77-NJI HEKAÝA
Olar dyza çökmediler
BU ÜÇ ýigit ýadyňdamy? Hawa, olar Daniýeliň dostlary. Olar patyşanyň saçagyndan iýmändi. Babyllylar olara Şadrak, Meşak we Abednego diýen ady dakypdy. Indi, olara seret. Hemme adamlar uly heýkeliň öňünde dyza çökseler-de, olar näme üçin dyza çökmeýärkä? Gel, bileli.
Ýehowanyň beren On tabşyrygy ýadyňdamy? Birinji kanun: «Sen menden başga hiç bir taňra sežde etmeli dälsiň» diýýär. Bu kanuny ýerine ýetirmek ýigitlere kyn bolsa-da, şu wagt olar şony berjaý edýärler.
Babyl patyşasy Nebukadnezar guran heýkeline tagzym etdirmek üçin abraýly adamlary ýygnady. Ol ýaňyja halka: «Surnaýlaryň, arfalaryň we başga saz gurallaryň sesini eşideniňizde, dyza çöküp, altyn heýkele sežde ediň. Eger-de kim sežde etmese, gyzdyrylan peje oklanar» diýdi.
Şadragyň, Meşagyň we Abednegonyň dyza çökmändigini bilip, Nebukadnezaryň gaty gahary geldi. Ol ýigitleri getirdip, ýene-de dyza çökdürjek bolýar. Emma ýigitler Ýehowa bil baglaýar. Olar Nebukadnezara: «Biziň gulluk edýän Hudaýymyzyň halas etmäge güýji ýetýär. Eger halas etmese-de, biz seniň altyn heýkeliň öňünde dyza çökmeris» diýýärler.
Muny eşidip Nebukadnezar, öňküden-de beter gaharlandy. Golaýda peç ýanyp durdy. Ol: «Peji ýedi esse gaty gyzdyryň!» diýip buýurýar. Soňra goşundaky iň güýçli adamlara Şadragy, Meşagy we Abednegony daňyp, peje oklamagy buýurýar. Peç şeýle gyzgyndy welin, onuň gyzgyny şol güýçli adamlary öldürýär. Ýöne üç ýigide näme bolduka?
Patyşa pejiň içine seredip: «Biz gyzgyn peje üç adamy daňyp oklamadykmy näme?» diýip, gorkup soraýar.
Hyzmatkärler oňa: «Hawa, üç adamy oklapdyk» diýip, jogap berýärler.
Patyşa haýran galyp: «Ýöne men oduň içinde dört adamy görýän. Olar daňylgy däl, özlerem ýananok. Dördünjisi bolsa hudaýa meňzeş» diýýär. Patyşa pejiň agzyna baryp: «Gudraty güýçli Hudaýyň gullukçylary Şadrak, Meşak, Abednego, pejiň içinden çykyň!» diýip gygyrýar.
Peçden çykanda, hemme adamlar olaryň ýanmandygyny görýär. Şonda patyşa: «Şadrak, Meşak we Abednegonyň Hudaýyna şöhrat! Olaryň Hudaýy perişdesini iberip halas etdi, sebäbi olar öz Hudaýyndan başga hiç bir taňra sežde etmediler» diýýär.
Biz hem olardan görelde alyp, Hudaýa wepaly bolmaly dälmi näme?