Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 82
  • Mordekaý we Ester

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Mordekaý we Ester
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Ester halkyny halas edýär
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
  • Ol paýhasly, mert we janaýamazdy
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Ol Hudaýyň halkyny halas etdi
    Olaryň imanyndan görelde alyň
  • Ester kitabynyň mazmuny
    Mukaddes Kitap
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 82

82-NJI HEKAÝA

Mordekaý we Ester

GEL, indi Ezranyň Iýerusalime syýahat etmezinden öň bolan wakalara seredeli. Mordekaý bilen Ester Pars patyşalygynda tanalýan ysraýyllydy. Ester patyşanyň aýaly boldy. Doganoglany Mordekaý bolsa patyşadan soň ikinji hökümdar bellendi. Gel, munuň nädip beýle bolanyny bileli.

Ester entek çagaka ata-enesi aradan çykýar, soňra ony Mordekaý terbiýeleýär. Ahaşweroş patyşanyň köşgi Şuşan şäherinde ýerleşýärdi. Mordekaý bolsa hyzmatkärleriniň biridi. Bir gezek Ahaşweroş patyşanyň aýaly Waşti diýenini etmeýär. Şonuň üçin patyşa özüne başga aýal saýlaýar. Kimi saýlaýanyny bilýäňmi? Ýaş hem-de owadan gyz Esteri saýlaýar.

Ulumsy adamy görýäňmi? Oňa hemmeler baş egýär. Onuň ady Haman. Ol Pars döwletinde belli adamdy. Haman Mordekaýyň hem baş egmegini isleýär. Mordekaýyň oňa baş egesi gelmeýär. Ol beýle erbet adama baş egmegi nädogry hasaplaýardy. Hamanyň oňa gaty gahary gelip, ine, nämeler edýär.

Haman Ahaşweroşa ysraýyllylary ýamanlap: «Olar erbet adamlar, seniň kanunlaryňa gulak asmaýarlar. Olary öldürmeli» diýýär. Ahaşweroş bolsa aýaly Esteriň ysraýyllydygyny bilmeýärdi. Şonuň üçin ol Hamany diňläp, ysraýyllylaryň ählisini öldürmek barada bir gün belläp, kanun çykarýar.

Mordekaý muny eşidip, gynanýar. Ol Estere: «Sen muny patyşa aýdyp, bizi halas etmegi haýyş etmeli» diýýär. Pars kanuny boýunça patyşanyň ýanyna çakylyksyz girmek bolanokdy. Ýöne Ester çakylyksyz girýär. Patyşa altyndan ýasalan hasasyny oňa tarap uzadýar. Bu Esteri öldürmeli däldigini aňladýar. Ester patyşany we Hamany nahara çagyrýar. Nahar wagty patyşa Esterden islegini soraýar. Şonda Ester olaryň ertesi gün hem nahara gelmegini haýyş edýär.

Ikinji gezek nahara gelende Ester Ahaşweroş patyşa: «Meni we halkymy öldürjek bolýarlar» diýýär. Patyşa muňa gaharlanyp: «Kim muny etjek bolýar?» diýýär.

Ester oňa: «Zalym duşmanyň ady Haman!» diýip jogap berýär.

Şonda patyşa gaty gaharlanyp, Hamany öldürmegi buýurýar. Soňra ol Mordekaýy patyşadan soň ikinji hökümdar belleýär. Ýöne ysraýyllylaryň öldürilmeli güni ýakynlaşýardy, şonuň üçin Mordekaý ysraýyllylary goraýan täze kanun çykardýar. Mordekaý belli adamdy, şol sebäpli köp adamlar ysraýyllylara kömek edýär we olar duşmanlaryndan halas bolýar.

Mukaddes Ýazgylaryň Ester kitaby.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş