5-NJI BÖLÜM
Babyl ýesirliginden, tä Iýerusalimiň diwary dikeldilýänçä
Babyl ýesirliginde ysraýyllylaryň imany birnäçe gezek barlandy. Şadragy, Meşagy we Abednegony gyzgyn peje okladylar, ýöne Hudaý olary sag-aman çykardy. Birnäçe wagtdan midiýalylar we parslar Babyly basyp alýarlar. Olar Daniýeli ýolbarsly çukura zyňýarlar, ýöne bu sapar hem Hudaý ony halas edýär.
Ahyry ysraýyllylary Pars patyşasy Kir azat edýär. 70 ýyldan olar ýurduna dolandylar. Iýerusalime gaýdyp gelende, ilki bilen, olar Ýehowanyň ybadathanasyny dikeldip başladylar. Emma tizden duşmanlar gurluşyga päsgel berdiler. Şonuň üçin olar Iýerusalime dolanyp, ybadhanany gurýançalar 22 ýyl geçdi.
Soňra Ezranyň ybadathanany bezemek üçin Iýerusalime gidişi barada okarys. Bu waka ybadathana gurlup, takmynan 47 ýyl geçensoň bolýar. On üç ýyl geçenden soň, Nehemýa Iýerusalimiň diwaryny dikeltmäge kömek edýär. Umuman, BÄŞINJI bölüm taryhyň 152 ýylyny öz içine alýar.