Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • w07 15/5 sah. 21—25
  • Näme üçin tizden ähli horluklar bolmaz?

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Näme üçin tizden ähli horluklar bolmaz?
  • Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
  • Sözbaşylar
  • Meňzeş maglumat
  • Soraga jogap bermek üçin nämeden başlamaly
  • Adamlaryň ünsüni Ýehowanyň häsiýetlerine çekiň
  • Ýehowanyň esasy häsiýetlerini gymmat saýýarys
  • Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?
    Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?
  • Kynçylyklar we erbetlikler näme üçin bolýar?
    Ebedi ýaşaň! Mukaddes Kitap boýunça söhbetdeşlik
  • Hudaý horluklara näme üçin ýol berýär?
    Ebedi ýaşaýşa eltýän bilim
  • Horluklara çydamagyň bize berýän peýdasy
    Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
Başgalary
Garawul diňi Ýehowa Hudaýyň Patyşalygyny yglan edýär — 2007
w07 15/5 sah. 21—25

Näme üçin tizden ähli horluklar bolmaz?

«Ol galadyr; Onuň işleri kämildir» (KANUNYŇ GAÝTALANYŞY 32:4).

1, 2. a) Siz näme üçin ebedi ýaşamagy umyt edýärsiňiz? b) Näme üçin köp adamlara ajaýyp gelejegi wada berýän Hudaýa ynanmak kyn?

SIZ Jenneti göz öňüne getirmegi gowy görýärmisiňiz? Mümkin, täsin ýer şaryny gözleg geçirmegi we ondaky dürli ençeme janly-jandarlary öwrenmegi arzuw edýänsiňiz. Ýa-da siz adamlar bilen ýer ýüzüni bejerip, ony gülleýän baga öwümäge gatnaşyp lezzet almagy oýlanýansyňyz. Megerem, siz şu günki başagaý dünýäde wagt tapmaýan işleriňiz, ýagny arhitektura, saz, sungat we şuňa meňzeş beýleki zatlarda zehiniňizi ösdürmek hakynda oýlanýansyňyz. Nähili bolsa-da, siz Mukaddes Ýazgylarda «soňsuz ýaşaýyş» diýilýän Ýehowanyň biziň üçin niýetlän ebedi ýaşaýşyna umyt edýänsiňiz (1 Timoteos 6:19).

2 Mukadddes Ýazgylardaky umyt barada adamlara wagyz etmegiň özi şatlykly we örän hormatly iş. Emma adamlaryň köpüsi bu umydy kabul etmeýärler. Sebäbi olar ynanjaň adamlar üçin bu boş hyýal we bolmajak zat diýýärler. Jennetde ebedi ýaşaýşy wada edýän Hudaýa ynanmak olara kyn. Näme üçin? Köplenç olar erbetligiň barlygy sebäpli ynanmaýarlar. Olar eger Hudaý gudraty güýçli we söýýän bolsa, onda näme üçin dünýäde erbetligiň we horluklaryň bolýandygyna düşünmeýärler. Olar erbetliklere ýol berýän Hudaýyň bolmagy mümkin däl diýýärler. Eger şeýle Hudaý bar bolsa, oňa gudraty güýçli we adamlaryň aladasyny edýär diýip bolmaýar. Käwagt şeýle pikiriň dogry ýaly bolup görünmegi-de mümkin. Şeýtan adamlaryň akyllaryny küteltmekde ökdedigini subut etdi (2 Korintoslylar 4:4).

3. Haýsy kyn soragyň jogabyny adamlara bilmäge kömek edýäris we näme üçin muňa diňe biz jogap berip bilýäris?

3 Şeýtandan we bu dünýäniň akyldarlygyndan aldanan adamlara diňe biz, Ýehowanyň Güwäçileri kömek edip bileris (1 Korintoslylar 1:20; 3:19). Biz köp adamlaryň Mukaddes Ýazgylaryň wadasyna näme üçin ynanmaýandygyna düşünýäris. Sebäbi olar Ýehowa barada bilmeýär. Olar Hudaýyň adyny we manysyny bilmeýän bolmaklary mümkin. Şeýle-de Hudaýyň häsiýetlerini we wadasyny hemişe ýerine ýetirýändigi barada asla bilmeýändirler. Biz bolsa bu barada bilýäris. Näme üçin Hudaý erbetlige we horluga ýol berýär, diýen kyn soragyň jogabyny «aň-düşünjeleri garaňkyran» adamlara bilmäge nähili kömek edip biljekdigimiz barada, biz käwagt oýlanmaly (Efesliler 4:18). Ilki bilen, şu soraga kanagatlandyryjy jogap bermek üçin nämeden başlamalydygyna seredeliň. Soňra bolsa Ýehowa erbetlik baradaky meseläni çözüp, häsiýetlerini nädip görkezendiginine serederis.

Soraga jogap bermek üçin nämeden başlamaly

4, 5. Hudaý näme üçin horluklara ýol berýär diýen soraga jogap bermezden öňürti näme etmeli? Düşündiriň.

4 Hudaý näme üçin horluklara ýol berýär diýip soranlarynda, biz nähili jogap berýäris? Biz derrew Erem bagynda bolan wakany jikme-jik gürrüň berip başlaýandyrys. Käbir ýagdaýda şeýle etmek dogry bolýar. Ýöne, ilki bilen, adamy gürrüňdeşlige taýýarlamaly (Süleýmanyň tymsallary 25:11; Koloseliler 4:6). Geliň, bu soragyň jogabyna seretmezden öňürti, Mukaddes Ýazgylardan üç sany maslahata seredeliň.

5 Birinjiden, eger adamy dünýäde giňden ýaýran erbetlik biynjalyk edýän bolsa, onda onuň özi ýa-da garyndaşlary erbetlikden horluk çeken bolmaly. Şol sebäpli, ilki bilen, ýürekden duýgudaşlyk bildirmek paýhasly bolar. Pawlus resul mesihçilere: «Aglaýanlar bilen aglaň» diýip maslahat berdi (Rimliler 12:15). Duýgudaşlyk bildirip ýa-da «dertdeş» bolsak, adamyň ýüregine täsir edip bolýar (1 Petrus 3:8). Eger adam aladasynyň edilýändigini duýsa, seniň aýdýan sözleriňi gowy diňlär.

6, 7. Ruhy taýdan kyn soraglary berýän akýürekli adamy näme üçin öwmeli?

6 Ikinjiden, şeýle soragy berendigi üçin biz akýürekli adamy öwüp bileris. Käbir adamlar şeýle soraglary berýänler iman etmeýär ýa-da Hudaýa hormat goýmaýar diýip hasaplaýar. Belki, olara ruhany şeýle diýendir. Emma şeýle sorag bermek iman etmeýänligi aňlatmaýar. Gadymy döwürde Hudaýyň wepaly gullukçylary hem şeýle soraglary berýärdi. Mysal üçin, mezmurçy Dawut: «Ýa Reb, näme üçin uzakda durýarsyň? Muşakgatly çaglarda näme üçin gizlenýärsiň?» diýdi (Zebur 10:1). Şeýle-de Habakkuk pygamber: «Men haçana çenli çagyraryn, sen eşitmersiň, zorluk barada gaty gygyraryn, sen bolsa halas etmersiň? Näme üçin zalymlygy görmäge we betbagtçylyga seretmäge ýol berýärsiň? Gözümiň öňünde talaňçylyk, zorluk, duşmançylyk döreýär we dawa turýar» diýip doga etdi (Habakkuk 1:2, 3).

7 Şu soraglary Hudaýa hormat goýan wepaly adamlar berýär. Munuň üçin Ýehowa olary ýazgardymy? Ýok. Ýehowa olaryň ak ýürekden beren soraglaryny Mukaddes Ýazgylara ýazdyrdy. Şu günler dünýädäki giňden ýaýran erbetligiň sebäbini bilmek isleýän ruhy taýdan aç adamlaryň soragyna, diňe Mukaddes Ýazgylar jogap berip biler. Ýadyňyzda bolsa, Isa Mesih «ruhy garyplar», ýagny özüniň ruhy zerurlygyna düşünýän adamlar barada gowy sözler aýtdy (Matta 5:3). Şeýle adamlara Isanyň beren wadasyna ynanyp, bagtly bolmaga kömek etmek, biziň üçin uly hormat!

8. Adamlary haýsy ýalan taglymatlar horluklaryň Hudaýdandygyna ynandyrýar we biz olara nädip kömek edip bileris?

8 Üçünjiden, biz adama dünýäde giňden ýaýran erbetligiň Hudaýdan däldigine düşünmäge kömek etmeli. Sebäbi köp adamlara bu dünýäniň üstünden Hudaý hökümdarlyk edýär, bize näme boljagyny ol öňünden kesgitleýär we adamlar nämedir bir sebäbe görä horluk çekip, betbagtçylyga uçraýar diýip öwredýärler. Bularyň ählisi ýalan taglymat. Şeýle taglymatlar Hudaýy masgaralap, dünýädäki ähli horluklarda Hudaýy günäkärleýär. Şonuň üçin biz ýalan taglymatlary Mukaddes Ýazgylar arkaly düzetmäge kömek etmeli (2 Timoteos 3:16). Bu zalym dünýäniň üstünden Ýehowa däl-de, Şeýtan Iblis höküm sürýär (1 Ýahýa 5:19). Ýehowa paýhasly mahluklaryň ykbalyny kesgitlemeýär; ol her bir adama erkinlik berip, ýagşyny hem ýamany, dogry hem nädogry zady saýlamaga mümkinçilik berýär (Kanunyň gaýtalanyşy 30:19). Ýehowa hiç haçan erbetlik etmeýär; ol erbetligi ýigrenýär we adalatsyzlyk sebäpli horluk çekýänleriň aladasyny edýär (Eýýup 34:10; Süleýmanyň tymsallary 6:16—19; 1 Petrus 5:7).

9. Ýehowa Hudaýyň horluklara näme üçin ýol berýändigini adamlara düşündirmäge «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» haýsy edebiýatlary kömek edýär?

9 Siz diňleýjini gürrüňdeşlige taýýarlanyňyzdan soň, ol Hudaýyň näme üçin köp wagtlap horluklara ýol berýär diýen soragyň jogabyny diňlemäge taýyn bolar. Bu babatda «sadyk hem akylly hyzmatkäriň» taýýarlan ençeme edebiýaty kömek eder (Matta 24:45—47). Mysal üçin, 2005—2006-njy ýylda geçirilen «Hudaýa gulak asmak» atly welaýat kongresinde «Tizden hiç kim horluk çekmez!» diýen kitapça çykaryldy. Eger bu kitapça siziň hem diliňizde çap edilen bolsa, onuň mazmuny bilen tanyşsaňyz gowy bolar. Şeýle-de 157 dilde çap edilen «Mukaddes Ýazgylar näme öwredýär?» diýen kitapda, bu wajyp soraga bir bap tutuşlygyna jogap berýär. Şu edebiýatlary ulanyň. Olarda Mukaddes Ýazgylaryň esasynda Erem bagynda Hudaýyň hökümdarlyk etmäge haklydygy barada meseläniň ýüze çykandygy we Ýehowanyň muňa näme üçin ýol berendigi hakynda aýdyň düşündirilýär. Şu tema barada gürrüň bereniňizde, adama wajyp bilim berýändigiňizi unutmaň. Bu Ýehowa we onuň ajaýyp häsiýetleri baradaky bilim.

Adamlaryň ünsüni Ýehowanyň häsiýetlerine çekiň

10. Näme üçin Hudaýyň horluklara ýol berýändigine köp adamlara düşünmek kyn we olara haýsy bilim kömek eder?

10 Ýehowanyň ynsanlara näme üçin Şeýtanyň täsiri astynda hökümdarlyk etmäge ýol berendigini adamlara düşündireniňizde, olaryň ünsüni Hudaýyň ajaýyp häsiýetlerine çekiň. Köp adamlar Hudaýyň ähli zady başarýandygyny bilýär we olar oňa «Gudraty Güýçli» diýýändiklerini eşidýärler. Emma olar adalatsyzlygy we horluklary ýok etmek üçin, Hudaý beýik güýjüni näme üçin ulanmaýandygyna düşünmeýärler. Sebäbi olar Ýehowanyň mukaddes, adalatly, akyldar we söýgi ýaly häsiýetleri barada bilmeýärler. Ýehowa bu häsiýetlerini kämil we sazlaşykly görkezýär. Mukaddes Ýazgylarda: «Onuň işleri kämildir» diýilýär (Kanunyň gaýtalanyşy 32:4). Şu mesele barada sorag berenlerinde, Hudaýyň şeýle häsiýetlerine üns berip, nädip jogap berip bileris? Geliň, bu barada birnäçe mysala seredeliň.

11, 12. a) Näme üçin Adam ata bilen How enäniň günäsini bagyşlap bolmaýardy? b) Ýehowa näme üçin hemişe günä edilmegine çydamaz?

11 Ýehowa Adam ata bilen How enäni bagyşlasa bolmadymy? Bu ýagdaýda bagyşlap bolmaýar. Sebäbi kämil Adam ata we How ene Hudaýyň hökümdarlygyny bilgeşleýin ret edip, Şeýtana gulak asdylar. Pitneçiler hiç hili toba etmediler. Käbir adamlar Ýehowa öz prinsiplerinden çykyp, näme üçin Adam ata bilen How enäniň günäsini we pitnesini bagyşlamady diýip soraýarlar. Bu soragyň jogaby Ýehowanyň esasy häsiýeti bolan mukaddeslik bilen bagly (Çykyş 28:36; 39:30).

12 Mukaddes Ýazgylarda ýüzlerçe gezek Ýehowanyň mukaddesligi nygtalyp geçilýär. Ýöne gynansak-da, bu zalym dünýäde käbir adamlar mukaddeslige düşünmeýär. Ýehowa päkdir we ähli günälerden daşda durýar (Işaýa 6:3; 59:2). Hudaý günäniň ýok edilmegi üçin çäre görýär. Ol günäniň hemişe bolmagyna çydamaz. Eger Ýehowa günä mydama çydasa, biziň gelejege umydymyz bolmazdy (Süleýmanyň tymsallary 14:12). Ýehowa bellän wagtynda ähli adamlary mukaddes eder. Sebäbi bu Mukaddes Hudaýyň islegidir.

13, 14. Ýehowa näme üçin Erem bagynda pitne turzanlary ýok etmedi?

13 Ýehowa Erem bagynda pitne turzanlary ýok edip, täzeden adamlary ýaradyp bilmedimi? Muny etmäge onuň güýji ýetýärdi; tizden erbetligi ýok etmek üçin ol güýjüni ulanar. Käbir adamlar: «Hudaý älem-jahanda diňe üç sany günäkär barka, näme üçin olary ýok etmedi? Günäniň ýaýramagynyň we dünýädäki ähli horluklaryň öňüni almady?» diýip soraýarlar. Ýehowa näme üçin şeýle etmedi. Kanunyň gaýtalanyşy 32:4-de: «Onuň ähli ýollary adyldyr» diýilýär. Ýehowanyň adyl duýgusy güýçli. «Reb haky söýýändir» (Zebur 37:28). Ýehowa haky söýýändigi sebäpli, Erem bagynda pitne turzanlary ýok etmedi. Näme üçin?

14 Şeýtan pitne turzup, Hudaýyň hökümdarlyk etmäge haklydygy baradaky meseläni orta atdy. Ýehowa adalatly bolany üçin, Şeýtanyň orta atan meselesini adalatly çözmelidi. Ýehowa ölüme mynasyp pitneçileri derrew ýok eden bolsa, mesele adalatly çözülmezdi. Ol pitneçileri ýok edip, güýçlüdigini subut ederdi, emma sorag onuň güýçlüliginde däldi. Galyberse-de, Ýehowa Adam ata bilen How enä öz niýeti barada aýdypdy. Olar köpelip, ýer ýüzüni doldurmalydy, ony tabyn etmelidi we ýer ýüzündäki ähli janly zada hökümdarlyk etmelidi (Barlyk 1:28). Eger Ýehowa Adam ata bilen How enäni ýok eden bolsa, onuň ynsan baradaky niýeti biderek bolardy. Şeýle bolmagyna Ýehowanyň adalatlylygy hiç haçan ýol bermez, onuň niýeti hemişe ýerine ýetýär (Işaýa 55:10, 11).

15, 16. Eremdäki mesele barada öz «çözgüdini» teklip edenlere biz nädip kömek edip bileris?

15 Pitne baradaky meseläni Älemde Ýehowadan başga biri paýhasly çözüp bilermidi? Käbir adamlar Erem bagynda bolan pitne babatda şeýle «çözgüdi» teklip eder. Şeýtmek bilen, olar bu meseläniň iň gowy «çözgüdi» diýip pikir etdigimi? Olar muny erbet niýet bilen etmeýär, ýöne olar Ýehowa we onuň beýik akyldarlygy barada bilmeýärler. Pawlus resul Hudaýyň akyldarlygy barada Rimdäki mesihçilere çuňňur pikirleri, şol sanda Ýehowanyň niýetiniň «mukaddes syry» barada ýazdy. Onuň bu niýeti bilen Mesihi Patyşalyk arkaly wepaly adamlary halas eder we Mukaddes adyny aklar. Şeýle niýetli Hudaýyň akyldarlygyna Pawlus resul nähili garaýardy? Ol hatynda şeýle sözler bilen netije çykarýar: «Ýalňyz akyldar Hudaýa Isa Mesih arkaly baky şöhrat bolsun! Omyn» (Rimliler 11:25; 16:25—27).

16 Pawlus resul Ýehowanyň älemde iň beýik «ýalňyz akyldardygyna» düşünýärdi. Hudaýyň akyldarlygynyň öňünde duran jedelli meseläni çözmek beýlede dursun, bikämil adamlaryň haýsysy islendik meseläni has gowy çözüp biler? Biz «akyldar ýürekli» Hudaýa hormat goýşumyz ýaly, adamlaryň hem Ýehowa şeýle hormat goýmagyna kömek etmeli (Eýýup 9:4). Ýehowanyň akyldarlygyna näçe gowy düşünsek, onuň meseläni gowy çözýändigine ynanyp bileris (Süleýmanyň tymsallary 3:5, 6).

Ýehowanyň esasy häsiýetlerini gymmat saýýarys

17. Ýehowanyň söýgüsine gowy düşünmeklik, Hudaýyň näme üçin horluklara ýol berýändigini bilmek isleýänlere nädip kömek edýär?

17 «Hudaý söýgüdir» (1 Ýahýa 4:8). Mukaddes Ýazgylarda bu ajaýyp sözler bilen Ýehowanyň esasy häsiýeti bolan söýgüsi görkezilýär. Söýgi Hudaýyň ähli häsiýetleriniň içinde özüne çekiji häsiýetdir. Ol dünýäde näme üçin erbetlikleriň giňden ýaýrandygyna düşünmek isleýänlere teselli berýär. Ýehowanyň söýgüsi onuň ähli işlerinde görünýär. Ol günäniň erbet täsirinden horluk çekýän adamlary halas eder. Ýehowa söýýändigi üçin Adam ata bilen How enäniň günäli nesline, oňa ýakynlaşmaga we dostlaşmaga umyt berýär. Şeýle-de söýgi Hudaýy adamlaryň günälerini geçmäge we kämillige ýetirip, ebedi ýaşamagy üçin töleg tölemäge höweslendirdi (Ýahýa 3:16). Ol söýýändigi üçin adamlara sabyr edýär we adamlaryň köpüsi Şeýtany ret edip, Ýehowany Beýik Hökümdar hasaplaýarlar (2 Petrus 3:9).

18. Nähili hakykaty bilmeklik bizi bagtly edýär we indiki makalada nämä serederis?

18 Elhenç terrorçylykdan bir ýyl geçensoň, bir ruhany ýygnanyşan jemagatyň öňünde: «Biz Hudaýyň näme üçin erbetlige we horluga ýol berýändigini bilmeýäris» diýdi. Bu nähili gynançly! Bu soragyň jogabyny bilýändigimiz üçin biz bagtly dälmi näme? (Kanunyň gaýtalanyşy 29:29). Ýehowa akyldar, adalatly we söýgüli Hudaýdygy sebäpli, onuň tizden ähli horluklary ýok etjekdigini bilýäris. Ol muny etmegi wada berýär (Ylham 21:3, 4). Asyrlaryň dowamynda ölen adamlar üçin nähili umyt bar? Ýehowa Erem bagyndaky meseläni çözüp, olary umytsyz goýdumy? Ýok. Hudaý söýýändigi üçin ölen adamlary direlder. Muňa indiki makalada serederis.

Siz nähili jogap berersiňiz?

• Adamlaryň Hudaý näme üçin horluklara ýol berýär diýen soragyna nähili jogap berip bileris?

• Erem bagynda Ýehowa jedelli meseläni çözende, mukaddesligini we adalatlylygyny nädip görkezdi?

• Biz näme üçin adamlara Ýehowanyň söýýändigine düşünmäge kömek etmeli?

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş