Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w13 15/11 sah. 21—25
  • Ýehowanyň çopanlaryna gulak asyň

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Ýehowanyň çopanlaryna gulak asyň
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • GOWY ÇOPAN ÖZÜNE KÖMEKÇILERI BELLEÝÄR
  • GOWY ÇOPAN GOÝUNLARYNY IÝMITLENDIRÝÄR WE GORAÝAR
  • ÝYGNAK ÝAŞULULARYNYŇ KEMÇILIKLERINE NÄHILI GARAMALY?
  • «BIR SÜRI, BIR ÇOPAN»
  • Çopanlar, iň beýik çopanlardan görelde alyň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
  • Hudaýyň sürüsine gözegçilik ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2011
  • Mähirli çopanlara kiçigöwünlilik bilen boýun bolýarys
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sürüden azaşanlara kömek ediň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2008
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2013
w13 15/11 sah. 21—25

Ýehowanyň çopanlaryna gulak asyň

«Ýolbaşçylaryňyzyň sözüne gulak asyň, olara janyňyz hakda hasabat berjekler hökmünde tabyn boluň». ÝEW. 13:17

SIZ NÄHILI JOGAP BERERSIŇIZ?

Ýygnak ýaşululary Hudaýyň goýunlaryna nädip çopançylyk edýärler?

Goýunlar ýygnagyň çopanlaryna näme üçin gulak asmaly?

Näme üçin ýaşulularyň bikämilligini bahanalap, olaryň maslahatyny äsgermezçilik etmeli däl?

1, 2. Ýehowanyň özüni çopan bilen deňeşdirmegi näme üçin ýerlikli?

ÝEHOWA özüni çopan bilen deňeşdirýär (Ezek. 34:11—14). Şeýle meňzetme Ýehowanyň bizi söýýändigine düşünmäge kömek edýär. Aladaçyl çopan süriniň abadançylygy üçin doly jogapkärçiligi öz üstüne alýar. Ol sürini öri meýdanlarda otladýar we suwlaryň ýakasyna äkidýär (Zeb. 23:1, 2); olara gije-gündiz gözegçilik edýär (Luka 2:8); ýyrtyjy haýwanlardan goraýar (1 Şam. 17:34, 35); ýaňy doglan guzularyň aladasyny edýär (Iş. 40:11); ýiten goýunlaryny agtarýar we ýaralananlaryň ýarasyny daňýar (Ezek. 34:16).

2 Ýehowanyň gadymy halky çopançylyk we ekerançylyk bilen meşgullanypdyrlar. Şol sebäpli olar Ýehowa Hudaýyň özüni söýgüli çopan bilen deňeşdirmegine gowy düşünipdirler. Olar goýunlaryň aladasyny etmegiň we olara üns bermegiň wajypdygyny bilýärdiler. Göçme manyda aýdanyňda, adamlar hem şeýle kömege mätäç (Mar. 6:34). Ruhy taýdan aladasy edilmeýän we görkezme berilmeýän halk horluk çekýär. Olar «çopansyz goýunlar» ýaly alaçsyz bolýarlar we ahlak taýdan pese düşýärler (1 Pat. 22:17). Emma Ýehowa mähirlilik bilen halkyna gerekli kömegi berýär.

3. Biz şu makalada nämä serederis?

3 Şu günlerem Ýehowa aladaçyl çopan bilen deňeşdirilýär. Ol halkynyň aladasyny etmegini dowam edýär. Geliň, häzir Ýehowanyň öz goýunlaryna gözegçilik edişine we olaryň zerurlyklaryny kanagatlandyryşyna seredeliň. Şeýle-de Ýehowanyň söýgi bilen edýän aladasyna goýunlaryň nädip seslenmelidigi barada gürrüň edeliň.

GOWY ÇOPAN ÖZÜNE KÖMEKÇILERI BELLEÝÄR

4. Isa Ýehowanyň goýunlarynyň aladasyny nädip edýär?

4 Ýehowa Isany mesihçiler ýygnagynyň Başy edip belledi (Efes. 1:22, 23). «Gowy çopan» Isa Atasyna meňzeýär. Ol goýunlaryny söýýär we olaryň aladasyny edýär. Isa hatda «goýunlary üçin janyny pida etdi» (Ýahýa 10:11, 15). Mesihiň töleg gurbany adamzat üçin, gör, nähili uly sylag! (Mat. 20:28). Hawa, Ýehowa «Ogluna iman edýänleriň hiç biri heläk bolman, ebedi ýaşaýşa gowuşmagyny» isleýär! (Ýahýa 3:16).

5, 6. a) Isa goýunlarynyň aladasyny etmegi kimlere tabşyrdy we goýunlar olara nähili garamaly? b) Ýygnak ýaşulularyna gulak asmagyň iň wajyp sebäbi näme?

5 Goýunlar Isa Mesihi Gowy Çopan hökmünde kabul edýändigini nädip görkezýärler? Isa şeýle diýdi: «Meniň goýunlarym sesime gulak asýar, Men hem olary tanaýaryn, olar Meniň yzyma düşýärler» (Ýahýa 10:27). Gowy Çopanyň sesine gulak asmak üçin, ähli zatda onuň görkezmesine eýermeli. Munuň üçin onuň bellän ruhy çopanlary bilen hyzmatdaşlyk etmeli. Isa başlan işini dowam etmegi resullaryna we şägirtlerine tabşyrdy. Olar Isanyň guzularyny «otladýardylar» we olara «öwredýärdiler» (Mat. 28:20; Ýahýa 21:15—17-nji aýatlary okaň). Hoş habar ýaýradygyça we şägirtleriň sany köpeldigiçe, Isa ýygnaklara ruhy taýdan ýetişen mesihçileri çopan edip belleýärdi (Efes. 4:11, 12).

6 I asyrda Pawlus resul Efesosdaky ýygnagyň gözegçilerine şeýle diýdi: «Reb Hudaýyň... ýygnagyny bakmak üçin, Mukaddes Ruhuň sizi içinde gözegçi edip goýan tutuş sürüsine göz-gulak boluň» (Res. iş. 20:28). Şu günler hem ýygnagyň gözegçileri mukaddes ruh arkaly ýazylan Hudaýyň Sözündäki talaplar esasynda bellenilýär. Biz ýygnagyň gözegçilerine gulak assak, iň Beýik Çopanlar, ýagny Ýehowa bilen Isa hormat goýýandygymyzy görkezeris (Luka 10:16). Bu ýygnak ýaşulularyna höwes bilen gulak asmagyň esasy sebäbidir. Emma munuň paýhaslydygyny görkezýän başga-da sebäpler bar.

7. Ýaşulular Ýehowa bilen dostlugymyzy berkitmäge nädip kömek edýärler?

7 Ýygnak ýaşululary dogan-uýalary ruhlandyranda we olara maslahat berende, hemişe Mukaddes Ýazgylara esaslanýarlar. Emma şeýle ýagdaýda olar doganlaryň nädip ýaşamalydygy barada jikme-jik görkezme bermek islemeýärler (2 Kor. 1:24). Gaýtam, olar imandaşlarynyň Mukaddes Ýazgylardaky prinsiplere görä, özleriniň karara gelmegine kömek etmäge çalyşýarlar. Bu bolsa ýygnagyň agzybirligine we parahatlygyna ýardam edýär (1 Kor. 14:33, 40). Imandaşlarynyň «jany hakda hasabat berýän» ýaşulular ýygnagyň her bir agzasyna Ýehowa bilen dostlugyny berkitmäge kömek etmek üçin jan edýärler. Olar «günäniň toruna düşjek» bolýan ýa-da «düşen» dogana we uýa çaltlyk bilen kömege ýetişýärler (Gal. 6:1, 2; Ýahuda 22). Eýsem, bu «ýolbaşçylaryň sözüne gulak asmaga» degerli sebäp dälmi näme?! (Ýewreýler 13:17-ni okaň).

8. Ýaşulular Hudaýyň sürüsini nädip goraýarlar?

8 Ýygnagyň çopany Pawlus resul Kolosedäki mesihçilere şeýle ýazdy: «Ätiýajy elden bermäň! Mesih bilen däl-de, adam däpleri we dünýä ýörelgeleri boýunça dörän filosofiýa, boş aldaw bilen biri sizi ýesir edäýmesin!» (Kol. 2:8). Bu sözler ýaşululara gulak asmagyň ýene-de bir sebäbini görkezýär, çünki olar Ýazgylar esasynda maslahat berýärler. Olar doganlary Ýehowadan daşlaşdyryp biljek her bir adamdan goraýarlar. Petrus resul «durnuksyz janlary duzaklaýan» «ýalan pygamberlerden» we «ýalan mugallymlardan» ägä bolmagy maslahat berdi (2 Pet. 2:1, 14). Şu günler hem ýaşulular gerek wagtynda şeýle duýduryş bermeli. Ruhy taýdan ýetişen doganlaryň durmuş tejribesi bar. Galyberse-de, olar Mukaddes Ýazgylara gowy düşünip, ondaky hakykaty öwretmäge ukyply bolandan soň, bu jogapkärçiligi aldylar (1 Tim. 3:2). Olaryň ruhy taýdan ýetişenligi, paýhaslylygy we Mukaddes Ýazgylara esaslanan akyldarlygy sürä gözegçilik etmekde ukyply edýär.

GOWY ÇOPAN GOÝUNLARYNY IÝMITLENDIRÝÄR WE GORAÝAR

9. Şu günler Isa ýygnaga görkezmäni we ruhy iýmiti nädip berýär?

9 Ýehowa guramasy arkaly bütin dünýäde ýaşaýan dogan-uýalary bol ruhy iýmit bilen üpjün edýär. Biz Mukaddes Ýazgylara esaslanan maslahatlaryň köpüsini edebiýatlarymyzdan okaýarys. Şeýle-de käte gurama ýygnak ýaşulularyna gönümel hatlaryň ýa-da aýlanýan gözegçileriň üsti bilen görkezme berýär. Şeýlelikde, goýunlar açyk-aýdyň görkezme alýarlar.

10. Ýygnak ýaşulularynyň sürüden daşlaşan mesihçiler babatda nähili jogapkärçiligi bar?

10 Ýygnak ýaşululary goýunlary goramak we olaryň aladasyny etmek üçin jogapkärdirler. Esasan-da, olar agyr günä edenlere we imany gowşanlara aýratyn kömek etmeli (Ýakup 5:14, 15-nji aýatlary okaň). Mümkin, käbir mesihçiler sürüden daşlaşandyrlar we gulluk etmegini bes edendirler. Şeýle ýagdaýda ýaşuly ýiten goýny tapyp, onuň sürä, ýagny ýygnaga dolanmagy üçin elinde baryny etmeli dälmi? Elbetde, etmeli! Isa şeýle düşündirdi: «Bu körpelerden biriniň heläk bolmagy Gökdäki Ataňyzyň islegi däldir» (Mat. 18:12—14).

ÝYGNAK ÝAŞULULARYNYŇ KEMÇILIKLERINE NÄHILI GARAMALY?

11. Näme üçin käbir mesihçilere ýaşulularyň görkezmesine eýermek kyn bolmagy mümkin?

11 Ýehowa bilen Isa — kämil Çopanlar. Emma ýygnagyň aladasyny edýän ynsan çopanlary bikämildir. Şonuň üçin käbir mesihçilere ýaşulularyň görkezmesine eýermek kyn bolmagy mümkin. Belki, olar şeýle diýýändirler: «Olaram biziň ýaly bikämil adam. Biz näme üçin olaryň maslahatyny diňlemeli?» Dogrudan-da, ýaşulular bikämil. Emma biz olaryň kemçiliklerine we gowşaklyklaryna dogry garaýyşda bolmaly.

12, 13. a) Ýehowanyň bellän jogapkär adamlarynyň eden ýalňyşlyklary barada näme diýse bolýar? b) Näme üçin Mukaddes Ýazgylarda jogapkär adamlaryň goýberen ýalňyşlary ýazylan?

12 Mukaddes Ýazgylarda geçmişde Ýehowanyň halkyna ýolbaşçylyk eden adamlaryň goýberen ýalňyşlyklary açyk beýan edilýär. Meselem, Ysraýylyň mesh edilen patyşasy Dawut Hudaýa garşy günä edýär. Ol bir aýal bilen zyna edip, onuň ýanýoldaşyny öldürýär (2 Şam. 12:7—9). Şeýle-de Petrus resul barada oýlanyp göreliň. Oňa mesihçiler ýygnagynda uly jogapkärli işler ynanylsa-da, ol gödek ýalňyşlyklary goýberýär (Mat. 16:18, 19; Ýahýa 13:38; 18:27; Gal. 2:11—14). Adam ata we How eneden soň, Isadan başga kämil adam dünýä inmedi.

13 Ýehowa jogapkärçilik tabşyrylan adamlaryň eden ýalňyşlyklaryny näme üçin Mukaddes Ýazgylara ýazdyrdyka? Munuň bir sebäbi: Hudaý bikämil adamlar arkaly halkyna ýolbaşçylyk edip bilýär. Dogrudan-da, Ol hemişe şeýle hem edýärdi. Şol sebäpli biz jogapkär doganlaryň bikämilligini bahana edip, olara igenmeli däl ýa-da olaryň ýolbaşçylygyny äsgermezçilik etmeli däl. Ýehowa şeýle doganlara biziň hormat goýmagymyzy isleýär (Müsürden çykyş 16:2, 8-nji aýatlary okaň)a.

14, 15. Ýehowanyň gadymy halkyna görkezme berşinden nähili sapak edinýäris?

14 Jogapkär doganlara gulak asmak örän wajypdyr. Geliň, kyn ýagdaýa düşen halkyna Ýehowanyň nädip görkezme berendigi barada oýlanyp göreliň. Hudaý ysraýyllylary Müsürden alyp çykanda, olara Musa bilen Harun arkaly görkezme berdi. Ysraýyllylar onunjy jezadan halas bolmak üçin, goýnuň eti we gany babatda ýörite görkezme aldylar. Olar goýny öldürip, onuň ganyny öýleriniň gapylarynyň ikiýan söýesine hem-de üstki söýesine çalmalydylar. Olar şu görkezmäni gönümel gökden eşitmediler. Olar muny Musadan aýratyn görkezme alan ysraýyl ýaşulularyndan eşitdiler (Müs. çyk. 12:1—7, 21—23, 29). Şonda Ýehowa halkyna görkezme bermek üçin Musany we ýaşululary ulandy. Şu günler hem ýygnak ýaşululary şeýle borçlary ýerine ýetirýärler.

15 Siz Mukaddes Ýazgylardan Ýehowanyň adamlar ýa-da perişdeler arkaly halkyna görkezme berendigi babatda başga-da wakalary okap bilersiňiz. Şeýle görkezmeler olaryň janyny halas edip bilerdi. Habarçylar Hudaýyň adyndan gepleýärdiler we olar halka howply ýagdaýlarda näme etmelidigini aýdýardylar. Biz Ýehowanyň Armageddonda-da şeýle görkezme berjekdigine şübhelenmän bileris. Elbetde, Ýehowanyň ýa-da Onuň guramasynyň wekili bolup hyzmat edýän ýygnak ýaşulularynyň hiç biri-de berlen ygtyýarynyň çäginden çykmaly däl.

«BIR SÜRI, BIR ÇOPAN»

16. Biz haýsy «sese» gulak asmaly?

16 Ýehowanyň «sürüsine» «bir çopan» — Isa Mesih ýolbaşçylyk edýär (Ýahýa 10:16). Isa şägirtlerine: «Men dünýäniň soňuna çenli siziň bilen bolaryn» diýdi (Mat. 28:20). Gökdäki Patyşa Isa Şeýtanyň dünýäsi höküm edilýänçä, ýer ýüzünde bolýan ähli wakalara doly gözegçilik edýär. Biz Hudaýyň sürüsinde galmak we ondaky agzybirligi saklamak üçin, «yzymyzdan: „Ýol budur, şundan ýöräň“ diýen sese» gulak asmaly. Bu «sese» Ýehowanyň Mukaddes Ýazgylar arkaly berýän tälimi we Onuň hem Isanyň bellenen çopanlar arkaly aýdýan sözleri degişlidir (Işaýa 30:21;b Ylham 3:22-nji aýatlary okaň).

17, 18. a) Sürä nähili howp abanýar, ýöne biz nämä ynamly bolup bileris? b) Indiki makalada nämä serederis?

17 Mukaddes Ýazgylarda Şeýtanyň «arlaýjy arslan kimin aýlanyp, ýuwutjagyny agtaryp ýörendigi» barada aýdylýar (1 Pet. 5:8). Ol ýabany we aç ýyrtyjy haýwan ýaly sürä assyrynlyk bilen golaýlaşyp, ätiýaçsyz ýa-da sürüden daşlaşan goýunlara topulýar. Ine, şol sebäpli biz süriniň içinde galmaly we «janlarymyzyň Çopany hem Gözegçisi» Ýehowa ýakyn bolmaly (1 Pet. 2:25). Uly muşakgatda diri galjak adamlar babatda Ylham 7:17-de şeýle diýilýär: «Guzy (Isa) olary otarar, ýaşaýyş suwunyň çeşmelerine elter. Hudaý olaryň gözlerinden bütin ýaşlaryny süpürer». Gör, nähili ajaýyp wada!

18 Ýygnagyň jogapkär ýaşululary çopançylyk etmekde örän wajyp borjy ýerine ýetirýärler. Bu bellenen doganlaryň her biri özüne şeýle sorag berseler gowy bolar: «Men Isanyň goýunlarynyň aladasyny gowy edýändigime nädip ynamly bolup bilerin?» Muňa indiki makalada serederis.

[Çykgytlar]

a Müsürden çykyş 16:2 Çölde ähli ysraýyl halky Musa we Haruna igenmäge başladylar. 8 Musa ýene-de: «Reb size agşamyna iýmäge et, ertirine bolsa doýýançaňyz çörek berer. Sebäbi Reb siziň Oňa garşy edýän şikaýatlaryňyzy eşitdi. Biz kim? Siziň igençleriňiz bize däl-de, Rebbe garşydyr» diýdi.

b Işaýa 30:21 Saga, sola öwrüleniňizde, yzyňyzdan: «Ýol budur, şundan ýöräň» diýen sesi eşidersiňiz.

[21-nji sahypadaky surat]

[23-nji sahypadaky surat]

Çopanyň sürini goraýşy ýaly, ýaşulular hem özüne ynanylan goýunlary goraýarlar (8-nji abzasa serediň)

[25-nji sahypadaky surat]

Ýaşulular çagalaryny ýeke terbiýeleýän dogan-uýalara maşgalasyny ýaramaz täsirden goramaga kömek edýärler (17, 18-nji abzaslara serediň)

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş