, 20. Sen «adamlar görnüşindäki sylaglara» minnetdarlygyňy nädip bildirip bilersiň?

19 Ýörite seniň üçin taýýarlanan sowgady alsaň, näme edersiň? Ondan peýdalanyp, minnetdarlygyňy bildirmersiňmi? Ýehowa hem Isa Mesih arkala saňa «adamlar görnüşinde sylaglar» berýär. Eger sen ýaşulularyň çykyşyny ünsli diňleseň hem-de berýän maslahatlaryna eýermäge çalyşsaň, onda şol sylaglara minnetdarlygyňy bildirýärsiň. Şeýle-de sen ýygnaklarda ruhlandyryjy jogap berip, minnetdardygyňy görkezip bilersiň. Wagyz edip, ýaşulularyň ýolbaşçylyk edýän işini goldap bilersiň. Ýaşulynyň beren maslahaty kömek eden bolsa, minnetdarlygyňy bildirseň gowy bolmazmy? Ýaşulynyň maşgalasyna-da minnedarlygyňy bildirip bilersiňmi? Ýaşulynyň maşgalasy onuň bilen geçirip biljek wagtyny ýygnagyň aladasyny etmäge berýändigini unutmalyň.

20 Hawa, biz zähmet çekýän, öňbaşçylyk edýän we öwüt berýän ýaşulularyň gadyryny hemişe bilmeli. Hakykatdan-da, «adamlar görnüşindäki sylaglar» Ýehowanyň bizi söýýändigini görkezýär!

Ýadyňyzdamy?

• Selanikli mesihçiler näme üçin öňbaşçylyk edýän doganlaryň gadyryny bilmelidi?

• Ýygnagyňdaky ýaşulular seniň aladaňy etmek üçin nädip zähmet çekýärler?

• Ýaşulularyň öňbaşçylyk etmeginiň saňa näme peýdasy bar?

• Ýaşuly öwüt berende, sen nämäni unutmaly däl?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş