Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • yc sap. 13 sah. 28—29
  • Timoteos adamlara kömek etmek isleýärdi

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Timoteos adamlara kömek etmek isleýärdi
  • Çagalaryňyza öwrediň
  • Meňzeş maglumat
  • Pawlus bilen Timoteos
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ýaşlar, Hudaýy şöhratlandyrýan maksatlary goýuň
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Üstünligiňi hemmeler görsün
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2009
  • Borjuňyzy ýürekden ýerine ýetiriň!
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2020
Başgalary
Çagalaryňyza öwrediň
yc sap. 13 sah. 28—29
Kiçijik Timoteosa ejesi Ewniki bilen mamasy Lois Ýehowa hakda öwredýär

13-NJI SAPAK

Timoteos adamlara kömek etmek isleýärdi

Timoteos ýaş bolsa-da, adamlara kömek etmekden şatlyk tapýardy. Ol adamlara kömek etmek üçin köp ýerlere gitdi. Şol sebäpli onuň durmuşy örän gyzykly geçýärdi. Sen ol barada bilesiň gelýärmi? ~

Timoteosyň ejesi bilen mamasy oňa Ýehowa barada öwredýärdi

Timoteos Listra atly şäherde ulalýar. Ol oglanjykka, onuň mamasy Lois bilen ejesi Ewniki oňa Ýehowa barada öwredýärler. Timoteos ulalanda adamlara Ýehowa barada bilmäge kömek edesi gelýärdi.

Timoteos ýaş oglanka, Pawlus oňa özi bilen başga ýerlere gidip wagyz etmegi teklip edýär. Timoteos oňa: «Bolýar!» diýip jogap berýär. Sebäbi ol adamlara höwes bilen kömek edesi gelýärdi.

Timoteos Pawlus bilen Gresiýanyň Selanik atly şäherine gidýär. Olar şol ýere barmak üçin uzak ýol ýöräp, soňra gämä münýärler. Olar şol ýere baranda, köp adamlara Ýehowa barada bilmäge kömek etdiler. Emma käbir adamlar gaharlanyp, olara ýamanlyk etjek boldular. Şol sebäpli Pawlus bilen Timoteos ol ýerden gidip, başga ýerlerde wagyz etdiler.

Timoteos Pawlus resul bilen gämide syýahat edýär

Timoteos şatlanyp, gyzykly ýaşaýardy

Birnäçe aý geçensoň, Pawlus Timoteosa ýene-de Selanige gidip, doganlarymyzyň hal-ýagdaýyny soraly diýýär. Bu howply şähere gitmek üçin olara batyrgaýlyk gerekdi! Timoteos doganlary hakda alada edýändigi üçin şol şähere gidýär. Ol Pawlusyň ýanyna dolanyp gelende, oňa Selanikdäki doganlaryň hal-ýagdaýynyň örän gowudygyny aýdýar!

Timoteos Pawlus bilen köp ýyllap işleşýär. Pawlus resul bir hatynda iň gowy ýoldaşy Timoteosy ýygnaklara kömek etmek üçin iberendigi barada ýazýar. Timoteos Ýehowany we adamlary söýýärdi.

Sen hem adamlary söýüp, olara Ýehowa barada bilmäge kömek edesiň gelýärmi? ~ Eger sen adamlara kömek etseň, Timoteos ýaly begenersiň we durmuşyň gyzykly bolar!

ŞU AÝATLARY OKAŇ

  • 2 Timoteos 1:5; 3:15

  • Resullaryň işleri 16:1—5; 17:1—10

  • 1 Selanikliler 3:2—7

  • Filipililer 2:19—22

SORAGLAR:

  • Timoteos nirede ulaldy?

  • Timotes näme üçin Pawlus bilen gitmek isleýärdi?

  • Timoteos Selanik şäherine näme üçin gidýär?

  • Sen hem Timoteos ýaly nädip begenip, gyzykly ýaşap bilersiň?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş