81-NJI HEKAÝA
Hudaýyň kömegine bil bagladylar
MÜŇLERÇE adam Babyldan Iýerusalime çenli uzak ýol geçýär. Olar Iýerusalime gelende, onuň harabaçylyga öwrülenini görýärler. Bu ýerde hiç kim ýaşanokdy. Ähli zady täzeden gurmalydy.
Ilki bilen, olar gurbanlyk edilýän ýer gurýar. Bu ýerde ýörite Ýehowa sowgat hökmünde haýwanlary gurban edýärler. Birnäçe aýdan ysraýyllylar ybadathana gurmaga başlaýar. Ýöne töwereginde ýaşaýan duşmanlary ysraýyllylaryň ybadathana gurmagyny islemeýär. Şonuň üçin olar ysraýyllylary gorkuzjak bolýar. Ahyrsoňy, olar Pars döwletiniň täze patyşasynyň kömegi bilen gurluşygy duruzýarlar.
Aradan köp ýyllar geçýär. Ysraýyllylaryň Babyldan gelenine 17 ýyl boldy. Ýehowa Haggaý we Zakarýa pygamberleri arkaly halka gurluşygy dowam etmegi aýdýar. Halk pygamberlere gulak asyp, Hudaýyň kömegine bil baglaýar. Kanuna garşy bolsa-da, gurluşyk dowam edýär.
Şonda Tattenaý atly Pars ýolbaşçysy gelip, ysraýyllylardan ybadathana gurmaga kimiň rugsat berendigini soraýar. Ysraýyllylar Babyldakalar Kir patyşanyň: «Iýerusalime haýal etmän gidiň-de, Hudaýyňyz Ýehowa ybadathana guruň» diýendigini aýdýarlar.
Ýöne Kir aradan çykypdy. Şonuň üçin Tattenaý Kiriň beren rugsady hakda bilmek üçin Babyla hat iberýär. Basym ol Parsyň täze patyşasyndan jogap alýar. Ol hatynda Kir patyşanyň, dogrudan-da, rugsat berendigini aýdýar. Şeýle-de: «Ysraýyllylar öz Hudaýyna ybadathana gursunlar. Siziň bolsa olara kömek etmegiňizi buýurýaryn» diýýär. Ysraýyllylar dört ýylyň içinde ybadathanany gurup gutarýarlar. Olar muňa begenýär.
Ybadathananyň gurlanyna 48 ýyl bolupdy. Iýerusalimde halk garyp ýaşaýardy, şäherdir ybadathananyň görnüşi bolsa gowy däldi. Şol wagt Babylda Ezra atly ysraýylly, Hudaýyň ybadathanasynyň ýagdaýynyň gowy däldigini eşidýär. Soňra onuň näme edýänini bilýäňmi?
Ezra Pars patyşasy Artahşaştanyň ýanyna barýar. Artahşaşta gowy patyşady. Ol Ezra Iýerusalime äkider ýaly köp sowgat berýär. Ezra şol sowgatlary Iýerusalime äkitmäge Babyldaky ysraýyllylardan kömek soraýar. Şonda alty müňe golaý ysraýyllylar kümüşdir gyzyly we beýleki gymmatbaha zatlary Iýerusalime äkidýärler.
Ýolda erbet adamlar köp bolany üçin Ezra alada edýär. Sebäbi olaryň gyzyldyr kümüşlerini alyp, özlerini bolsa öldürmekleri mümkindi. Suratda görşümiz ýaly, ol ähli halky ýygnaýar. Ýehowa doga edip, Iýerusalime barýan uzak ýolda goramagy haýyş edýär.
Ýolda Ýehowa olary goraýar. Dört aýdan olar Iýerusalime sag-aman baryp ýetýärler. Bu wakadan Ýehowanyň bil baglaýan adamlary goraýandygyny görýäňmi?
Ezra kitabynyň 2—8-nji baplary.