Garawul diňiniň ONLAÝN KITAPHANASY
Garawul diňiniň
ONLAÝN KITAPHANASY
türkmen
Ä
  • Ç
  • ç
  • Ä
  • ä
  • Ž
  • ž
  • Ň
  • ň
  • Ö
  • ö
  • Ş
  • ş
  • Ü
  • ü
  • Ý
  • ý
  • MUKADDES KITAP
  • EDEBIÝATLAR
  • DUŞUŞYKLAR
  • my hek. 80
  • Hudaýyň halky Babyldan çykýar

Şuňa degişli wideo ýok.

Bagyşlaň, wideo ýüklenende näsazlyk ýüze çykdy.

  • Hudaýyň halky Babyldan çykýar
  • Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Meňzeş maglumat
  • Hudaýyň kömegine bil bagladylar
    Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
  • Diwara ýazylan hat
    Mukaddes Kitapdan sapaklarym
Mukaddes Ýazgylardan hekaýalar
my hek. 80

80-NJI HEKAÝA

Hudaýyň halky Babyldan çykýar

MIDIÝALYLAR bilen parslar Babyly basyp alanyndan bäri, iki ýyla golaý wagt geçdi. Indi bolýan zatlara seret! Hawa, ysraýyllylar Babyldan çykyp barýarlar. Azatlyga çykmak olara nädip başartdy? Kim olara rugsat berdikä?

Pars patyşasy Kir rugsat berdi. Heniz Kir dogulmanka, ol barada: «Sen meniň islegimi ýerine ýetirersiň. Sen şäheri basyp alarsyň. Onuň derwezeleri açyk galar» diýip, Ýehowa Işaýa pygambere ýazdyrýar. Aýdyşy ýaly hem boldy. Kiriň baştutanlygynda Babyl basylyp alyndy. Gije derweze açyk galany sebäpli, midiýalylar we parslar şähere girýär.

Mundan başga-da, Ýehowanyň pygamberi Işaýa Iýerusalimi we onuň ybadathanasyny dikeltmäge Kiriň buýruk berjegini aýdýar. Kir şeýle buýruk berdimikä? Hawa, berdi. Kir ysraýyllylara: «Häziriň özünde Iýerusalime gidip, Ýehowa Hudaýyňyza ybadathana guruň» diýýär. Şonuň üçin ysraýyllylar ýola düşýär.

Emma Babylda ýaşaýan ysraýyllylaryň hemmesi Iýerusalime eltýän uzak ýoly geçip bilmeýär. Ýoluň uzaklygy 800 kilometre golaýdy, ysraýyllylaryň köpüsi bolsa garrydy ýa-da keseldi. Käbir ysraýyllylar bolsa, başga sebäp bilen galýarlar. Olara Kir: «Iýerusalimi we onuň ybadathanasyny dikeltmäge barýan adamlara kümüş, altyn we başga sowgatlary beriň» diýip buýurýar.

Şeýdip, Iýerusalime dolanan ysraýyllylar köp sowgatly gaýdýarlar. Şeýle-de Kir patyşa hem olara Nebukadnezaryň Iýerusalimdäki ybadathanadan alan käselerini we gaplaryny berýär. Halk ýany bilen köp zady alyp gidýär.

Ysraýyllylar ýoly dört aýda geçip, Iýerusalime aýdylan wagtynda dolanýarlar. Şäheriň ýykylyp, ýurduň adamsyz galanyna 70 ýyl bolupdy. Ýöne indiki bapdan, ysraýyllylar ýurduna dolansa-da, köp kynçylyk çekendigini bileris.

Işaýa 44:28; 45:1—4; Ezra 1:1—11.

Öwrenmek üçin soraglar

    Türkmençe edebiýatlar (1997—2026)
    Çykmak
    Girmek
    • türkmen
    • Paýlaş
    • Sazlamalar
    • Copyright © 2025 Watch Tower Bible and Tract Society of Pennsylvania
    • Şertler we düzgünler
    • Gizlinlik syýasaty
    • Gizlinlik sazlamalary
    • JW.ORG
    • Girmek
    Paýlaş